1 patyşalar

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22


Bap 4

Süleýman patyşa bütin Ysraýylyň üstünden şalyk sürdi.
2 Onuň ýanyndaky emeldarlar şulardy: Sadogyň ogly Azarýa ruhanydy,
3 Şişanyň ogullary Elihorep bilen Ahyýa kätiplerdi, Ahyludyň ogly Ýehoşapat ýyl ýazgyjysydy.
4 Ýehoýadanyň ogly Benaýa goşunbaşydy, Sadok bilen Abýatar ruhanylardy.
5 Natanyň ogly Azarýa häkimleriň üstünden garaýardy; Natanyň ogly Zabut bolsa hem ruhany, hem patyşanyň ýaranydy.
6 Ahyşar köşgüň baştutandy; Abdanyň ogly Adonyram bolsa mejbury işdäkileriň üstünden garaýardy.
7 Bütin Ysraýylda Süleýmanyň on iki sany häkimi bardy. Olaryň hersi patyşany we onuň öý-içerisini, gezekli-gezegine, ýylda bir aý azyk bilen üpjün etmelidi.
8 Olaryň atlary şulardy: Efraýym daglyk ýurdunda Benhur,
9 Makasda, Şagalbymda, Beýtşemeşde we Eýlonbeýthananda Bendeker,
10 Arubot ülkesinde Benheset (Soko bilen bütin Heper ýurtlary hem oňa degişlidi),
11 bütin Napatdor ülkesinde Benabynadap (Ol Süleýmanyň gyzy Tapata öýlenipdi),
12 Tagnak, Megido ülkelerinde, Ýizregeliň etegindäki Saretanyň ýanyndaky bütin Beýtşeýan ülkesinde, Beýtşeýandan Abelmehola, Ýokmegamyň aňyrsyna çenli bolan aralykdaky ülkede Ahyludyň ogly Bagana,
13 Ramotgilgat ülkesinde Bengeber (Bengeberde Manaşeniň ogly Ýaýyryň Gilgatdaky obalary bardy. Başandaky Argop etrabynda berk diwarly, derwezeleri bürünç gözenekli altmyş sany uly gala hem oňa degişlidi),
14 Mahanaýym ülkesinde Idonyň ogly Ahynadap,
15 Naftaly ülkesinde Ahymagas (Ol Süleýmanyň gyzy, Bosmata öýlenipdi),
16 Aşer we Begalot ülkelerinde Huşaýyň ogly Bagana,
17 Ysakar ülkesinde Paruwanyň ogly Ýehoşapat,
18 Benýamin ülkesinde Elanyň ogly Şimgi,
19 amorlar patyşasy Sihon hem-de Başan patyşasy Oguň ýurdy bolan Gilgatda Urynyň ogly Geber. Ol bu ýeriň häkimidi.
20 Ýahuda halky bilen ysraýyl halky deňiz ýakasyndaky çäge deý köpdi. Olar iýip-içip, hoşbagtlylykda ýaşadylar.
21 Süleýman Perat derýasyndan piliştliler ýurduna we Müsür serhedine çenli bolan bütin ýurda patyşalyk etdi. Olar Süleýmanyň ömrüniň ahyryna çenli oňa salgyt töläp, hyzmat etdiler.
22 Süleýmanyň köşgüniň bir günlük azygy, iki ýüz otuz batman ýokary hilli undan, dört ýüz altmyş batman adaty undan, on sany baga bakylan öküzden, ýigrimi sany ýaýlada bakylan öküzden, ýüz sany goýundan, ondan daşary-da sugunlardan, jerenlerden, saýgaklardan hem-de semiz guşlardan ybaratdy.
23
24 Çünki ol Perat derýasynyň günbataryndaky ähli welaýatlarda, Tipsadan Gaza çenli bolan aralykdaky Perat derýasynyň günbataryndaky ähli patyşalaryň üstünden höküm sürýärdi. Ol töweregindäki goňşy ýurtlarynyň ählisi bilen asudalykda ýaşady.
25 Süleýmanyň bütin ömrüne Dandan Beýerşeba çenli aralykdaky tutuş Ýahudadaky we Ysraýyldaky her bir adam üzüm we injir agaçlarynyň aşagynda asudalykda ýaşady.
26 Şeýle hem Süleýmanyň söweş arabalaryna goşulýan atlary üçin kyrk müň sany at ýatagy, on iki müň atlysy bardy.
27 Şol häkimleriň her biri Süleýman patyşany we onuň saçagyndan iýmitlenýänleriň baryny, öz bellenen aýlarynda azyk bilen üpjün edýärdi. Olaryň hiç bir zady kemlik etmezdi.
28 Olaryň hersi özüne tabşyrylyşyna görä, ýönekeý we saýlama atlar üçin olaryň saklanýan ýerine arpa we saman getirerdi.
29 Hudaý Süleýmana deňiz kenaryndaky çäge deý uçursyz akyl-paýhas, duýgurlyk hem-de düşünjelilik berdi.
30 Süleýman pähim-paýhasynda bütin gündogarlylardan, bütin müsürlilerden öňe geçdi.
31 Çünki onuň pähim-paýhasy, islendik adamyňkydan, ezraly Eýtanyňkydan, Maholyň ogullary Heýmandyr Kalkolyňkydan we Dardanyňkydan-da ýitidi. Töweregindäki ähli milletleriň arasynda onuň ady meşhurdy.
32 Süleýman üç müň tymsal aýtdy; onuň nagmalary bolsa müňden agdykdy.
33 Ol Liwandaky kedr agajyndan diwaryň ýüzünde gögerýän ýowşan ösümligine çenli bolan agaçlardan söz açardy, haýwanlar, guşlar, süýrenijiler we balyklar barada sözlärdi.
34 Süleýmanyň pähim-paýhasy hakynda eşiden ýer ýüzündäki ähli patyşalar, Süleýmany diňlemäge adam ýolladylar.