Ysraýyl serdarlary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21


Bap 19

Ysraýylyň patyşasyz zamanynda, Efraýym daglygynda bir lewi ýaşaýardy. Ol Ýahuda ýurdunyň Beýtullaham galasyndan bir aýaly getirip, onuň bilen ýaşap başlady.
2 Ol aýal öýkeleşip, lewiniň ýanyndan öz atasy öýüne, Beýtullaham galasyna gitdi; ol atasy öýünde dört aýlap boldy.
3 Soňra adamsy aýaly bilen ýaraşyp, ony getirmek üçin yzyndan ugrady. Onuň ýanynda bir hyzmatkäri bilen iki sany eşegi bardy. Aýaly adamsyny atasy öýüne saldy. Gaýynatasy ony güler ýüz bilen garşylap, öz öýünde saklady.
4 Gaýynatasy giýewsini öýünde galmaklyga yrdy. Olar bu ýerde iýip-içip, üç gün ýatdylar.
5 Dördünji gün olar ir oýandylar, ol adam turup gitmekçi boldy. Aýalyň kakasy öz giýewsine: «Bir döwüm çörek iýiň, ýürekse ediniň, soň hemmäňiz bile gidersiňiz» diýdi.
6 Olar oturyp, bile iýip-içdiler. Aýalyň kakasy öz giýewsine: «Ýene bir gün gal, keýpiňi sazla» diýdi.
7 Ol adam ýene turup gitmekçi boldy, emma gaýynatasy ony galmaklyga yrdy. Ol ýene bir gije ýatdy.
8 Bäşinji gün, irden ol turup gitmekçi boldy. Aýalyň kakasy oňa: «Bir zatlar garbanyň, öýleden soň gidersiňiz» diýdi. Olar bile iýip-içdiler.
9 Ol adamyň özi, aýaly we hyzmatkäri gitmekçi bolup, ýerlerinden turanda, aýalyň kakasy giýewsine: «Seret, gün ýaşyp, agşama golaýlap barýar. Bu gije-de bu ýerde ýatyň, dem-dynjyňyzy alyp, öýüňize ertir ir bilen turup gidersiňiz» diýdi.
10 Emma ol adam ýatmaga razy bolman, turup gidiberdi. Ol Ýabusa, ýagny häzirki Iýerusalime tarap gitdi. Onuň ýanynda ýükli eşekleri, hyzmatkäri bardy.
11 Olar Ýabusa golaýlaşanlarynda, gün ýaşyp barýardy. Hyzmatkär öz hojaýynyna: «Ýör, Ýabusa baraly-da, gijäni şol ýerde geçireli» diýdi.
12 Hojaýyny oňa: «Ýok, biz Ysraýyla degişli bolmadyk bir kesekileriň galasyna barmarys, Gibga gideris.
13 Gibga ýa-da Rama ýetjek bolaly, gijäni şolaryň birinde geçireris» diýdi.
14 Şeýdip, olar ýollaryny dowam etdirdiler. Olar benýaminleriň Gibga galasyna ýetenlerinde, Gün batypdy.
15 Olar gije Gibgada ýatmak üçin şol tarapa öwrüldiler. Baryp, galanyň merkezi köçesinde düşlediler; hiç kim olary öýüne çagyrmady.
16 Bir goja özüniň ekin meýdanyndan öýüne gaýdyp gelýärdi. Ol bu ýere efraýymlaryň ýaşaýan daglygyndan gelipdi, Gibgada ýaşaýardy. Bu ýeriň ilaty bolsa benýaminlerdi.
17 Goja ýolagçylary görüp, olardan: «Nireden gelip, nirä barýarsyňyz?» diýip sorady.
18 Ol adam: «Biz Ýahudanyň Beýtullaham galasyndan gelýäris, indi hem Efraýym daglygyna tarap, öýüme barýaryn. Bizi hiç kim öýüne çagyrmady.
19 Eşeklerimiz üçin ot-iýmimiz, özüm, aýalym we hyzmatkärim üçin çörek hem şerap bar, hiç hili ýetmezçiligimiz ýok» diýdi.
20 Goja oňa: «Arkaýyn bol, ýetmeýän zadyňy bereýin, ýöne köçede ýatma» diýdi.
21 Goja olary öz öýüne alyp bardy, eşeklerine iým berdi, olar aýaklaryny ýuwdular, iýip-içdiler.
22 Olar ýaňy bir ýazylyp-ýaýnanlarynda, galanyň azgyn adamlary jaýyň daşyny gabadylar. Gapyny ýumruklap, öýüň hojaýynyna: «Öýüňe gelen erkegi daşaryk çykar, biz ony zorlajak» diýip gygyrdylar.
23 Öýüň hojaýyny daşaryk çykdy-da: «Ýok, doganlar, beýle azgynçylyk etmäň, ol meniň myhmanym, siz beýle aýyp iş etmäň.
24 Içerde meniň el degmedik gyzym we ol adamyň aýaly bar. Olary daşary çykaraýyn, olara islän işiňizi ediň, ýöne bu adama degmäň» diýdi.
25 Emma olar garryny diňlemediler. Şonda ýaňky gelen adam öz aýalyny zor bilen çykaryp, olaryň eline berdi. Adamlar uzak gije ol aýaly zorlap, namysyna degdiler. Daňdan olar ony goýberdiler.
26 Daň agaranda, aýal adamsynyň myhman bolan öýüniň gapysyna gelip ýykyldy we jahan doly ýagtylýança, şol ýerde ýatdy.
27 Ol aýalyň hojaýyny ýoluny dowam etdirmek üçin irden gapyny açyp, daşaryk çykanda, öz aýalynyň ellerini gapynyň bosagasynyň üstünde goýup ýatandygyny gördi.
28 Ol aýalyna: «Tur, gideli» diýdi, emma aýaldan jogap bolmady, sebäbi ol eýýäm ölüpdi. Ol aýalyny eşegine ýükläp, öz öýüne alyp gitdi.
29 Öýüne gelip, eline pyçak aldy-da, aýalynyň on iki synasyny kesişdirip, on iki bölegi Ysraýylyň on iki tiresine paýlady.
30 Ol çaparlar ýollap, olara muny görenlere şuny aýtmagy tabşyrdy: «Ysraýyllaryň Müsürden gelen gününden bäri, munuň ýaly zat görlüp-eşidilmändi. Indi oýlanyp görüň, maslahatlaşyp, biziň näme etmelidigimizi aýdyň».