1 patyşalar

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22


Bap 13

Ýarobgam gurbanlyk sypasynyň ýanynda ýakymly ysly tütetgi ýakjak bolup durka, Rebbiň tabşyrygy boýunça Hudaýyň adamy Ýahudadan Beýtele geldi.
2 Ýaňky Hudaýyň adamy Rebbiň tabşyrygy boýunça gurbanlyk sypasyna gygyryp şeýle diýdi: «Eý, gurbanlyk sypasy, Reb şeýle diýýär: „Ine, Dawudyň neslinden bir ogul dünýä iner, onuň ady Ýoşyýa bolar. Ýoşyýa seniň üstüňde sežde edilýän ýerlerde ýakymly ysly tütetgi ýakýan ruhanylaryň özlerini gurbanlyk eder. Üstüňde ynsanlaryň süňkleri ýakylar“».
3 Hudaýyň adamy şol gün bir alamat berip, şeýle diýdi: «Rebbiň aýdan alamaty şudur: „Bu gurbanlyk sypasy çym-pytrak bolup, üstündäki kül dumly-duşa pytrar“».
4 Onuň Beýteldäki gurbanlyk sypasyna gygyryp aýdan sözüni Ýarobgam eşitdi we gurbanlyk sypasynyň ýanyndan elini uzadyp: «Ony tutuň!» diýdi. Ýarobgamyň Hudaýyň adamyna garşy uzadan eli şol bada ysmaz bolup, ol elini yzyna çekip bilmedi.
5 Hudaýyň adamynyň Rebbiň tabşyrygy boýunça görkezen alamatyna görä, gurbanlyk sypasy çym-pytrak bolup, üstündäki kül dumly-duşa pytrady.
6 Patyşa oňa: «Hudaýyň Rebden maňa rehim etmegini sorap, elimiň gutulmagy üçin dileg edäý» diýdi. Şeýdip, Hudaýyň adamy Ýarobgamyň eliniň gutulmagy üçin Rebbe dileg etdi. Onsoň patyşanyň eli gutulyp, öňki halyna geldi.
7 Patyşa Hudaýyň adamyna şeýle diýdi: «Meniň bilen öýe gel-de naharlan. Maňa eden ýagşylygyň üçin men saňa sylag berjek».
8 Emma Hudaýyň adamy patyşa: «Maňa patyşalygyň ýarysyny berseňem, men seniň bilen gitmerin. Bu ýerde çörek iýip, suw-da içmerin.
9 Çünki Reb maňa: „Ol ýerde çörek iýme, suw içme, giden ýoluňdan yzyňa gaýtma“ diýip tabşyrdy» diýip jogap berdi.
10 Şeýdip, ol yzyna Beýtele gelen ýolundan gitmän, başga ýol bilen gaýtdy.
11 Beýtelde bir garry pygamber ýaşaýardy. Onuň ogullaryndan biri gelip, Hudaýyň adamynyň şol gün Beýtelde eden ähli işlerini oňa gürrüň berdi. Olar onuň patyşa diýenleriniň baryny kakalaryna aýdyp berdiler.
12 Kakalary olardan: «Ol haýsy ýoldan gitdi?» diýip sorady. Onuň ogullary Ýahudadan gelen Hudaýyň adamynyň haýsy ýoldan gidendigini kakalaryna görkezdiler.
13 Onsoň pygamber ogullaryna: «Maňa eşegini gaňňalap beriň» diýdi. Olar oňa eşegini gaňňalap berdiler. Pygamber eşegine münüp, Hudaýyň adamynyň yzyndan gidip, ony tapdy. Ol dub agajynyň aşagynda otyrdy.
14 Pygamber ondan: «Sen Ýahudadan gelen Hudaýyň adamymy?» diýip sorady. Ol hem: «Hawa, men şol» diýip jogap berdi.
15 Ol Hudaýyň adamyna: «Ýör, öýe gideli, şol ýerde naharlanaý» diýdi.
16 Emma Hudaýyň adamy: «Men seniň bilen yzyma, öýüňe gidip bilmen; men bu ýerde seniň bilen çöregem iýjek däl, suwam içjek däl» diýdi.
