Bap 4

Men ýene Günüň astynda edilýän bar zulumlary gördüm. Ezilýänleriň gözýaşlaryny gördüm, olara teselli berýän ýokdy. Güýç olary ezýänleriň elindedi, ezilýänlere teselli berýän ýokdy. 2–3 Bir eýýäm ölüp gidenleri dirilerden bagtly saýdym. Emma entek dogulmadyk, Günüň astynda edilýän pis işleri görmedik, bularyň ikisinden-de bagtlydyr.
4 Men ýene-de bir adamyň bar çeken zähmetiniň, ussatlyk bilen eden ähli işleriniň goňşusyna bolan göriplik zerarly edilendigini gördüm. Bu-da biderek, salgyma çapmak.
5 «Akylsyz goluny gowşuryp oturyp, özüni heläk edýär».
6 Emma bir owuç asudalyk iki owuç zähmetden we salgyma çapmakdan gowudyr.
7 Men Günüň astynda ýene-de bir bidereklik gördüm:
8 Ine, bir ýalňyz adam bardy; onuň ne ogly bardy, ne-de dogany. Çekýän zähmetiniň soňy ýokdy, ýöne şonda-da gözi baýlykdan doýmaýardy. Ol: «Men kim üçin zähmet çekýärin? Kim üçin özümi lezzet almakdan mahrum edýärin?» diýip sorady. Bu-da biderek, ýowuz ýumuş.
9 Iki adam bir adamdan ýagşydyr, çünki zähmetleri üçin ýagşy muzd alýarlar.
10 Eger biri ýykylsa, beýlekisi ýoldaşyny galdyrar. Emma ýykylanda ýeke bolanyň halyna waý! Ýykylsa ony galdyrjak ýokdur.
11 Iki kişi bile ýatsa, ýylnarlar; emma ýeke kişi nähili ýylnyp biler?
12 Biriniň ýeke kişiden üstün çykmagy ähtimal, ýöne iki kişi oňa garşylyk görkezer. Üç tar ýüp aňsatlyk bilen üzülmez.
13 Maslahata gulak goýmaýan garry, akylsyz patyşadan garyp, akylly ýigit ýagşydyr.
14 Hakykatdan-da, öz ýurdunda garyp doglan hem bolsa, bendilikden boşan patyşa bolup biler.
15 Men Günüň astynda gezip ýören ähli ynsanlaryň, patyşanyň ornuny eýelän bu ýigidiň yzyna eýerýändigini gördüm.
16 Onuň baştutanlyk edýän ähli halky san-sajaksyzdy. Emma soň gelenler ondan razy bolmazlar. Elbet-de, bu-da biderek, salgyma çapmak.
17 Hudaýyň öýüne giden mahalyň hereketleriňe esewan et; Hudaýy diňlemek üçin huzuryna gelmek, akylsyzlar tarapyndan hödürlenen gurbanlykdan oňatdyr; çünki olar ýamanlyk edýänlerini bilýän däldirler.