Ester

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10


Bap 6

Şol gije patyşanyň gözüne uky gelmän, ol köşgüň ýyl ýazgylaryny getirmegi buýurdy. Ony patyşanyň öňünde okadylar.
2 Ondan patyşanyň gapy saklaýan agtalary Bigtana bilen Tereşiň Kserks patyşanyň janyna kast etmek niýetleriniň bardygy barada Mordekaýyň aýdan zatlary hakyndaky ýazgy tapyldy.
3 Patyşa: «Munuň üçin Mordekaýa näme hezzet-hormat edildi?» diýdi. Patyşanyň emeldarlary: «Oňa hiç zat edilmedi» diýdiler.
4 Patyşa: «Howluda kim bar?» diýip sorady. Edil şol wagt Mordekaý üçin taýýarlanan dar agajyndan ony asdyrmak barada patyşa bilen gepleşmek üçin, Haman köşgüň daşky howlusyna giripdi.
5 Patyşanyň emeldarlary oňa: «Howluda Haman bar» diýdiler. Patyşa: «Goý, ol içeri girsin» diýdi.
6 Şeýdip, Haman içeri girdi. Patyşa ondan: «Patyşanyň aýratyn hormatlamak isleýän adamyna näme edilse, gowy bolar?» diýip sorady. Haman öz içinden: «Patyşa menden başga kimi şeýle hormatlasyn?» diýip pikirlendi. 7–9 Haman patyşa: «Patyşanyň aýratyn hormatlamak isleýän adamyna, patyşanyň geýen şa lybaslary, patyşanyň münen, başynda şalyk täji bolan aty getirilip, şa lybaslary we aty patyşanyň iň atly-abraýly beglerinden biriniň eline berilsin; goý, ol patyşanyň aýratyn hormatlamak isleýän adamyny geýindirsin, goý, ol ony ata mündürip, şäheriň açyk meýdançasynda jar çekip: „Patyşanyň aýratyn hormatlamak isleýän adamyna şeýle edilýär“ diýip aýlasyn» diýdi.
10 Soňra patyşa Hamana: «Dessine şa lybaslaryny we aty al-da, patyşa köşgüniň derwezesinde oturýan Mordekaý ýahudany edil aýdyşyň ýaly et. Ýaňky aýdanlaryňyň ýekejesi-de kem bolmasyn» diýdi.
11 Şeýlelikde, Haman şa lybaslaryny we aty alyp, Mordekaýy geýindirip, ony ata mündürip, şäheriň açyk meýdanynda jar çekip: «Patyşanyň aýratyn hormatlamak isleýän adamyna şeýle edilýär» diýip aýlady.
12 Soňra Mordekaý ýene-de dolanyp patyşanyň derwezesine geldi. Ýöne Haman ýas tutup, ýüzüni büräp, tiz öýüne gaýtdy.
13 Haman başdan geçiren wakalarynyň baryny aýaly Zereşe we ähli dostlaryna gürrüň berdi. Soňra onuň dostlary we aýaly Zereş oňa: «Öňünde abraýdan düşen Mordekaýyň ýahudalardan bolsa, onda sen ondan üstün bolup bilmersiň, sen hökman ýeňlersiň» diýdiler.
14 Olar Haman bilen gepleşip otyrkalar, patyşanyň agtalary gelip, Hamany gyssagly Esteriň guran meýlisine alyp gitdiler.