2 patyşalar

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25


Bap 19

Hizkiýa patyşa Rabşakanyň sözlerini eşiden-de, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, Rebbiň öýüne gitdi.
2 Patyşa köşgi dolandyryjy Elýakymy, Şebna mürzäni we eginleri jully ruhanylaryň aksakgallaryny Amozyň ogly Işaýa pygamberiň ýanyna iberdi.
3 Olar Işaýa pygambere şeýle diýdiler: «Hizkiýa patyşa şeýle diýýär: „Şu gün biz jebir-sütem, jeza we ryswalyk astyndadyrys; biz çaga dogurmaga taýýar, emma dogurmaga güýji bolmadyk aýal kimindiris.
4 Belki, jenaby Aşur patyşasynyň diri Hudaýy masgaralamaga iberen weziriniň bar sözlerini Hudaýyň Reb eşidendir we Hudaýyň Reb şol sözleri üçin olary jezalandyrar. Indi aman galan adamlar üçin dileg et“».
5 Hizkiýanyň hyzmatkärleri Işaýa pygamberiň ýanyna gelenlerinde, Işaýa pygamber olara şeýle diýdi:
6 «Jenabyňyza Reb şeýle diýýär diýiň: „Aşur patyşasynyň hyzmatkärleriniň Meni kemsidip aýdan sözlerini eşideniň üçin olardan gorkma.
7 Men onuň içine bir ruh ibererin, welin, ol bir habar eşidip, öz ýurduna dolanar. Men ony öz ýurdunda gylyç bilen öldürderin“».
8 Baş wezir Aşur patyşasynyň Lakyşdan gaýdandygyny eşidip, yzyna dolandy. Ol patyşanyň Libna galasyna garşy urşup ýörendigini gördi.
9 Patyşa Kuş patyşasy Tirhakanyň özi bilen uruşmaga çykandygyny eşidende, ol Hizkiýanyň ýanyna ýene-de çaparlar ýollady.
10 Çaparlar şeýle diýdi: «Ýahuda patyşasy Hizkiýa şuny aýdyň: „Seniň meniň elime berilmejekdigiňi aýdýan hudaýyňa bil baglaýarsyň. Aldanma!
11 Aşur patyşasynyň ähli ýurtlary bütinleý ýok edip, halklaryň başyna nä günleri getirendigini eşidensiň. Indi siz gutulyp galmakçy bolýarsyňyzmy?
12 Ata-babalarymyň derbi-dagyn eden milletlerini – Gozany, Harany, Resepi we Telasarda bolan Eden halky öz hudaýlary ata-babalaryňyň elinden halas etdimi?
13 Hamat, Arpat we Separwaýym galalarynyň hanlary, Henanyň we Iwanyň hanlary nirede?“»
14 Hizkiýa haty çaparlaryň elinden alyp okady. Onsoň ol Rebbiň öýüne baryp, haty Rebbiň öňünde açyp goýdy.
15 Hizkiýa Rebbiň huzurynda dileg edip, şeýle diýdi: «Eý, keruplaryň üstünde oturan Ysraýyl Hudaýy Reb! Bütin dünýäniň patyşalyklarynyň Hudaýy Sensiň, Sen ýeke-täksiň. Ýeri-gögi ýaradan-da Sensiň.
16 Ýa Reb, gulak as-da, eşit, ýa Reb, gözleriňi aç-da gör. Sanheribiň diri Hudaýy masgaralap, iberen sözlerini eşit.
17 Ýa Reb, hakykatdanam, Aşur patyşalary ähli milletleri we olaryň ýurtlaryny weýran etdiler.
18 Şol milletleriň hudaýlaryny oda atyp ýakdylar, çünki olar hudaýlar däldiler. Olar ynsanlaryň agaçdan we daşdan ýasan butlarydy.
19 Indi, eý, Hudaýymyz Reb, dileg edýärin, bizi Aşur patyşasynyň elinden halas et. Ýa Reb, goý, bütin dünýäniň ähli patyşalyklary Seniň ýeke-täk Hudaýdygyňy bilsinler».
