Mattanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28


Bap 18

Şol wagt şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Gögüň Patyşalygynda iň uly kim?» diýdiler.
2 Isa-da bir çagany çagyryp, ony olaryň ortasynda duruzdy-da, şeýle diýdi:
3 Size dogrusyny aýdýaryn, toba edip, çagalar ýaly bolmasaňyz, Gögüň Patyşalygyna asla girip bilmersiňiz.
4 Kim özüni şu çaga ýaly pes göwünli tutýan bolsa, Gögüň Patyşalygynda iň uly şoldur.
5 Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir.
6 Kim-de Maňa iman eden bu çagalardan biriniň günä etmegine sebäp bolsa, boýnundan uly degirmen daşy asylyp, deňziň düýbünde gark bolmak onuň üçin has gowy bolar.
7 Ynsanlaryň günä etmegine sebäp bolan zatlardan ötri, waý, bu dünýäniň gününe! Beýle zatlaryň gelmegi zerurdyr, ýöne bularyň gelmegine sebäp bolýan adamyň gününe waý!
8 Eliň ýa aýagyň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kes-de, özüňden taşla. Saňa çolak ýa agsak bolup ýaşaýşa girmek, iki elli ýa iki aýakly bolup, ebedi oda zyňylmakdan gowudyr.
9 Gözüň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup çykar-da taşla. Saňa ýeke gözli bolup ýaşaýşa girmek, iki gözli bolup dowzah oduna zyňylmakdan gowudyr.
10 Bu körpelerden birini äsgermezlik etmekden gaça duruň, çünki size aýdýaryn, bularyň Gökdäki perişdeleri Meniň Gökde bolan Atamyň elmydam ýüzüni görýärler.
11 Ynsan Ogly ýitirim bolanlary halas etmäge gelendir».
12 Siz näme diýýärsiňiz? Bir adamyň ýüz goýny bolup, olaryň biri azaşsa, ol togsan dokuzyny daglarda galdyryp, azaşanyň gözlegine çykmazmy?
13 Ony tapyp biläýse, size dogrusyny aýdýaryn, ol munuň üçin azaşmadyk togsan dokuzysyna begenenden hem gaty begener.
14 Şeýlelikde, bu körpelerden biriniň heläk bolmagy Gökdäki Ataňyzyň islegi däldir».
15 Doganyň saňa garşy günä etse, bar-da, ikiçäk gürleşip, aýbyny oňa aýt. Seniň sözüňe gulak assa, bu doganyňy gazandygyňdyr.
16 Sözüňe gulak asmasa, her söz iki ýa üç şaýadyň agzyndan tassyklanar ýaly, bir ýa iki adamy ýanyňa al.
17 Olara-da gulak asmak islemese, onda ýygnaga aýt. Oňa-da gulak asmak islemese, goý, ol seniň üçin bir butparaz ýa-da salgytçy bolsun.
18 Size dogrusyny aýdýaryn, ýer ýüzünde daňan zadyňyz Gökde-de daňylgy bolar. Ýer ýüzünde çözen zadyňyz Gökde-de çözülgi bolar.
19 Ýene size aýdýaryn, eger sizden iki adam dilejek her bir zady hakda özara ylalaşsa, Gökdäki Atam dilegleri bitirer.
20 Çünki iki ýa üç adam Meniň adymdan haýsy ýerde üýşüşse, Men-de şol ýerde, olaryň arasynda bolaryn».
21 Onsoň Petrus gelip, Isa şeýle diýdi: «Ýa Reb, doganym maňa garşy näçe gezek günä etse, men ony bagyşlaýyn? Ýedi gezekmi?»
22 Isa oňa şeýle jogap berdi: «Men saňa ýedi gezek däl, ýetmiş ýola ýedi gezek diýýärin.
23 Şonuň üçin Gögüň Patyşalygy öz hyzmatkärleri bilen haklaşmak islän bir patyşa meňzeýär.
24 Ol hasaplaşmaga duranda, oňa on müň talant borçly birini ýanyna getirýärler.
25 Ol bergisini töläp bilmäninde, agasy onuň özüniň, aýalynyň, oglan-uşagynyň we bütin mallarynyň satylyp, bergisiniň berilmegini buýurýar.
26 Hyzmatkär ýüzin ýykylyp, oňa ýalbaryp: „Eý agam, sabyr et! Baryny töläýin" diýýär.
27 Agasynyň rehimi inip, ol hyzmatkäri boşadýar, algysyny geçýär.
28 Ýaňky hyzmatkär daşaryk çykanda, özüne ýüz dinar borçly bolan bir ýoldaşyna sataşýar. Ony tutup: „Bergiňi ber" diýip, bokurdagyndan tutýar.
29 Ýoldaşy onuň aýagyna ýykylyp: „Sabyr et, bergimi bereýin" diýip oňa ýalbarýar.
30 Ol etmeýär, gaýtam, bergisini berýänçä, ony zyndana saldyrýar.
31 Ýaňky adamyň ýoldaşlary bu wakany görüp, gaty gynanýarlar, bolan ähli zady baryp, agalaryna habar berýärler.
32 Onsoň agasy ony çagyryp diýýär: „Eý, erbet hyzmatkär! Maňa ýalbaranyň üçin men şol algynyň baryny geçdim.
33 Meniň saňa rehim edişim ýaly, sen hem ýoldaşyňa rehim etmeli dälmidiň?"
34 Agasy gazaplanyp, bergisini berýänçä, ony gynaýanlaryň eline berýär.
35 Siziň hem her biriňiz öz doganynyň ýazyklaryny ýürekden bagyşlamasa, Meniň Gökdäki Atam hem sizi şeýle eder».