17 Çünki Reb maňa: «Ol ýerde çörek iýme, suw içme, giden ýoluňdan yzyňa gaýtma» diýip tabşyrdy diýdi.
18 Onsoň ol pygamber Hudaýyň adamyna şeýle diýdi: «Men hem seniň ýaly bir pygamberdirin. Rebbiň tabşyrygy boýunça bir perişde maňa: „Ol çörek iýip, suw içer ýaly ony yzyna öwür-de, özüň bilen bile öýüňe alyp gaýt“ diýdi». Ol Hudaýyň adamyny aldaýardy.
19 Onsoň Hudaýyň adamy onuň bilen yzyna gaýtdy we onuň öýüne gelip, çörek edindi, suw içdi.
20 Olar saçak başynda otyrkalar, ony yzyna alyp gaýdan pygambere Rebbiň şu sözi geldi.
21 Ol Ýahudadan gelen Hudaýyň adamyna Reb şeýle diýýär diýdi:
22 «Rebbiň sözüni diňlemän, Hudaýyň Rebbiň özüňe beren tabşyryklaryny saklamadyň. Yzyňa gaýdyp, çörek edinme, suw içme diýlen ýerden iýip-içendigiň üçin ata-babalaryňyň mazarynda jaýlanmarsyň».
23 Hudaýyň adamy iýip-içip bolandan soň, oňa özüni yzyna alyp gaýdan pygamberiň eşegini gaňňalap berdiler.
24 Hudaýyň adamy gidip barýarka, oňa ýolda bir ýolbars duşup, ony öldürdi. Onuň jesedi ýoluň üstünde ýatyrdy, eşek-de, ýolbars-da onuň gapdalynda durdy.
25 Adamlar geçip barýarkalar, ýolda ýatan jesedi hem-de jesediň gapdalynda duran ýolbarsy gördüler. Onsoň olar ýaňky garry pygamberiň ýaşaýan galasyna gelip, bu barada adamlara gürrüň berdiler.
26 Hudaýyň adamyny ýoldan yzyna öwren bu pygamber bolan wakany eşideninde: «Ol Rebbiň sözüne gulak asmadyk Hudaýyň adamydyr; Reb aýdan sözüne görä, ony arslana berip, arslan hem ony parçalap öldüren bolmaly» diýdi.
27 Onsoň ol ogullaryna: «Maňa eşegi gaňňalap beriň» diýdi. Olar oňa eşegi gaňňalap berdiler.
28 Ol pygamber gidip, Hudaýyň adamynyň ýolda ýatan jesedini tapdy. Eşek we ýolbars jesediň gapdalynda duran eken. Ýolbars Hudaýyň adamynyň jesedini iýmändir, eşegi-de parçalamandyr.
29 Ol pygamber Hudaýyň adamynyň jesedini göterip, öz eşeginiň üstüne ýükledi-de, ony yzyna alyp gaýtdy. Ol ýas tutup, ony jaýlamak üçin gala geldi.
30 Pygamber jesedi öz mazarlygynda goýup: «Wah dogan, dogan!» diýip, ogullary bilen Hudaýyň adamynyň ýasyny tutdy.
31 Ol Hudaýyň adamyny jaýlap bolandan soň, ogullaryna şeýle diýdi:
32 «Men ölenimde, meni şu pygamberiň jaýlanan mazarynda jaýlaň, meniň süňklerimi onuň süňkleriniň ýanynda goýuň. Çünki onuň Beýteldäki gurbanlyk sypasy barada Samarýanyň galalaryndaky ähli sežde edilýän ýerler barada, Rebbiň tabşyrygy boýunça gygyryp jar eden zatlarynyň bary hökman amala aşar».
33 Bu wakadan soň hem Ýarobgam özüniň pis işlerinden el çekmedi. Ol ýene-de sežde edilýän ýerlerde ähli halklaryň arasyndan ruhanylar belledi. Ruhany bolmaga isleg bildirenleriň baryny ruhanylyga belledi.
34 Bu günä iş Ýarobgamyň nesilleriniň ýer ýüzünden tutuşlygyna ýok bolmagyna getirdi.