20 Onsoň Amozyň ogly Işaýa pygamber Hizkiýanyň ýanyna adam iberip, şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men seniň Aşur patyşasy Sanherip barada eden dilegiňi eşitdim.
21 Rebbiň Aşur patyşasy Sanherip barada aýdan sözleri şulardan ybaratdy: Siýon boý gyzy Seni kemsidýär, Iýerusalim gyzy Seniň üstüňden gülýär, Seni yzyňdan masgaralap, başyny ýaýkaýar.
22 Sen kimi masgaralap, kime dil ýetirdiň? Kimiň garşysyna sesiňe bat berip, Kime ulumsylyk bilen gabak galdyrdyň? Ysraýylyň Mukaddesine!
23 Çaparlaryň arkaly Taňryny masgaralap, Şeýle diýdiň: ‘Birtopar arabalarym bilen Daglaryň üstüne çykdym, Liwanyň jümmüşine bardym, Onuň iň uzyn kedr agaçlaryny, Gözel serwi agaçlaryny çapdym. Men onuň iň çola ýerine, Gür jeňňeline girdim.
24 Keseki ýurtlarda guýy gazyp, ol ýeriň suwuny içdim. Müsüriň bütin derýalaryny, Öz dabanym bilen guratdym’.
25 Eşitmediňmi näme sen Ozaldan şu netijä gelenimi? Gadymdan bäri muny ýüregime düwdüm, Indi şu gün ony amala aşyrýaryn, Çünki sen galalary weýran edip, Bir haraba öwrersiň sen olary.
26 Bu galalaryň ilaty ejizdi, Aljyrap howsala düşdüler. Olar meýdan ösümlikleriniň, Mylaýym gök otlaryň Tamyň üstündäki otlaryň, Ýetişmänkä gün urup ýok bolşy kimindir.
27 Emma seniň oturyş-turşuňy, Giriş-çykyşyňy, Maňa garşy dyzaýşyňy bilýärin.
28 Çünki seniň Maňa garşy dyzanlygyň, Gopbamsylygyň gulagyma gelip ýetenligi üçin, Burunlygymy burnuňa, Agyzrygymy-da agzyňa dakyp, Seni gelen ýoluň bilenjik Yzyňa ugradaryn Men“».
29 Işaýa Hizkiýa şeýle diýdi: «Seniň üçin alamat şudur: Şu ýyl we geljek ýyl siz özi biten zady iýersiňiz, üçünji ýyl bolsa özüňiz ekip, hasylyny orup alyň we üzüm baglaryny oturdyň-da, şolaryň miwelerini iýiň.
30 Ýahuda nesillerinden gutulyp aman galanlar ýene-de aşakda kök urup, ýokarda miwe bererler.
31 Çünki aman galanlar Iýerusalimden, gutulanlar topary-da Siýon dagyndan çykyp gelerler. Bu Hökmürowan Rebbiň hyjuwly yhlasy bilen amala aşar».
32 Reb Aşur patyşasy barada şeýle diýýär: «Ol bu şähere girmez, ok atmaz, bu şäheriň garşysyna galkanly çykmaz we oňa girmek üçin ýapgyt gurmaz.
33 Ol gelen ýoly bilen yzyna gaýdar, ýöne bu şähere girmez.
34 Çünki Men bu şäheri Özümiň hem-de gulum Dawudyň hatyrasy üçin gorap, ony halas ederin».
35 Edil şol gije Rebbiň perişdesi gidip, aşurlylaryň düşelgesinde ýüz segsen bäş müň adamy öldürdi. Ertesi daňdan olaryň maslyklaryny gördüler.
36 Onsoň Aşur patyşasy Sanherip düşelgäni taşlap, öýüne gitdi. Ol Ninewä gelip, şol ýerde galdy.
37 Sanherip öz hudaýy Nisrokyň buthanasynda oňa sežde edip durka, ogullary Adrammelek bilen Şareser kakalaryny gylyç bilen öldürdiler-de, Ararat ýurduna gaçyp gitdiler. Onsoň onuň ýerine ogly Esarhadon patyşa boldy.