Pawlusyň Rimlilere haty

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16


Bap 7

Eý doganlar, (kanuny bilýänlere gürrüň berýärin) siz adam dirikä kanunyň oňa agalyk edýänini bilmeýärsiňizmi?
2 Ärli aýal diri ärine kanun arkaly baglydyr, äri ölse welin, nika kanunyndan boşaýar.
3 Şoňa görä-de, aýal äri dirikä başga äre barsa, oňa zynahor diýler, ýöne äri ölse, ol kanundan azatdyr, başga äre barsa hem zynahor däldir.
4 Eý doganlar, siz hem şonuň ýaly başga Biriniňki, ýagny Direleniňki bolmak üçin, Hudaýa hasyl getirer ýaly, Mesihiň bedeni arkaly kanuna öldüňiz.
5 Sebäbi biz teniň hökümi astyndakak, kanun arkaly oýarylan günä höwesleri ölüm hasylyny getirmek üçin, synalarymyzda işleýärdi.
6 Emma indi, ýazgy köneliginde däl, ruhuň täzeliginde gulluk eder ýaly, tutulanymyza ölenimiz üçin, kanundan boşadylandyrys.
7 Indi näme diýeliň? Kanun günämidir? Ýok! Ýöne kanun ara düşmedik bolsa, günäni tanamazdym, kanun: «Açgöz bolma» diýmedik bolsa, açgözlükden hem hiç zat bilmezdim.
8 Emma günä bu buýruk arkaly bahana tapyp, içimde her hili açgözlügi döretdi, çünki günä kanundan üzňelikde ölüdir.
9 Men bir wagtlar kanundan üzňelikde diridim, ýöne buýruk gelende, günä janlandy.
10 Men hem öldüm. Şeýlelikde, ýaşaýyş üçin berlen buýrugyň özi maňa ölüm üçin bolup çykdy.
11 Sebäbi günä buýruk arkaly bahana tapyp, meni aldawa saldy, ol arkaly öldürdi.
12 Şoňa görä-de, kanun mukaddes, buýruk hem mukaddes, adalatly we oňatdyr.
13 Şeýlelikde, oňat bolan zat maňa ölüm boldumy? Ýok! Ýöne günä buýruk arkaly çendenaşa günäli bolar ýaly, günä ― günä bolup görünsin diýip, oňat zat arkaly maňa ölüm hasyl etdi.
14 Kanunyň ruhudygyny bilýäris, ýöne men tene degişli bolup, günäniň guly hökmünde satylandyryn.
15 Sebäbi men näme edýänimi bilmeýärin, ýagny islän zadymy etmän, ýigrenen zadymy edýärin.
16 Eger-de islemeýän zadymy edýän bolsam, onda kanunyň oňatdygyny tassyklaýandyryn.
17 Ýöne ony edýän indi men däl-de, meniň içimde mesgen tutan günädir.
18 Çünki mende, ýagny tenimde ýagşy zadyň mesgen tutmandygyny bilýärin, sebäbi mende gowulyk islegi bar, ýöne gowy zady etmegi başarmaýaryn.
19 Çünki isleýän ýagşy işimi edemok-da, islemeýän erbet işimi edýärin.
20 Men islemeýänimi edýän bolsam, onda ony edýän indi men däl-de, meniň içimde mesgen tutan günädir.
21 Şeýlelikde, men bu kanuny tapýaryn, ýagşylyk etjek bolamda, mende erbetlik häzir bolýar.
22 Hudaýyň kanunyndan içki tebigatyma görä lezzet tapmaýaryn.
23 Öz synalarymda başga bir kanuny görýärin. Ol pikirimiň kabul eden kanunyna garşy söweşip, meni synalarymdaky günä kanunyna ýesir edýär.
24 Ne biçäre adam men! Bu ölüm teninden meni kim halas eder?
25 Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaýa şükür edýärin. Men indi pikir bilen Hudaýyň kanunyna, ýöne ten bilen günä kanunyna gulluk edýärin.