2 Şamuwel

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24


Bap 2

Şondan soň Dawut: «Ýahuda galalarynyň birine gideýinmi?» diýip, Rebbe ýüz tutdy. Reb: «Hawa, git!» diýip jogap berdi. Dawut: «Haýsyna gideýin?» diýip sorady. Reb: «Hebrona» diýdi.
2 Şunlukda, Dawut özi bilen iki aýalyny – ýizregelli Ahynogamy hem-de karmelli Nabalyň dul galan aýaly Abygaýyly alyp, Hebrona gitdi.
3 Dawut adamlaryny-da öz maşgalalary bilen bile äkitdi. Şeýdip, olar Hebron galasynyň obalarynda ornaşdylar.
4 Ýahudanyň adamlary gelip, Dawudy Ýahudanyň patyşalygyna onuň başyna ýag çalyp bellediler. Olar Şawuly Gilgatdaky ýabeşlileriň jaýlandygyny Dawuda habar berenlerinde,
5 Dawut çaparlaryň üsti bilen ýabeşlilere şeýle habar ýollady: «Öz jenabyňyz Şawuly jaýlap, oňa wepalylyk görkezendigiňiz üçin, Reb sizi ýalkasyn!
6 Reb size merhemet etsin hem wepalylyk görkezsin! Bu eden işiňiz üçin menem size ýagşylyk ederin.
7 Gollaryňyz kuwwatly bolsun, özüňizem mert boluň! Jenabyňyz Şawul öldi, ýahuda halky meni patyşalyga belledi».
8 Neriň ogly Abner Şawulyň goşunbaşysydy. Ol Şawulyň ogly Yşboşedi Mahanaýyma getirdi.
9 Abner ony Gilgadyň, Aşuryň, Ýizregeliň, Efraýymyň, Benýaminiň hem-de tutuş Ysraýylyň patyşasy etdi.
10 Ysraýyla patyşalyk edip başlanda, Şawulyň ogly Yşboşet kyrk ýaşyndady.
11 Ol iki ýyl patyşalyk etdi. Emma ýahuda tiresi Dawudyň yzyna eýerdi. Hebronda ýahuda tiresine Dawut ýedi ýyl alty aý bäri patyşalyk edýärdi.
12 Neriň ogly Abner Şawulyň ogly Yşboşediň adamlary bilen bile Mahanaýymdan Gibgona gitdi.
13 Seruýanyň ogly Ýowap bolsa Dawudyň adamlary bilen çykyp, Gibgon howdanynyň ýanynda olar bilen gabatlaşdy. Bu iki toparyň hersi howdanyň bir tarapynda ýerleşdi.
14 Abner Ýowaba: «Goý, ýaş ýigitler öňe çyksynlar-da, başa-baş güýç synanyşsynlar» diýdi. Ýowap hem: «Goý, çyksynlar» diýdi.
15 Olar öňe çykdylar. Benýamin tiresinden Şawulyň ogly Yşboşet tarapdan on iki adam, Dawudyň adamlaryndan hem on iki adam öňe saýlandy.
16 Olar biri-biriniň kellesinden tutup, garşydaşynyň böwründen gylyçlaryny geçirýärdiler. Şeýdip, olaryň ählisiniň läşi serildi. Şoňa görä-de Gibgondaky ol ýere Helkathassurym diýen at berildi.
17 Şeýdip, ol gün juda ýowuz söweş başlandy. Abner bilen ysraýyllar Dawudyň adamlaryndan ýeňildiler.
18 Seruýanyň üç ogly Ýowap, Abyşaý, Asahel dagy şol ýerdedi. Asahel edil keýik ýaly ýyndamdy.
19 Ol Abneri yzarlady. Ol hiç tarapa sowulman, göni onuň yzyndan barýardy.
20 Abner yzyna seredip: «Asahel, bu senmi?» diýdi. Ol: «Hawa, men» diýip jogap berdi.
21 Abner oňa: «Sagyňa ýa soluňa sowlup, ýaş esgerleriň birini tut-da, onuň zatlaryny tala» diýdi. Ýöne Asahel onuň yzyndan galmady.
22 Abner Asahele ýene: «Meni kowalamaňy bes et! Birden seni ýere pylçap uraýmaýyn! Onsoň men seniň doganyň Ýowabyň ýüzüne nähili serederin?» diýdi.
23 Ýöne Asahel yza gaýtmak islemedi. Şunlukda, Abner naýzasynyň arka ujuny onuň içinden geçirdi. Asahel ýykyldy, ýykylan ýerinde-de jan berdi. Onuň ölen ýerinden geçenleriň hemmesi ol ýerde aýak çekdiler.
24 Soňra Ýowap bilen Abyşaý Abneriň yzyndan kowaladylar. Gün ýaşanda, olar Giýanyň garşysyndaky, Gibgon çölüne tarap gidýän ýoluň ýakasyndaky Amma depesine ýetdiler.
25 Benýaminler Abneriň daşyna toplandylar-da, birleşdiler; olar bir depäniň üstüne çykyp durdular.
26 Abner Ýowaba gygyryp şeýle diýdi: «Adamlaryň gylyçdan geçirilmeginiň, heý, soňy gelmezmi? Munuň soňunyň pajygaly boljagyny bileňokmy? Garyndaşlaryny kowalamagy bes etmegi üçin adamlaryňa haçan buýruk berjek?»
27 Ýowap Abnere: «Diri Hudaýdan ant içýän! Eger özüň seslenmedik bolsaň, meniň adamlarym öz garyndaşlaryny tä daňdana çenli kowalardylar» diýdi.
28 Ýowap surnaý çaldy; adamlar saklandylar. Şondan soň olar ysraýyllary kowalamagy, olar bilen uruşmagy bes etdiler.
29 Abner adamlary bilen uzak gije Iordan deresinden ýöredi. Olar Iordan derýasyndan geçdiler; ertesi irden hem ýöräp, Mahanaýyma geldiler.
30 Ýowap Abneri kowalamagy bes edenden soň, adamlaryny toplady. Dawudyň adamlaryndan Asahelden başga-da on dokuzy kemdi.
31 Dawudyň adamlary Abnere goşulan benýaminlerden üç ýüz altmyş adamy öldürdi.
32 Olar Asaheli äkidip, Beýtullahamda – onuň öz kakasynyň gubry goýlan gümmeziň içinde jaýladylar. Soňra Ýowap adamlary bilen uzak gije ýol ýöräp, daň agaranda Hebrona geldi.