Söz


  • Saňa garşy günä etmäýin diýip, Seniň wadaňy ýüregimde aýap sakladym. Zebur 119:11
  • Sözleriňiň beýany ýagtylyk berýär, sada ynsanlara düşünje berýär. Zebur 119:130
  • Emma Isa: «Adam diňe bir çörek bilen däl-de, eýsem, Hudaýyň agzyndan çykan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr diýip ýazylgydyr» diýip jogap berdi. Mattanyň Hoş Habary 4:4
  • Gök hem ýer öter, ýöne Meniň sözlerim asla ötmez. Bilinmeýän gün we sagat Mattanyň Hoş Habary 24:35
  • Ozal-başda Söz bardy, Söz Hudaýdady, Söz Hudaýyň Özüdi. Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady; biz Onuň şöhratyny, Atasynyň ýalňyz Oglunyň merhemetden, hakykatdan doly şöhratyny gördük. Ýahýanyň Hoş Habary 1:1,14
  • Ýaşaýyş berýän ruhdur, bedeniň peýdasy ýokdur. Meniň size aýdýan sözlerim ruh hem ýaşaýyşdyr. Ýahýanyň Hoş Habary 6:63
  • Meniň size aýdan sözüm arkaly siz indi tämizsiňiz. Ýahýanyň Hoş Habary 15:3
  • Hakykat sözüni dogry ulanyp, özüňi gowy görülýän, utanmajak işçi hökmünde Hudaýa hödürlejek bolup gaýrat et. 2 Timoteosa haty 2:15
  • Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan hem ruhy, bogunlary hem ýiligi bölýänçä batýandyr, ýüregiň düşünjeleridir niýetlerine höküm edýändir. Ýewreýlere haty 4:12
  • gutulyş üçin ol arkaly öser ýaly, ýaňy dogan çagalar kimin ruhy, hilesiz süýdi küýsäň. Petrusyň birinji haty 2:2