Bap 12

Pygamberlik sözi. Bu Rebbiň Ysraýyl hakyndaky sözüdir. Gögi ýaýan, ýeri esaslandyran we ynsan ruhuny ýaradan Reb şeýle diýýär:
2 «Men Iýerusalimi daş-töweregindäki halklar üçin başyňy aýlaýan şeraply bir käse ederin. Iýerusalim gabawa düşende, bu käseden Ýahuda-da içer.
3 Şol gün Men Iýerusalimi ähli halklar üçin agyr daş ederin. Ony göterenleriň ählisi özlerine zeper ýetirer. Ýer ýüzüniň ähli halklary birleşip, Iýerusalimiň garşysyna çykarlar.
4 Şol gün Men atlaryň baryny guduzladaryn, üstündäkileri bolsa dälirederin. Beýleki halklaryň atlarynyň gözlerini kör ederin, emma Ýahuda neslini Öz nazarymda saklaryn. Muny Reb diýýär.
5 Şonda Ýahuda baştutanlary öz-özlerine: „Özleriniň Hudaýy Hökmürowan Rebde kuwwatlanan Iýerusalimiň halky biziň gujur-gaýratymyzdyr“ diýerler.
6 Şol gün Men ýahuda baştutanlaryny oduň ortasynda ýanýan bir maňňal ýaly, bugdaý dessesiniň içinde alawlap ýanýan çyra ýaly ederin. Olar sag-solundaky halklaryň ählisini ýakyp-ýandyrarlar. Iýerusalim ýene-de özüniň öňki ýerinde oturar».
7 Dawudyň nesilleriniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň şöhraty Ýahudadan öňe geçmez ýaly, Reb ilki ýahuda halkyna ýeňiş berer.
8 Reb şol gün Iýerusalimiň halkyny gorar. Olaryň iň ejizi Dawut ýaly bolar. Dawudyň nesli Hudaý ýaly, öňe çykan Rebbiň perişdesi ýaly bolar.
9 «Şol gün Men Iýerusalimiň garşysyna çykýan halklaryň ählisini derbi-dagyn etmäge girişerin.
10 Men Dawudyň nesliniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň üstüne merhemet we ýalbaryş ruhuny dökerin. Olar özleriniň deşim-deşim edenine, ýagny Maňa serederler, ýalňyz ogly üçin ýas tutýan ýaly ýas tutarlar, nowbahar ogly üçin ahy-nala çekýän ýaly ajy gözýaş dökerler.
11 Şol gün Iýerusalimde tutuljak ýas Megido düzlügindäki Hadatrimmonda tutulan ýas ýaly agyr bolar.
12 Ýurtda her kowumyň maşgalasy özbaşdak, aýallary aýry, erkekleri aýry ýas tutar: Dawudyň kowumynyň erkekleri aýry, aýallary aýry; Natanyň kowumynyň erkekleri aýry, aýallary aýry;
13 Lewiniň kowumynyň erkekleri aýry, aýallary aýry; Şimginiň kowumynyň erkekleri aýry, aýallary aýry;
14 şeýle hem ähli galan kowumlaryň erkekleri aýry, aýallary aýry ýas tutar».