Petrusyň ikinji haty

1 2 3


Bap 1

Isa Mesihiň guly, resuly Simun Petrusdan Hudaýymyzyň, halasgär Isa Mesihiň dogrulygy arkaly biziňki bilen bahadaş imana gowşanlara salam!
2 Hudaýy, Rebbimiz Isany tanamakda size merhemet, parahatlyk eçilsin!
3 Onuň Hudaýlyk güýji özümizi şöhrat hem artyklyk bilen çagyran Hudaýy tanamagymyz arkaly ýaşaýşa, takwalyga degişli ähli zady bize bagyş etdi.
4 Şular arkaly bize juda gymmatly, uly wadalar berdi. Şeýle, siziň ýaman höwesler sebäpli dünýäde bolan bozuklykdan gaçyp, şular arkaly Hudaýlyk tebigata şärik bolmagyňyz göz öňünde tutulýar.
5 Şonuň üçin bütin gaýraty sarp edip, imanyňyzda artyklygy, artyklykda bilimi,
6 bilimde nebsiňize buýurmagy, nebsiňize buýurmakda sabry, sabyrda takwalygy,
7 takwalykda dogan söýgüsini, dogan söýgüsinde hem Hudaýyň söýgüsini köpeldiň.
8 Şu zatlar sizde bar bolsa, köpelse, sizi Rebbimiz Isa Mesihi tanamakda bikär hem miwesiz goýmaz.
9 Kimde bu zatlar ýok bolsa, ol kördür, uzagy görýän däldir, öňki günälerinden tämizlenendigini unudandyr.
10 Şonuň üçin, eý doganlar, çagyrylmagyňyzy, saýlanmagyňyzy berkitmek üçin, köpräk gaýrat ediň. Şeýle etseňiz, asla büdremersiňiz.
11 Şeýlelik bilen, Rebbimiz hem Halasgärimiz Isa Mesihiň ebedi Patyşalygyna girme size boldan berler.
12 Şonuň üçin bu zatlary bilip, özüňizdäki hakykata nähili berkidilen hem bolsaňyz, men bulary size ýatladyp durmagy asla bes etmerin.
13 Men bu çadyrdan gidýänçäm, bulary ýadyňyza salmak arkaly, sizi oýarmagy dogry bilýärin.
14 Çünki Rebbimiz Isa Mesihiň-de maňa bildirişi ýaly, basym çadyrymyň çözülmelidigini bilýärin.
15 Göçenimden soň-da, hemişe şu zatlary ýada salyp bilmegiňiz üçin şindi gaýrat edýärin.
16 Çünki size Rebbimiz Isa Mesihiň güýjüni, gelenini aýdanymyzda, ýasama ertekilere eýermedik, biz Onuň uly şöhratyny öz gözümiz bilen gördük.
17 Çünki, iň şöhratly Hudaýdan Oňa: «Meniň Söýgüli Oglum Budur, Ondan razydyryn» diýen ses gelende, Ol Ata Hudaýdan hormat, şöhrat aldy.
18 Biz Onuň bilen mukaddes dagdakak, bu sesiň Gökden gelenini eşitdik.
19 Şeýle, pygamberlik sözi biziň üçin has berkedi. Gün agaryp, daň ýyldyzy ýüregiňizde dogýança, garaňky ýerde nur saçýan çyra ýaly bu söze üns berseňiz, ýagşy edersiňiz.
20 Ozaly bilen, Mukaddes Ýazgynyň pygamberlik sözleriniň hiç biriniň öz-özüňden many çykarma däldigini bilmelisiňiz.
21 Çünki welilik hiç haçan adam islegi bilen dile gelen däldir. Hudaýyň mukaddes adamlary Mukaddes Ruh tarapyndan herekete gelip gepländirler.