Nehemýa

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13


Bap 2

Bu waka Artakserksiň patyşalygynyň ýigriminji ýylynyň Nisan aýynda bolupdy. Şerap getirilende, men ony alyp patyşa uzatdym. Şu wagta çenli onuň huzurynda meniň gussaly bolan pursadym ýokdy.
2 Onsoň patyşa maňa: «Syrkaw däl halyňa ne beýle ýüzüň salyk? Bu ýürek gussasyndan başga hiç zat däldir» diýdi. Men juda gorkdum.
3 Men patyşa şeýle jogap berdim: «Patyşa uzak ýaşasyn! Atalarymyň mazarlary ýatan şäher haraba öwrülip, onuň derwezeleri oda ýanypdyr, onsoň nädip meniň ýüzüm salyk bolmasyn?»
4 Patyşa menden: «Islegiň näme?» diýip sorady. Men Gökdäki Hudaýdan dileg etdim.
5 Onsoň men patyşa şeýle jogap berdim: «Eger patyşa oňlasa we men siziň nazaryňyzda hormat gazanan bolsam, onda meni Ýahuda, ata-babalarymyň mazarlary ýatan şäheriň diwarlaryny dikeltmäge goýber».
6 Patyşa (şa aýaly-da onuň ýanynda otyrdy) menden näçe wagtlyk gitjekdigimi we haçan dolanyp geljekdigimi sorady. Men patyşa belli bir möhleti aýdanymdan soň, ol meni goýbermäge razy boldy.
7 Soňra men patyşa: «Eger patyşa oňlasa, ol Ýahuda barýançam meni geçirerleri ýaly, menden Perat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimlerine hatlar iberilsin.
8 Şeýle hem patyşa tokaýynyň sakçysy Asafa, ybadathana galasynyň derwezeleri üçin, şäheriň diwarlary we meniň ýaşajak öýümiň pürsleri üçin agaç berer ýaly hat bersin» diýdim. Hudaýymyň ýalkamagy bilen patyşa meniň dilegimi bitirdi.
9 Patyşa meniň ýanym bilen goşun serkerdelerini, atlylar ýollady. Onsoň men Perat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimleriniň ýanyna baryp, olara patyşanyň hatlaryny berdim.
10 Emma horonly Sanballatdyr Ammon welaýatynyň wekili Tobyýa, bir adamyň ysraýyl halkynyň bähbidini arap gelendigini eşidenlerinde, gahar-gazaba mündüler.
11 Men Iýerusalime gelip, ol ýerde üç gün boldum.
12 Soňra gije turup, ýanyma birnäçe adam aldym. Iýerusalim hakynda Hudaýymyň kalbyma näme salandygyny hiç kime aýtmadym. Ýanymda münüp barýan eşegimden başga mal ýokdy.
13 Men gije Dere derwezesinden çykdym. Şagal çeşmesiniň ýany bilen Dökün derwezesine çenli gidip, Iýerusalimiň ýykylan diwarlaryny, oda ýanan derwezelerini gözden geçirdim.
14 Soňra men Bulak derwezesine we Patyşa howzuna gitdim. Emma ol ýerde eşegim geçer ýaly ýer ýokdy.
15 Onsoň men gije deräniň içi bilen ýokaryk galyp, diwary gözden geçirdim. Soňra men yzyma dolanyp, Dere derwezesinden yzyma dolandym.
16 Şäher baştutanlaryna meniň nirä gidenimi we näme edenimi bilmediler. Men entek ýahudalara, ruhanylara, beglere, şäher baştutanlaryna we işi ýerine ýetirmäge gatnaşjak beýleki adamlara hiç zat aýtmandym.
17 Soňra men olara: «Iýerusalimiň haraba öwrülip, onuň derwezeleriniň oda ýanandygy zerarly biziň nähili ejir çekýändigimizi siziň özüňiz görüp dursuňyz. Mundan artyk wejera bolup ýörmezlik üçin, geliň, Iýerusalimiň diwaryny dikeldeliň!» diýdim.
18 Men olara Hudaýyň maňa nähili kömek edendigini we patyşanyň maňa aýdan zatlaryny gürrüň berdim. Onsoň olar: «Geliň, işe başlalyň!» diýşip, bu oňat iş üçin billerini berk guşadylar.
19 Emma horonly Sanballatdyr ammon emeldar Tobyýa we Geşem arap dagy muny eşidenlerinde, bizi äsgermezlik edip, biziň üstümizden gülüp: «Bu etjek bolýan zadyňyz näme? Patyşanyň garşysyna pitne turuzmakçy bolýarmysyňyz?» diýdiler.
20 Onsoň men olara: «Gökdäki Hudaý işimizi oňuna salar. Onuň gullary bolan biz gurluşyk işine başlarys. Emma siziň welin, Iýerusalimde ne paý, ne-de hak-hukuklaryňyz bar» diýip jogap berdim.