1 Timoteosa haty

1 2 3 4 5 6


Bap 5

Garry adamy ynjatma, oňa öz ataň ýaly, öwüt-ündew ber.
2 Ýaş ýigitlere öz doganlaryň ýaly, garry aýallara öz eneň ýaly, ýaş aýallara hem öz aýal doganlaryň ýaly, tämiz ahlak bilen öwüt-ündew et.
3 Dul hatynlary, çyndan dul bolsalar syla.
4 Bir dul hatynyň çagalary ýa agtyklary bar bolsa, onda olar öňürti öz maşgalalaryna ýardam etmek bilen, Hudaý ýolunda gezmegi, öz ulularyna bolan borçlaryny ödemegi öwrensinler. Çünki bu Hudaýyň halanydyr.
5 Çyn dul bolup, ýeke galan hatyn umydyny Hudaýa baglaýandyr. Gije-gündiz dileglerde, dogalarda erjellik edýändir.
6 Emma aýşy-eşretde ýaşaýan dul hatyn dirilikde ölüdir.
7 Müýnsüz bolmagy üçin, bu zatlary olara buýur.
8 Biri öz ýakynlarynyň, ylaýta-da, öz maşgalasynyň aladasyny etmeýän bolsa, onda ol imany inkär edip, imansyzdan beter bolandyr.
9 Ýagşy işlerde güwä geçilýän, diňe bir äre aýal bolup, altmyş ýaşdan aşak bolmadyk dul hatyn,
10 oglan-uşak ýetişdiren bolsa, ýatlary myhman alan bolsa, mukaddesleriň aýaklaryny ýuwan bolsa, muşakgat çekýänlere ýardam eden bolsa, her bir oňat işiň yzynda ylgan bolsa, ady dullar depderine ýazylsyn.
11 Ýaş dul hatynlaryň atlaryny ýazmagy ret et. Çünki olar höwese düşüp, Mesihden uzaklaşanlarynda, äre barjak bolar.
12 Şeýlelikde, öňki imany taşlandyklary zerarly, jeza sezewar bolarlar.
13 Mundan başga-da, öýin-öýin aýlanyp, ýaltalyga öwrenişerler. Diňe ýaltalyga öwrenişmek bilen çäklenmän, eýsem, ýaraşyksyz gepleri agza alyp, beýlekileriň işlerine garyşýan gepçiler bolar.
14 Şonuň üçin, men ýaş dul hatynlaryň äre barmaklaryny, çaga dogurmaklaryny, hojalygy dolandyrmaklaryny, duşmana hiç bir myjabat üçin bahana bermezliklerini isleýärin.
15 Çünki käbirleri azyp, eýýäm şeýtanyň yzyna eýerdi.
16 Iman eden bir erkegiň ýa aýalyň dul galan dogan-garyndaşlary bar bolsa, olary goldasyn, imanlylar ýygnagyna agram düşmesin. Şeýle, ýygnak çyn dul hatynlary goldap biler.
17 Ýygnagy oňat dolandyrýan ýaşulular, ylaýta-da, Hudaýyň sözüni ýaýratmakda, öwretmekde zähmet çekýänler iki esse hormata laýyk görülsin.
18 Çünki Mukaddes Ýazgy: «Harman döwýän öküziň agzyny baglama», «Işçi öz hakyna mynasypdyr» diýýär.
19 Iki ýa üç şaýat bolmasa, bir ýaşuly hakdaky aýyplamany kabul etme.
20 Beýlekiler hem gorkar ýaly, günä edýänlere hemmeleriň öňünde temmi ber.
21 Öňünden höküm etmän, hiç zatda birinden ýüz görmän, bu ýazanlarymy goramagyňy Hudaýyň, Mesih Isanyň we saýlanan perişdeleriň öňünde saňa berk tabşyrýaryn.
22 Biriniň depesine el goýmakda howlukma, başga kişileriň günälerine şärik bolma. Özüňi tämiz sakla.
23 Diňe suw içmän, aşgazanyň we ýygy-ýygydan bolýan nähoşlugyň üçin az-kem şerap iç.
24 Käbir adamlaryň günäleri bellidir, höküme olardan öň ýetýändir. Käbirleriniňki bolsa soň aýan bolýandyr.
25 Şonuň ýaly, oňat işler-de bellidir, belli däller-de ýaşyryn galyp bilmez.