Lewiler kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27


Bap 15

Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi:
2 «Ysraýyl halkyna şeýle diý: „Bir erkegiň jyns agzalaryndan suwuklyk akýan bolsa, onda ol adam haramdyr.
3 Suwuklyk akmasy bar adamyň haramlygy şundan ybaratdyr. Onuň erkeklik agzasyndan suwuklygyň akmagy dowam edýänem bolsa, etmeýänem bolsa, ol haramdyr.
4 Onuň ýatýan ýorgan-düşegi, üstünde oturýan islendik zady harapdyr.
5 Onuň ýorgan-düşegine galtaşan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.
6 Suwuklyk akmasy bolan adamyň oturan ýerinde oturan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.
7 Suwuklyk akmasy bar adamyň bedenine galtaşan her kes geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.
8 Eger suwuklyk akmasy bar adam tämiz adamlaryň üstüne tüýkürse, olar geýimlerini ýuwsunlar, suwa düşünsinler. Olar agşama çenli haramdyrlar.
9 Suwuklyk akmasy bar adamyň münen islendik eýeri-de harapdyr.
10 Suwuklyk akmasy bar adamyň oturan islendik zadyna galtaşan adam agşama çenli haramdyr. Haram adamyň oturan islendik zadyny göteren geýimlerini ýuwsun, suwa düşsün. Ol agşama çenli haramdyr.
11 Suwuklyk akmasy bar adam elini ýuwman birine galtaşsa, ol adam geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.
12 Suwuklyk akmasy bar adamyň ellän islendik toýun gaby döwülsin, agaçdan edilen gap bolsa, ol ýuwulsyn.
13 Suwuklyk akmasy bar adam keselden gutulansoň, tämizlenmek üçin ýedi güni sanap geçirsin. Ol geýimlerini ýuwup, akar suwa düşsün. Şondan soň ol tämiz bolar.
14 Sekizlenji gün ol iki sany gumryny ýa-da iki kepderini Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirip, olary ruhana bersin.
15 Ruhany guşlaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini bolsa, ýakma gurbanlygy üçin hödür etsin. Şeýdip, Rebbiň huzurynda ruhany ol adamy suwuklyk akmasy zerarly bolan haramlykdan tämizlesin.
16 Eger haýsydyr bir erkegiň tohumy aksa, ol adam tutuş bedenini ýuwsun. Ol agşama çenli haramdyr.
17 Matadan ýa-da deriden edilen zada tohum degen bolsa, ol suw bilen ýuwulsyn. Ol zat agşama çenli harapdyr.
18 Erkek aýalyna ýanaşyp, ondan tohum aksa, erkegem, aýalam suwa düşünsinler. Olar agşama çenli haramdyrlar.
19 Aýbaşy görýän aýal ýedi güne çenli haramdyr. Kim oňa galtaşsa, ol agşama çenli haramdyr.
20 Aýbaşy görýän döwründe, aýalyň üstünde ýatan her zady harap bolar. Aýalyň üstünde oturan her zady hem harapdyr.
21 Onuň düşegine galtaşan adam geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.
22 Ol aýalyň oturan zadyna galtaşan adam geýimlerini ýuwsun, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.
23 Ol aýalyň ýorgan-düşegimi ýa-da üstünde oturan zady, parhy ýok, oňa galtaşan adam agşama çenli haramdyr.
24 Eger erkek adam ol aýala ýanaşsa, aýalyň haramlygy erkege-de geçer we ol ýedi güne çenli haramdyr we onuň ýatan ýorgan-düşegi-de harapdyr.
25 Eger aýalyň gan akmasy aýbaşy görýän döwründen daşary birnäçe günläp dowam etse, gan akmasy kesilýänçä, ol aýal edil aýbaşy görýän döwründäki ýaly haramdyr.
26 Onuň gan akmasy döwründe ýatýan ýorgan-düşegi, edil aýbaşy görýän döwründäki ýorgan-düşegi ýaly haram hasaplansyn. Aýalyň üstünde oturan islendik zady, onuň aýbaşy görýän döwründäki ýaly haramdyr.
27 Bu zatlara galtaşan her kes-de haram bolar. Ol eşiklerini ýuwup, suwa düşünsin. Ol agşama çenli haramdyr.
28 Aýalyň gan akmasy kesilenden soň, aradan ýedi gün geçsin. Diňe şondan soň, ol tämiz bolar.
29 Sekizinji gün ol iki sany gumryny ýa-da iki kepderini alyp, Rebbiň huzuryna, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirip, olary ruhana bersin.
30 Ruhany olaryň birini günä gurbanlygy, beýlekisini-de, ýakma gurbanlygy hökmünde hödürläp, gan akmasy zerarly haram aýaly, Rebbiň huzurynda haramlygyndan tämizlesin.
31 Şeýdip, murdarlyklary zerarly, mukaddes çadyrdan daşda bolmaklaryny ysraýyl halkyna duýduryň. Maňa ýüz tutulýan öýi haraplap, olaryň özleri hem murdarlykda ölmesinler.
32 Erkeklik jynsyndan suwuklyk ýa-da tohum akyp haram bolan kişi aýbaşy görýän aýal, suwuklyk akmasy bolan erkek ýa-da aýal we haram aýala ýanaşan erkek hakyndaky kadalar şulardan ybaratdyr“». ‎