Abadýa

1


Bap 1

Abadýa gelen aýanlyk. Hökmürowan Reb Edom barada şeýle diýdi: «Milletlere wekiliň iberilendigine habar geldi. Rebden gelen wekiliň: „Turuň, Edoma garşy söweşe çykalyň!“ diýen habaryny eşitdik.
2 Edom, Men seni halklaryň arasynda iň pesi ederin sen bütinleý ryswa bolarsyň.
3 Tekepbir ýüregiň aldady seni. Sen belentde, gaýalaryň howpsuz ýerinde ýaşaýaň, „Meni pese – ýere kim düşürer?“ diýip, kalbyňdan aýdýaň.
4 Eger sen bürgüt deýin ýokary galsaň-da, Höwürtgäňi ýyldyzlaryň arasynda goýsaň-da, Ol ýerden Men seni aşak düşürerin!» – muny Reb aýdýandyr.
5 «Seniň içiňe ogrular girdimi ýa gijeki talaňçylar? Ogrular diňe özüne geregini ogurlamazlarmy? Eger üzüm bagyňa girseler, saňa-da miweden galdyrmazlarmy? Emma sen nähili weýran bolduň!
6 Ysaw nesli niçik talandy, onuň hazynasy dörüldi.
7 Sen bilen salamatlykda ýaşanlar seni aldadylar. Ähli arkadaşlaryň seni serhetden çykardylar. Bile duz iýşen adamlaryň senden rüstem çykdylar. Muny sen aňşyrmadyň».
8 «Şol gün – Reb aýdýr. Men Edomyň akylly adamlaryny we paýhasa düşünýänlerini Ysaw dagynda gyrmanmy?
9 Teýman, seniň batyrlaryňy gorky-howsala basar. Olaryň bary Ysaw dagynda gyrlyp ýok ediler.
10 Doganyň Ýakubyň nesline zalymlyk edeniň üçin, bütin betnam bolarsyň we ebedi ýok edilersiň.
11 Kesekiler olaryň emlägini talan gününde, sen kesede durup seretdiň. Gelmişekler derwezeden girende, Iýerusalim üçin bije çekilende, sen-de olaryň birisi ýaly bolduň.
12 Doganyň – Ýahudanyň nesliniň betbagt gününde gülmeli däldiň. Olara bela inen gününde, sen heşelle kakmaly däldiň. Olaryň hasrat gününde magtanmaly däldiň.
13 Sen Meniň halkyma bela gelen gününde, olaryň derwezesinden girmeli däldiň. Olaryň gyrgynçylyk gününe içiňden begenip seretmek, heläkçilik gününde olaryň emlägine galtaşmak hiç dogry däldi.
14 Ýoluň çatrygynda durup, gaçan adamlary tutmaly däldiň. Hasrat gününde aman galanlary duşmana bermeli däldiň.
15 Çünki, Rebbiň ähli halklara höküm etjek güni golaýlap gelýär. Edom, näme eden bolsaň, saňa-da şol bolar. Edeniň başyňa düşer.
16 Çünki, siz, ýahudalar, Meniň mukaddes dagymda içdiňiz. Ähli halklar-da hemişe şeýle içerler we ýuwdup, asla bolmadyk ýaly bolarlar. Sebäbi jeza käsesinden içerler.
17 Ýöne Siýon dagynda jezadan halas galanlar bolar we Siýon dagy mukaddes bolar. Ýakubyň nesli öz mülküne gowşar.
18 Ýakubyň nesli ot bolar, Ýusubyň zürýady alawa döner. Oduň samany ýakyşy ýaly, olar Ysawyň neslinden yz goýmaz. Ysawyň ilinden gutulany bolmaz. Çünki muny Reb aýtdy.
19 Negep çölüniň halky Ysaw dagyny eýelär. Baýyrlykdaky adamlar piliştleriň topragyny eýelärler. Olar Efraýym hem Samarýa topragyna çenli ýeterler. Benýamin nesli Gilgady eýelär.
20 Sürgün edilen ysraýyl söweşijileri Kenganyň Sarepata çenli ýerlerine eýe bolarlar. Iýerusalimden Separada sürgün edilenler Negepdäki galalary eýelärler.
21 Ýeňijiler Ysaw daglarynyň üstünden höküm sürmek üçin, Siýon dagynyň üstüne çykarlar. Patyşalyk Rebbiňki bolar».