Bap 4
Ähli halk Iordan derýasyndan geçip bolandan soň, Reb Ýeşuwa:
2 «Halkyň arasyndan on iki sany adam, ýagny her tireden bir adam saýla.
3 Olara Iordan derýasynyň ortasyndan, edil ruhanylaryň aýagynyň duran ýerinden on iki sany daşy getirmegi buýur. Olar şol daşlary siziň gije düşlejek düşelgäňize getirip goýsunlar» diýdi.
4 Soňra Ýeşuwa her tireden saýlanan on iki adamy çagyrdy.
5 Ýeşuwa olara şeýle diýdi: «Öz Hudaýyňyz Rebbiň Äht sandygynyň öňünden ýöräp, Iordan derýasynyň ortasyna tarap gidiň. Ysraýyl halkynyň tire sanyna görä, her biriňiz egniňize bir daşy göterip getiriň.
6 Bu daşlar siziň üçin ýadygärlik bolsun. Geljekde çagalaryňyz sizden bu daşlaryň nämäni aňladýandygyny soranlarynda, bular size subutnama bolar.
7 Ysraýyllar üçin Rebbiň Äht sandygynyň öňünde Iordan derýasynyň suwunyň kesilendigini, Äht sandygy göterilip getirilende, suwlaryň yza çekilendigini olara gürrüň beriň. Şeýlelikde, bu daşlar ysraýyllar üçin asyrlar boýy subutnama bolar».
8 Ysraýyllar Ýeşuwanyň tabşyryşy ýaly etdiler. Olar Rebbiň Ýeşuwa buýruşy ýaly, Ysraýylyň her tiresi üçin bir daşy – on iki sany daşy Iordan derýasynyň ortasyndan düşelgä getirip, olary şol ýerde goýdular.
9 Ýeşuwa hem başga on iki sany daşy Iordan derýasynyň ortasynda, Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylaryň duran ýerinde goýdy. (Ol daşlar biziň günlerimizde hem şol ýerde dur).
10 Ysraýyllara berjaý etmeli diýip, Rebbiň Ýeşuwa beren hemme buýrugy ýerine ýetýänçä, Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar Iordan derýasynyň ortasynda durdular. Bu Musanyň Ýeşuwa diýşi ýaly boldy. Ysraýyllar derýadan çaltlyk bilen geçdiler.
11 Olaryň hemmesi geçip bolandan soňra, Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar geçdiler we olar halka baş bolup, adamlaryň öňünden ýörediler.
12 Rubenler, gatlar we manaşe ýarym tiresi Musanyň aýdyşy ýaly, ýaraglanyp ysraýyllaryň öňünden geçdiler.
13 Güýçli urşujylaryň kyrk müňe golaýy Rebbiň huzurynda söweşe taýýar bolup, Ýeriho düzlügine geldiler.
14 Şol gün Reb ähli ysraýyllaryň gözüniň alnynda Ýeşuwany sylanýan beýik adam etdi. Olar Musadan gorkuşlary ýaly, ömrüniň bütin dowamynda Ýeşuwadan hem gorkdular.
15 Reb Ýeşuwa: «Äht sandygyny göterýän ruhanylara: „Iordandan çykyň“ diýip buýruk ber» diýdi.
16
17 Ýeşuwa hem buýrugy ýerine ýetirdi.
18 Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar suwdan çykyp, aýaklary gury ýere degen badyna, Iordanyň suwy ýene-de öz hanasyna öwrülip, öňküsi ýaly dolup-daşyp akyp başlady.
19 Ysraýyllar Iordandan birinji aýyň onunjy güni çykdylar we Ýeriho galasynyň gündogar tarapyndaky Gilgalda düşlediler.
20 Ýeşuwa olaryň Iordandan alan on iki sany daşyny Gilgalda goýdurdy.
21 Ol ysraýyllara şeýle diýdi: «Geljekde siziň nesilleriňiz öz atalaryndan bu daşlaryň nämäni aňladýandygyny soranlarynda,
22 siz olara ysraýyl halkynyň Iordan derýasynyň içinden gury ýer bilen geçendigini düşündiriň.
23 Çünki Gyzyl deňzinden geçenimizde, Hudaýyňyz Rebbiň biziň üçin onuň suwuny guradyşy ýaly, siz geçýänçäňiz Iordanyň suwuny-da guradandygyny olara aýdyň.
24 Ol muny ýer ýüzündäki ähli halklar Rebbiň beýik gudratyny bilsin diýip we Hudaýyňyz Rebden siz hemişelik gorkarsyňyz diýip etdi».