Bap 20
«Duşmanyňyza garşy urşa çykanyňyzda we olaryň atlarynyň, söweş arabalarynyň we goşunynyň özüňiziňkiden agdykdygyny göreniňizde, siz olardan gorkmaň. Çünki sizi Müsürden çykaryp getiren Hudaýyňyz Reb siziň bilendir.
2 Urşa girişmeziňizden öň, ruhany gelip, esgerleriň öňünde söz sözlesin.
3 Ruhany olara: „Eý, ysraýyl halky, gulak goý! Bu gün siz duşmanlaryňyza garşy söweşe girýärsiňiz. Olardan gorkup, ýüregiňiz ýarylmasyn, aljyrap, dowla düşmäň.
4 Çünki duşmanlaryňyzyň garşysyna söweşip, siziň ýeňiş gazanmagyňyz üçin, Hudaýyňyz Reb urşa siziň bilen bile gider“ diýsin.
5 Soňra baştutanlar esgerlere ýüzlenip, şeýle diýsinler: „Kim täze jaý gurup, heniz onda ýaşamadyk bolsa, ol adam yzyna – öýüne gaýtsyn, ýogsam ol uruşda wepat bolaýsa, onuň öýünde başga biri ýaşar.
6 Araňyzda üzüm bagyny oturdyp, entek onuň miwesinden datmadyk adam bar bolsa, goý, ol öýüne gaýtsyn, ýogsam ol uruşda wepat bolaýsa, üzümiň ilkinji miwesini başga biri iýip hezil eder.
7 Araňyzda boý gyza adaglanyp, entek oňa öýlenmedik bar bolsa, goý, ol hem öýüne gaýtsyn, ýogsam ol uruşda wepat bolaýsa, ol gyza başga biriniň öýlenmegi mümkin“.
8 Baştutanlar sözlerini dowam etdirip: „Araňyzda gorkýanyňyz ýa-da towşan ýürekliňiz bar bolsa, goý, ol hem öýüne gaýtsyn, ýogsam ol ýoldaşlaryny-da özi ýaly towşan ýürek eder“ diýsinler.
9 Baştutanlar goşunyň öňünde söz sözläp bolanlaryndan soň, olara serkerdeler bellesinler.
10 Duşmanyňyza garşy söweşmek üçin, gala ýakyn geleniňizde, olara parahatçylygy teklip ediň.
11 Eger olar parahatçylygy kabul edip, size boýun bolsalar, onda ol ýerdäki ähli halk size mejbury hyzmat etsin.
12 Eger olar parahatçylykdan ýüz öwrüp, size garşy uruş yglan etseler, siz ol galanyň daşyny gabaň.
13 Hudaýyňyz Reb ony siziň eliňize berende, siz olaryň ähli erkeklerini gylyçdan geçiriň.
14 Aýallaryny, çagalaryny, mal-garalaryny, galada bar bolan ähli zady özüňize olja edip alyň. Hudaýyňyz Rebbiň duşmanyňyzdan alyp beren oljasyny hözirini görüň.
15 Bu ýerdäki halklara degişli bolmadyk, sizden has uzakda ýerleşýän galalaryň hem hemmesini şeýle ediň.
16 Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berjek bu halklaryň galalarynda bolsa ýekeje-de janly-jandar diri galmaly däldir.
17 Hudaýyňyz Rebbiň size buýruşy ýaly hetleri, amorlary, kenganlary, perizleri, hiwileri we ýabuslary bütinleý ýok edip taşlamalysyňyz.
18 Şonda olar öz hudaýlaryna gulluk etmekdäki nejis işleriniň hiç birini size öwredip bilmezler we siz Hudaýyňyz Rebbe garşy günä etmersiňiz.
19 Siz uzak wagtlap galanyň daşyny gabap, ony basyp almak üçin urşanyňyzda, ol ýeriň agaçlaryny çapyp ýok etmäň. Çünki meýdandaky agaçlar duşman hasaplanyp, gabawa salynýan däldir. Siz olaryň miwesinden iýersiňiz.
20 Siz diňe miwe getirmeýän agaçlary ýok edip bilersiňiz. Olary çapyp, özüňize garşy uruşýan halkyň galasy ýykylýança, şol galanyň garşysyna hüjüm etmekde ulanyň».