Iman


  • Ol meni öldürer, mende umyt ýok. Ýollarymyň dogrudygyny Oňa subut ederin. Eýýup 13:15
  • Öz düşünjäňe daýanma, bütin ýüregiň bilen Rebbe bil bagla. Bar işleriňde Ony tana, Ol seniň ýollaryňy dogrular. Süleýmanyň pähimleri 3:5,6
  • Munuň üçin Hökmürowan Reb, Ysraýylyň Mukaddesi şeýle diýýär: «Maňa dolanyp, rahatlyk tapanda halas bolarsyňyz; güýjüňiz asudalykda we ynamda bolar», ýöne siz islemeýärsiňiz. Işaýa 30:15
  • Onsoň Isa olaryň gözlerine elini degrip: «Size imanyňyza görä bolsun» diýdi. Mattanyň Hoş Habary 9:29
  • Isa hem olara diýdi: «Imanyňyzyň ýoklugy üçin. Men size dogrusyny aýdýaryn, bir gorçisa dänesi ýaly-da imanyňyz bolup, şu daga: „Bu ýerden ol ýere göç" diýseňiz, ol göçer, size başartmajak zat bolmaz. Mattanyň Hoş Habary 17:20
  • Isa oňa: «Imanyň bar bolsa, iman edýän üçin hemme zat mümkindir!» diýdi. Markusyň Hoş Habary 9:23
  • Isa olara şeýle jogap berdi: «Hudaýa imanyňyz bolsun. Markusyň Hoş Habary 11:22
  • Çünki Hudaýyň ýanynda bolmajak zat ýokdur». Lukanyň Hoş Habary 1:37
  • Şeýlelikde, iman bilen aklanandygymyz üçin, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşygymyz bardyr. Pawlusyň Rimlilere haty 5:1
  • Şeýlelik bilen, iman eşitmek arkaly, eşitmek hem Hudaýyň sözi arkaly bolýandyr. Pawlusyň Rimlilere haty 10:17
  • Emma şübhe edýän iýse, ol höküm ediler, sebäbi ol muny iman bilen edýän däldir. Imansyz edilen zat günädir. Pawlusyň Rimlilere haty 14:23
  • Bularyň ählisiniň üstesine-de, iman galkanyny ele alyň! Onuň bilen şeýtanyň bütin otly oklaryny öçürmegi başararsyňyz. Efeslilere haty 6:16
  • Biz wepaly galmasak hem, Ol wepaly bolar. Çünki Ol Özüni inkär edip bilmez. Hudaýyň gowy görýän işçisi 2 Timoteosa haty 2:13
  • Meniň dogry adamym iman bilen ýaşar. Eger-de yza çekilse, Men ony halamaryn». Ýewreýlere haty 10:38
  • Iman bolsa, umyt edilen zatlara bil baglamak, görünmeýän zatlara ynamdyr. Ýewreýlere haty 11:1
  • Iman etmezden, Hudaý tarapyndan halanmak mümkin däldir. Hudaýa ýakynlaşan Onuň barlygyna, Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmelidir. Ýewreýlere haty 11:6
  • Gözümizi imanymyzyň Öňbaşçysy, Kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol öňüne goýlan begenç ugrunda utanjy äsgermän, haçdaky ölüme döz gelip, Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy. Ýewreýlere haty 12:2
  • Ýakubyň haty 1:5-8
  • Özümiň Atamdan ygtyýar alşym ýaly, Men-de ýeňene, buýruklarymy soňuna çenli berjaý edene milletler üstünden ygtyýar bererin. Ýakubyň haty 2:26
  • Häzir gerek bolan dürli synaglar üçin gysga wagtlaýyn gaýgyly bolýan siz muňa begeniň. Çünki ot bilen synalýan hem bolsa, pany altyndan gymmatly bolan imanyňyzyň synalmagy Isa Mesih görnende öwgä, şöhrata hem hormata öwrüler. Siz görmedik hem bolsaňyz, Ony söýýärsiňiz; häzir Ony görmeseňiz hem, Oňa iman getirip, imanyňyzyň netijesinde janlaryňyzyň gutulyşyna ýetip, aýdyp bolmaz, şöhratly begenç bilen şatlanýarsyňyz. Petrusyň birinji haty 1:6-9
  • Çünki Hudaýdan dogan kişi dünýäni ýeňýändir, dünýäden üstün çykan ýeňiş biziň imanymyzdyr. 1 Ýahýanyň Hoş Habary 5:4