Oryeňiş


  • Musa ysraýyllara: «Gorkmaň! Berk duruň we Rebbiň bu gün siziň üçin amala aşyrjak gutulyşyny görüň. Çünki siz bu günki görýän müsürlileriňizi gaýdyp hiç haçan görmersiňiz. Siziň üçin Reb söweşer. Siz diňe bu ýerde bolsaňyz bolýar» diýdi. Müsürden çykyş 14:13, 14
  • Ýa Reb, meniň bilen dawalaşýanlar bilen Sen dawalaş; meniň bilen söweşýänler bilen Sen söweş; Zebur 35:1
  • Rebbe täze nagmany aýdyň, çünki Ol gudratly işleri etdi. Goly, mukaddes goly, Oňa ýeňiş getirdi. Zebur 98:1
  • Towşanýüreklilere: «Gaýrata galyň! Gorkmaň! Ine, Hudaýyňyz öç almaga gelýär, Ol mynasyp hak bilen gelip, sizi halas eder» diýiň. Işaýa 35:4
  • Reb hem meni ähli ýamanlykdan gutaryp, Gökdäki Patyşalygynda saklar. Ebedi şöhrat Onuňky bolsun! Omyn. 2 Timoteosa haty 4:18
  • Şoňa görä hem biz batyrlyk bilen şeýle diýýäris: «Reb meniň kömekçimdir, men gorkmaryn. Bendesi maňa näme edip biljek?» Ýewreýlere haty 13:6
  • Günä edýän iblisdendir, çünki iblis başlangyçdan bäri günä edip gelýär. Muňa görä-de, Hudaýyň Ogly iblisiň işlerini ýok etmek üçin aýan boldy 1 Ýahýanyň Hoş Habary 3:8