1 Korintoslylara haty

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16


Bap 7

Indi siziň ýazan zatlaryňyz hakda: bir adama aýala el degirmezlik ýagşydyr.
2 Ýöne ahlaksyzlykdan saklanmak üçin, her kişiniň öz aýaly we her aýalyň öz äri bolsun.
3 Är aýalyna, şeýle hem aýal ärine mähribanlyk borjuny berjaý etsin.
4 Aýalyň öz tenine ygtyýary ýokdur, bu ygtyýar äriňkidir we şonuň ýaly, äriň-de öz tenine ygtyýary ýokdur, bu ygtyýar aýalyňkydyr.
5 Diňe oraza we doga bilen meşgul bolar ýaly, ylalaşyga görä, wagtlaýynça bolmasa, biri-biriňizi är-aýallyk hakyndan mahrum etmäň. Wagtlaýyn aýrylsaňyz-da, şeýtan nebsiňize buýurmak babatda sizi synaga salmaz ýaly, ýene-de birleşiň.
6 Emma muny buýruk däl-de, rugsat hökmünde aýdýaryn.
7 Men ähli adamlaryň özüm ýaly bolmagyny arzuw edýärin, ýöne her kişiniň Hudaýdan öz sylagy bardyr; biriniňki bir hili, başga biriniňki başga hilidir.
8 Emma öýlenmediklere, dul hatynlara, meniň ýaly galsalar, olar üçin ýagşydyr diýýärin.
9 Nebislerine buýrup bilmeýän bolsalar, onda öýlensinler, sebäbi öýlenmek yşk oduna ýanmakdan gowudyr.
10 Öýlenenlere bolsa men däl-de, Reb: «Aýal ärinden aýrylmasyn» diýip, buýruk beripdir.
11 Eger-de aýrylan bolsa, ärsiz galsyn ýa-da äri bilen ýaraşsyn. Är-de aýalynyň talagyny bermesin.
12 Beýlekilere bolsa Reb däl-de, men diýýärin: bir doganyň iman etmedik aýaly bar bolsa, ol aýal hem onuň bilen ýaşamaga razy bolsa, ol onuň talagyny bermesin.
13 Bir aýalyň iman etmedik äri bar bolsa, äri hem onuň bilen ýaşamaga razy bolsa, onda ol ärinden aýrylmasyn.
14 Çünki iman etmedik är imanly aýaly arkaly mukaddes edilendir, iman etmedik aýal hem imanly är arkaly mukaddes edilendir, ýogsa, çagalaryňyz hapa bolardy, ýöne häzir mukaddesdir.
15 Ýöne iman etmedik aýrylsa, goý aýrylsyn. Dogan ýa-da aýal dogan beýle ýagdaýlarda bagly däldir. Hudaý bizi parahat ýaşamaga çagyrandyr.
16 Çünki, eý aýal, sen äriňi halas edip-etmejegiňi nireden bilýärsiň? Eý är, sen aýalyňy halas edip-etmejegiňi nireden bilýärsiň?
17 Ýöne Reb her kesi nähili bellän bolsa, Hudaý kimi nähili çagyran bolsa, ol şeýle gezsin. Men bu buýrugy ähli ýygnaklara berýärin.
18 Kim sünnetlikä çagyrylan bolsa, sünnetsiz bolmasyn. Kim sünnetsizkä çagyrylan bolsa, sünnetlenmesin.
19 Sünnetlilik-de hiçdir, sünnetsizlik-de hiçdir, iň möhümi Hudaýyň buýruklaryny berjaý etmekdir.
20 Kim nähili ýagdaýda çagyrylan bolsa, şonda galsyn.
21 Gulkaň çagyrylan bolsaň, gaýgy etme, ýöne azat bolmagy başarsaň, pursatdan peýdalan.
22 Çünki gulka Reb tarapyndan çagyrylan adam Rebbiň erkin adamydyr, şonuň ýaly, erkinlikde çagyrylan-da Mesihiň guludyr.
23 Siz bir baha satyn alyndyňyz, adamyň guly bolmaň.
24 Doganlar, kim nähili ýagdaýda çagyrylan bolsa, şol ýagdaýda Hudaýyň huzurynda galsyn.
25 Gyzlar hakda Rebden buýrugym ýok; ýöne Rebbiň merhemeti saýasynda sadyk kişi hökmünde maslahat berýärin.
26 Meniň pikirimçe, häzirki aladaly ýagdaý zerarly, adama öz bolşy ýaly galmak ýagşydyr.
27 Bir aýala baglymysyň? Onda, aýryljak bolma. Aýaldan aýryldyňmy? Onda, aýal gözleme.
28 Ýöne öýlenseň hem günä eden dälsiň, gyz-da äre çyksa, günä eden däldir. Emma öýlenenleriň ýaşaýyşda muşakgaty bolar, men size dözemok.
29 Ýöne, eý doganlar, size aýdýaryn: wagt gysgadyr. Mundan beýläk aýaly barlar aýaly ýoklar ýaly,
30 aglaýanlar hem aglamaýanlar ýaly, şatlanýanlar hem şatlanmaýanlar ýaly, mal alanlar hem maly ýoklar ýaly,
31 dünýäden peýdalanýanlar hem peýdalanmaýanlar ýaly bolsun, sebäbi dünýäniň häzirki ýagdaýy geçegçidir.
32 Men siziň gaýgysyz bolmagyňyzy isleýärin. Öýlenmedik kişi Rebbi hoşnut etjek bolup, Onuň işleriniň aladasyny edýändir.
33 Ýöne öýlenen aýalyny hoşnut etjek bolup, dünýä işleriniň aladasyny edýändir.
34 Ärli aýal bilen gyzyň arasynda-da parh bardyr. Ärsiz aýal hem tende, hem-de ruhda mukaddes bolar ýaly, Rebbiň işleriniň aladasyny edýändir, ýöne ärli aýal ärini hoşnut etjek bolup, dünýä işleriniň aladasyny edýändir.
35 Men muny siziň boýnuňyza syrtmak salmak üçin däl-de, eýsem, edepli bolup, pikiriňizi dagatman, Rebbe berler ýaly, öz peýdaňyz üçin aýdýaryn.
36 Emma biri öz gelinligi bilen gelşiksiz iş edýändir öýtse, gyzyň hem ýaşy geçen bolup, öýlenmek zerur bolsa, ol halanyny etsin, günä edýän däldir. Olar öýlensin.
37 Emma kim niýetinde berk durup, mätäçlik çekmän, nebsine buýrup, gelinligi bilen öýlenmezligi ýüregine düwen bolsa, onda ol gowy edýär.
38 Şeýle, adaglysy bilen öýlenen gowy edýär, ýöne öýlenmedik ondan-da gowy edýär.
39 Aýal, äri ölýänçä, oňa baglydyr. Eger-de äri ölse, öz islänine barmaga azatdyr, ýöne Rebde bolmalydyr.
40 Eger-de ol ärsiz galsa, meniň pikirimçe, has hem bagtyýardyr. Mende-de Hudaýyň Ruhy bardyr diýip pikir edýärin.