Ýahýa gelen ylham

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22


Bap 13

Onsoň deňiz kenaryndaky çägeleriň üstünde durkam, on şahly we ýedi başly bir wagşy haýwanyň deňizden çykyp gelýänini gördüm. Onuň şahlarynyň depesinde on täji bardy, başlarynda küpürçilikli atlar ýazylgydy.
2 Gören janawarym barsa meňzeýärdi. Aýaklary aýynyň aýaklary ýaly, agzy bolsa arslanyň agzy ýalydy. Aždarha oňa öz güýjüni, tagtyny we uly ygtyýar berdi.
3 Janawaryň başlarynyň birine öldürýän ýara degene meňzeýärdi. Ýöne bu öldürýän ýara bitdi. Bütin dünýä täsin galyp, janawaryň yzyna düşdi.
4 Ynsanlar janawara ygtyýar beren aždarha sežde etdiler. «Janawara meňzeş kim bar? Onuň bilen söweşmegi kim başarjak?» diýip, janawara-da sežde etdiler.
5 Oňa tekepbir sözler hem küpürçilikli sözler sowurýan bir agyz berildi. Şeýle hem öz ygtyýaryny kyrk iki aýlap ulanma rugsady berildi.
6 Ol Hudaýa sögmek, Onuň adyna, mesgenine, Gökde mesgen tutanlara sögmek üçin agzyny açdy.
7 Oňa mukaddesler bilen söweşip, olary ýeňme rugsady berildi. Her taýpanyň, her halkyň, her diliň we her milletiň üstünden höküm sürme ygtyýary berildi.
8 Ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň bary, damagy çalnan Guzynyň ýaşaýyş kitabynda dünýä gurlaly bäri ady ýazylmadyk her ynsan oňa sežde eder.
9 Gulagy bar adam eşitsin!
10 Birini tussaga salan tussaga gider, gylyç bilen öldüren gylyçdan ölmelidir. Mukaddesleriň çydap, iman etmegi şu ýerde gerekdir.
11 Onsoň ýerden çykyp gelýän bir janawar gördüm. Onuň bir guzy kimin iki şahy bardy, ýöne aždarha ýaly ses edýärdi.
12 Ol öňki janawaryň bütin ygtyýaryny onuň adyndan ulanyp, ýer ýüzüni we onda ýaşaýanlary öldürýän ýarasy biten öňki janawara zor bilen sežde etdirýärdi.
13 Ol uly alamatlar görkezip, ynsanlaryň gözleriniň alnynda Gökden Ýere ot hem ýagdyrýardy.
14 Ol öňki janawaryň adyndan döretmegine rugsat edilen alamatlary bilen ýer ýüzünde ýaşaýanlary azdyrdy. Olara gylyç bilen ýaralanyp-da, sag galan janawaryň suratynda bir but ýasamagy buýurdy.
15 Oňa janawaryň buty geplesin, bu buta sežde etmeýänleriň hemmesi öldürilsin diýip, janawaryň butuna ýaşaýyş demini berme güýji bagyş edildi.
16 Ol kiçi hem ulularyň, baý hem garyplaryň, azat hem gullaryň, ähli ynsanlaryň sag eline ýa maňlaýyna tagma basdyrdy.
17 Bu tagma janawaryň ady ýa adynyň sany özünde bolmadyklara hiç bir zat satyn aldyrmaýardy hem-de satdyrmaýardy.
18 Bu ýerde akyldarlyk gerek. Aňy bar adam janawara degişli sany hasaplasyn, çünki bu ynsan sanydyr. Onuň sany-da alty ýüz altmyş altydyr.