Habakuk

1 2 3


Bap 2

Gözegçilik edýän ýerimde duraryn, Diňiň üstüne çykaryn, Rebbiň maňa näme diýjegini bileýin, Şikaýatyma näme jogap berjegini göreýin.
2 Reb maňa şeýle jogap berdi: «Aýanlygy ýaz, Habarçy bir nazarda okar ýaly Ony düşnükli hem aýdyň edip ýaz.
3 Aýanlyk bellenen wagt üçindir, Ol kyýamat barada aýdýar, bu ýalan däl, Haýal bolsa-da, sen oňa garaş, Ol wagt hökman geler, eglenmez.
4 Sered-ä olaryň tekepbirligine! Olaryň niýeti betpäl, Emma dogruçyl iman bilen ýaşar».
5 Tekepbirler şerap deý hilegärdirler, Olarda ynjalyk bolmaz, Ölüler dünýäsi ýaly açgözdürler, Doýmazlar asla ölüm ýaly. Bütin milletleri ýanlaryna toplap, Ähli halklary basyp alýarlar olar.
6 Ýesirler olary ýaňsylap diýýärler: «Ogurlanan zatlary toplaýanyň dat gününe! Haçana çenli agyr girewleri öz üstüňe aljak?».
7 Algydarlaryňyz bir gün duýdansyz peýda bolup, Oýanyp, sizi gorkudan titretmezlermi? Onsoň siz olara olja bolarsyňyz.
8 Köp milletleri talandygyňyz üçin, Ynsanlaryň ganyny döküp, Ýurda, şäherlere we ilatyna sütem edendigiňiz üçin, Halklaryň aman galanlary sizi talarlar.
9 Öýüni haram gazanç bilen doldurýanyň, Betbagtlyk penjesinden gaçmak üçin, Öýüni belentlikde gurýanyň dat gününe!
10 Köp halklaryň soňuna çykmak bilen Öz öýüňizi utanja goýduňyz, Janyňyzdan mahrum bolduňyz.
11 Hatda diwar daşlary bu barada gygyrarlar, Agaç pürsi jogap berer.
12 Gan döküp, şäher guranyň, Adalatsyzlyk bilen galanyň düýbüni tutanyň Dat gününe!
13 Halklaryň çeken zähmetiniň biderek bolmagy, Milletleriň özlerini biderek kösemegi Bu Hökmürowan Rebbiň işi dälmidir?
14 Suwlaryň deňzi dolduryşy deýin, Bütin ýer ýüzi-de, Rebbiň şöhraty hakyndaky bilimden dolar.
15 Ýalaňaçlygyna tomaşa etjek bolup, Goňşularyny şerapdan serhoş edýänleriň dat gününe!
16 Şan-şöhratyňyz utanja öwrüler, Indi siz hem içip, serhoş ýörersiňiz, Reb size sag elindäki jeza käsesinden içirer, Şonda siz abraýdan düşüp, ile ryswa bolarsyňyz.
17 Liwanda eden sütemiňiz öz başyňyza geler, Gyran haýwanlaryňyz sizi uly howpa salar, Çünki siz ynsan ganyny dökdüňiz, Ýurtlara, şäherlere ilaty bilen sütem etdiňiz.
18 Hünärmendiň ýasan oýma we guýma butlarynyň, Ýalançylygy öwretmekden başga ne haýry bar? Ýasalan zat diňe but bolup, gepläp bilmese-de, Hünärment öz ýasan zadyna bil baglaýar.
19 Agaja: «Oýan!» Dilsiz daşa: «Tur!» diýýäniň, dat gününe! But ýol görkezip bilermi? Altyn-kümşe gaplanandyr ol, Ýöne içinde jany bolmaz.
20 Emma Özüniň mukaddes ybadathanasyndadyr Reb, Goý, bütin dünýä dymsyn Onuň öňünde!