2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36


Bap 27

Ýotam patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Ýeruşa Sadogyň gyzydy.
2 Ýotam kakasy Uzyýa ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi; emma ol Rebbiň ybadathanasyna girmedi. Halk entek hem erbet işleri edýärdi.
3 Ýotam Rebbiň öýüniň demirgazyk derwezesini gurdy. Ofel diwarynyň üstünde hem köp gurluşyk işlerini etdi.
4 Bulardan daşary-da, Ýotam Ýahuda daglarynda şäherler gurdy we tokaýlyklarda galalar we diňler saldy.
5 Ýotam ammonlaryň patyşasyna garşy urşup, olardan üstün çykdy. Ammonlar şol ýyl Ýotama ýüz ýetmiş batman kümüş, ýigrimi bäş müň çuwal bugdaý we on müň ölçeg arpa berdiler. Ammonlar oňa ikinji we üçünji ýylda ýene şonça mukdarda berdiler.
6 Hudaýy Rebbiň öňünde wepalylygyny saklandygy üçin Ýotam kuwwatlandy.
7 Ýotamyň beýleki işleri, ähli alyp baran uruşlary hem-de eden işleri Ysraýyl we Ýahuda patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr.
8 Ýotam patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on alty ýyl patyşalyk etdi.
9 Ýotam ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda jaýlandy. Ogly Ahaz onuň ýerine patyşa boldy.