Bap 7

Dat günüme meniň! Çünki men tomus miwesiniň, üzümiň galan-gaçanynyň ýygnalyşy kimindirin; ýekeje salkym ýok iýer ýaly; injiriň ilki miwesini küýseýär göwnüm!
2 Ýer ýüzünde wepadar galmady, ynsanlaryň arasynda dogruçyly ýok. Gan dökmek üçin bukuda ýatýar bary, dogan dogana duzak gurýar.
3 Pis işe türgendir elleri, hökümdarlar, kazylar para soraýarlar, güýçlüler arzuwyna zor bilen amal edýärler. Adalaty ýoýýarlar şeýdip.
4 Iň gowusy tiken kimindir, iň dogruçyly tikenli germewden beterdir. Gözegçileriniň duýduryşy deý, olaryň jeza güni gelip ýetdi. Indi howsala düşýär olar.
5 Dostuňa ynanma, gardaşyňa bil baglama, gujagyňda ýatýan aýalyňyň ýanynda agzyňa bek bol.
6 Çünki ogly atasyny äsgermeýär, gyz enesine garşy gidýär, gelin gaýynenesiniň ýüzüni alýar, öz içeriňiz size duşmandyr.
7 Emma men gözlerimi Rebbe dikerin, Halasgär Hudaýyma bil baglaryn. Maňa gulak asar Hudaýym.
8 Eý, duşmanym, heşelle kakma halyma, ýykylsam-da, galaryn. Garaňkylykda otursam-da, Reb maňa nur bolar.
9 Meniň tarapymy çalyp, höküm edip, tä alyp berýänçä hakym, çekmelidirin Onuň gahar-gazabyn. Çünki men Rebbe garşy günä etdim. Ol meni ýagtylyga çykarar, Men Onuň hakykatyny görerin.
10 «Hany, Hudaýyň Reb nirede?» diýen duşmanym muny görer, ol utanja galar. Duşmanymyň ýykylyşyny öz gözlerim bilen görerin. Köçeleriň palçygy dek, aýak astynda basgylanar ol.
11 Eý, Iýerusalim, diwarlaryň guruljak güni geler! Şol gün uzaklara gider serhet.
12 Şol gün Aşurdan Müsüre, Müsürden Perat derýasyna, deňizden deňze, dagdan daga çenli uzaklardan gelerler size.
13 Emma ilatlaryň etmişleri sebäpli, weýran bolar ýer ýüzi.
14 Ýa Reb, Öz mirasyň bolan bu sürä, Öz halkyňa hasaň bilen çopançylyk et! Olar tokaýlarda, gök ýaýlalarda ýeke ýaşaýarlar; gadymkylar deý Başanda, Gilgatda otlat olary.
15 Bize ajaýyp zatlar görkez Müsürden çykaran döwrüňdäki deý.
16 Milletler muny görüp, öz kuwwatlaryndan utanarlar. Ellerini agyzlaryna tutarlar, gulaklaryny dykarlar.
17 Ýylanlar we süýrenijiler ýaly gum ýalarlar. Galalaryndan titreşip çykarlar. Gorky içinde Hudaýymyz Rebbe tarap öwrülip, Senden heder ederler.
18 Öz mirasyndan aman galanlaryň ýazygyny bagyşlap, günäsini geçýän başga Hudaý barmyka? Gazabyny ebedi saklamaýar Ol, çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär.
19 Rehimi iner Onuň bize ýene-de. Etmişlerimizi aýak astyna atar. Ähli günälerimizi deňziň düýbüne taşlarsyň.
20 Owaldan bäri ata-babalarymyza söz berşiň ýaly, Ýakuba we Ybraýyma wepalylygyňy görkezersiň.