2 Selaniklilere haty

1 2 3


Bap 2

Rebbimiz Isa Mesihiň gelmegi we Onuň bilen bilelikde bolmak üçin ýygnanyşmagymyz hakda, eý doganlar, sizden haýyş edýäris:
2 Rebbiň gününiň gelip ýetenligini aýdýan bir ruh, bir söz ýa bizden baran ýaly edip görkezilen bir hat siziň pikiriňizi haýdan-haý sarsdyrmasyn, gorka salmasyn.
3 Özüňizi hiç kime hiç bir ýol bilen aldatmaň. Çünki imandan dönme gelýänçä, bikanun adam, heläkçilik ogly peýda bolýança, ol gün gelmez.
4 Bu adam Hudaý diýilýän ýa-da çokunylýan her zada garşy durup, özüni hemmeden ýokary tutar, hatda Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, özüni Hudaý diýip yglan eder.
5 Men heniz siziň ýanyňyzdakam, bulary size aýdanym ýadyňyza düşmeýärmi?
6 Öz wagtynda peýda bolar ýaly, indi bu adamy nämäniň bökdeýänini özüňiz bilýänsiňiz.
7 Çünki bikanunlyk syry şu wagt hem hereketde, ýöne ony bökdeýän aradan aýrylýança, öz işini dowam etdirer.
8 Şonda şol bikanun adam peýda bolar, ony Reb Isa agzynyň demi bilen öldürer, gelmeginiň haýbaty bilen ýok eder.
9 Ol adam şeýtanyň güýji boýunça, her hili ýalan gudrat, alamat we mugjyza bilen,
10 heläk bolýanlary aldawa salýan her hili ýamanlyk bilen geler. Olar hakykaty söýmegi, şeýdip hem gutulmagy ret edendikleri üçin heläk bolar.
11 Ine, şu sebäpden hem ýalana ynansynlar diýip, Hudaý olara bir aldawçy güýç ýollaýar.
12 Ol muny hakykata ynanman, ýamanlygy halaýanlaryň bary höküm edilsin diýip edýär.
13 Emma biz, eý, Reb tarapyndan söýülýän doganlar, siz üçin hemişe Hudaýa şükür etmäge borçludyrys. Çünki Hudaý sizi Ruh arkaly mukaddes edilip, hakykata ynanmak bilen gutulmagyňyz üçin başlangyçdan saýlady.
14 Ol Rebbimiz Isa Mesihiň şöhratyna gowuşmagyňyz üçin, biziň wagyz edýän Hoş Habarymyz arkaly sizi muňa çagyrdy.
15 Eý doganlar, şoňa görä indi berk duruň! Bizden söz bilen ýa hat arkaly öwrenen taglymatyňyza ýapyşyň.
16 Rebbimiz Isa Mesihiň Özi we bizi söýüp, merhemeti bilen bize baky teselli, ýagşy umyt beren Atamyz Hudaý,
17 siziň ýüregiňize teselli bersin, sizi her oňat işde hem sözde berkitsin.