Ýowel

1 2 3


Bap 3

Ynha şonda, Ýahuda bilen Iýerusalimiň öňki abadançylygyny dikelden günlerimde,
2 Men ähli milletleri ýygnap, olary Ýehoşapat jülgesine getirerin, saýlan ysraýyl halkymy milletler arasynda pytradandygy üçin, Men şol ýerde olara höküm çykararyn. Olar Meniň topragymy böldüler,
3 Meniň halkym üçin bije atdylar, oglany loly üçin, gyzy şerap içmek üçin satdylar.
4 Eý, Sur, Sidon we ähli Pilişt welaýatlary, siz kimsiňiz Meniň üçin? Siz Maňa gaýtawul berýärsiňizmi? Eger gaýtawul berýän bolsaňyz, Men siziň edenleriňizi okgunlylyk bilen tizara başyňyza salaryn.
5 Çünki siz Meniň altyn-kümşümi, saýlama hazynamy buthanalaryňyza äkitdiňiz.
6 Siz Ýahuda we Iýerusalim halklaryny öz çäklerinden uzaklaşdyryp, olary grek halkyna satdyňyz.
7 Indi bolsa olary şol ýerden aýaga galdyryp, edenleriňizi öz başyňyza salýan Mendirin.
8 Men siziň oguldyr gyzlaryňyzy Ýahuda halkyna sataryn, ol hem siziň çagalaryňyzy uzakdaky sabalylara satarlar, çünki muny Reb aýtdy.
9 Muny halklar arasynda jar ediň: söweş üçin taýýarlyk görüň, batyrlary aýaga galdyryň, goý, esgerleriň bary jemlensin.
10 Azallaryňyzdan gylyçlar, oraklaryňyzdan naýzalar ýasaň; ejiz «men güýçli» diýsin.
11 Töwerekdäki halklaryň bary, howlugyň, üýşüp ýygnanyň; ýa Reb, aşak indir Öz batyrlaryňy.
12 Goý, milletler galkynsyn, Ýehoşapat jülgesine insin, çünki çar tarapdan gelen milletlere höküm çykarmak üçin, Men şol ýerde oturjak.
13 Oraklaryňyzy işlediň, çünki hasyl ýetişdi; üzüm sokulary doly, Çelekler dolup daşýança basgylaň. Çünki hetden aşdy pislikleri milletleň.
14 Höküm jülgesinde Birgiden mähelle, ägirt mähelle! Çünki Rebbiň güni höküm jülgesine golaýdyr.
15 Günüň, Aýyň ýüzi garalýar, ýyldyzlar hem şöhlesini saçmaýar.
16 Reb gümmürdeýär Siýondan hem seslenýär Iýerusalimden. Asman bilen ýer lerzana gelýär, ýöne Reb Öz halkyna penadyr, hem ysraýyl halky üçin galadyr.
17 Şonda Men Beýik Hudaýyňyzyň mukaddes dagym Siýonda mesgen tutandygymy bilersiňiz. Iýerusalim hem mukaddes bolar, kesekiler ony basyp almaz hiç haçan.
18 Şol gün şeýle bolar: Daglardan täze şerap damar, Baýyrlardan süýt akar, Ýahuda jarlarynyň ählisi Suwdan dolar. Rebbiň öýünden gözbaş ýarylyp, Şitim jülgesiniň gury jarlaryny gandyrar.
19 Weýran bolar Müsür, Döner çöllüge Edom, çünki olar ýahuda halkyna etdiler sütem. Boýadylar topraklaryny bigünä gana.
20 Ýöne baky mesgen bolar Ýahuda, Iýerusalim-de bolar nesilden-nesle.
21 Men alaryn ganlarynyň hununy, hem-de aklamaryn günäni, çünki Reb Siýonda mesgen tutýandyr.