1 Selaniklilere haty

1 2 3 4 5


Bap 4

Mahlasy, eý doganlar, nähili gezmelidigi, Hudaýy nähili hoşnut etmelidigi barada bizden öwrenişiňiz ýaly, şoňa görä-de gezişiňiz ýaly, bu işde has köp ilerlemegiňizi Reb Isanyň ady bilen sizden haýyş edip ýalbarýarys.
2 Biziň Reb Isadan gelen haýsy buýruklary size berenimizi bilýänsiňiz.
3 Hudaýyň isleýäni, mukaddes bolmagyňyz üçin, zynadan saklanmagyňyz,
4 her kişiniň Hudaýy tanamaýan milletler ýaly haram keýp bilen däl-de,
5 öz bedenine mukaddeslik we hormat bilen eýelik etmegi, bu zatda hetdinden aşman, öz doganynyň hakyny iýmezligidir.
6 Çünki ozal size aýdyp güwä geçişimiz ýaly, bütin bu zatlar üçin Reb adamlary jezalandyrar.
7 Sebäbi Hudaý bizi hapalyga däl-de, mukaddeslige çagyrdy.
8 Bu çakylygy ret edýän adam, ynsany däl-de, size Öz Mukaddes Ruhuny beren Hudaýy ret edýändir.
9 Dogan söýgüsi hakda bolsa, size ýazmagymyzyň geregi ýok, çünki Hudaý birek-biregi söýmegi size öwredendir.
10 Aslyýetinde, siz tutuş Makedoniýadaky ähli doganlary-da söýýärsiňiz. Doganlar, biz sizden bu söýgiňizi has köp artdyrmagyňyzy haýyş edýäris.
11 Size buýruşymyz ýaly, gep-gürrüňsiz gezmek, öz işiňize gydyrdap, öz elleriňiz bilen işlemek üçin yhlasly boluň.
12 Şeýlelikde, keseki adamlaryň öňünde hormat bilen gezersiňiz, hiç bir zada zar bolmarsyňyz.
13 Doganlar, beýleki umytsyzlar ýaly gaýgy çekmezligiňiz üçin, ölen imanlylar hakda siziň maglumatsyz bolmagyňyzy islemeýäris.
14 Biz Isanyň ölüp direlenine ynanýarys. Ine, şeýle-de, Hudaý Isa bagly bolup ölenleri hem Onuň bilen bile yzlaryna getirer.
15 Rebbiň sözüne daýanyp, size şuny aýdýarys: biz diriler, Rebbiň gelmegine çenli galanlar, ölen imanlylardan asla öňe çykmarys.
16 Çünki Rebbiň Özi emirli gygyryş bilen, baş perişdäniň sesi bilen, Hudaýyň surnaýy bilen Gökden iner, şeýlelikde, ilki bilen Mesihe degişli ölüler direler.
17 Ondan soňra biz, galan diriler olar bilen bile Rebbi howada garşylamak üçin, bulutlar içinde alnyp göterileris. Şeýlelikde, elmydama Reb bilen bile bolarys.
18 Ine, şu sözler bilen biri-biriňize göwünlik beriň.