2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36


Bap 6

Şonda Süleýman şeýle diýdi: «Reb tüm garaňkylykda mesgen tutjakdygyny aýtdy.
2 Men Saňa baky mesgen tutaryň ýaly, uçursyz gözel öý gurdum».
3 Onsoň patyşa halka tarap öwrülip, bütin ysraýyl jemagatyna ak pata berdi. Bütin ysraýyl jemagaty dik durdy.
4 Süleýman şeýle diýdi: «Kakam Dawuda: „Men Öz halkymy Müsürden çykaralym bäri, Maňa ybadat etmäge öý gurmaklary üçin ysraýyl tirelerinden ýekeje şäheri-de saýlamadym.
5 Men ysraýyl halkyma şalyk eder ýaly hiç kimi saýlamadym.
6 Ýöne indi adym şol ýerde bolsun diýip, Iýerusalimi saýladym we ysraýyl halkyma şalyk etsin diýip, Dawudy patyşalyga saýladym“ diýip beren wadasyny berjaý eden Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!
7 Kakam Dawut Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat üçin öý gurmagy ýüregine düwüpdi.
8 Emma Reb kakam Dawuda: „Maňa ybadat üçin öý gurmagy ýüregiňe düwmek bilen sen gowy etdiň;
9 ýöne şeýle-de bolsa öýi sen gurmarsyň. Seniň biliňden önen ogluň Maňa ybadat üçin öý gurar“ diýdi.
10 Ine, Hudaý Öz beren wadasyny berjaý etdi, çünki men kakam Dawudyň ýerine geçdim. Rebbiň wada berşi ýaly, men Ysraýylyň tagtynda otyryn. Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat üçin öý gurdum.
11 Sandygy men şol öýde goýdum. Rebbiň ysraýyl halky bilen eden ähti şonuň içindedir».
12 Soňra Süleýman Rebbiň gurbanlyk sypasynyň hem bütin ysraýyl halkynyň öňünde durup, ellerini uzatdy.
13 Süleýman uzynlygy we ini bäş tirsek, beýikligi üç tirsek bolan bürünç seki ýasadyp, ony howluda goýdy-da, onuň üstünde durdy. Soňra ol bütin ysraýyl halkynyň öňünde dyza çöküp, ellerini göge tarap uzatdy:
14 «Eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, ýerde-de, gökde-de Seniň ýaly Hudaý ýokdur. Bütin kalplary bilen ýoluňdan ýöreýän gullaryň üçin Sen ähtiňi, sadyk söýgüňi saklaýarsyň.
15 Sen guluň kakam Dawuda beren wadaňy berjaý etdiň. Şu gün Seniň ähli aýdan sözleriň amala aşdy.
16 Şonuň üçin hem, eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, guluň kakam Dawuda: „Eger seniň ogullaryň Maňa gulak asyp, seniň ýöreýşiň ýaly, Meniň hakykat ýolumdan ýöreseler, seniň nesliňden hiç bir adam Ysraýylyň tagtyndan aýrylmaz“ diýip beren wadaňy berjaý et.
17 Şonuň üçin hem, eý, Ysraýyl Hudaýy Reb, goý, guluň kakam Dawuda beren wadaň amala aşsyn!
18 Emma Hudaý ýerde ynsanlaryň arasynda mesgen tutarmy? Hatda Seni gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär. Onsoň meniň bu salan öýüm dagy nämejik!
19 Ýöne şonda-da, ýa Beýik Hudaýym, Sen guluň dilegine hem-de ýalbaryşyna gulak sal-da, guluňyň edýän nalyşyny we dilegini kabul et.
20 Gözleriň gije-gündiz Özüňe ybadat etmekleri üçin saýlan şu öýüňde bolsun. Guluňyň şu ýere tarap bakyp edýän dilegini eşit.
21 Öz ysraýyl halkyň we men guluň şu ýere tarap bakyp dileg edenimizde, guluňyň, halkyň ysraýylyň nalyşlaryny eşit. Öz gökdäki mesgeniňden eşit-de, bizi bagyşla.
22 Bir adam başga bir adama garşy günä edip, ant içmäge mejbur edilse, ol gelip, şu öýde Seniň gurbanlyk sypaňyň öňünde günäsizdigine ant içse,
23 şonda Sen gökde eşit-de, oňa jogap ber. Gullaryňa höküm edip, günälä günäsine görä jeza ber, günäsizi akla-da, dogrulygyna görä syla.
24 Seniň halkyň ysraýyl Saňa garşy günä edenligi zerarly duşman öňünde ýeňlişe sezewar bolanda, täzeden Saňa ýüz tutup, Seniň adyňy ykrar etse, şu öýde Saňa dileg edip, ýalbarsa,
25 şonda Sen gökde eşit-de, halkyň ysraýylyň günäsini geçip, olary yzlaryna, özlerine we atalaryna beren ýurduňa getir.
26 Garşy günä edendikleri zerarly gök ýapylyp, ýagmyr ýagmadyk mahaly, olar şu ýere tarap bakyp, dileg edip, Seniň adyňy ykrar etseler, Seniň hasrat çekdirenleriň hem günäleri üçin toba etseler,
27 şonda Sen gökde eşit-de, Öz gullaryň bolan ysraýyl halkynyň günäsini geçip, olara dogry ýoldan ýöremegi öwret. Öz halkyňa miras hökmünde beren ýurduňa ýagmyr ýagdyr.
28 Eger ýurtda açlyk ýa gyrgyn keseli bolsa, epgek, ygaldan çüýremeklik, çekirtge ýa-da gurçuk peýda bolsa, eger duşmanlary öz islendik galalarynda olara sütem etseler, nähili bela, nähili kesel bolsa-da,
29 islendik adam ýa-da ysraýyl halky tarapyndan nähili dilegdir nalyş edilen bolsa, her kes öz ýürek hasratynyň derdini bilip, şu öýe tarap ellerini gerse,
30 şonda Sen gökde Öz mesgeniňde eşit-de, olary bagyşla we olara ýardam et. Her kese eden işine görä jogap ber, çünki her ynsanyň ýüregini diňe Sen bilýänsiň.
31 Şeýdip, olar Seniň atalarymyza beren ýurduňda ömürboýy ýoluňdan ýöräp, Senden gorkup ýaşasynlar.
32 Halkyň ysraýyldan bolmadyk, ýöne Seniň beýik adyň, gudratyň hem-de Öz halkyň üçin eden beýik işleriň barada eşidip, uzak ýurtdan gelen keseki şu öýde dileg etse,
33 Sen gökde, Öz mesgeniňde ony eşit-de, dünýäniň ähli halklarynyň ysraýyl halky ýaly Seniň adyňy bilip, Senden gorkup, Saňa ybadat üçin guran öýümi bilerleri ýaly, kesekiniň dilegine-de jogap ber.
34 Eger halkyň Seniň iberen ýoluň bilen duşmanlaryna garşy söweşe çykyp, Seniň saýlan şäheriňe, meniň Saňa ybadat üçin guran öýüme tarap bakyp, Saňa dileg etse,
35 şonda Sen gökde olaryň dileglerini, nalyşlaryny eşidip, olara duşmanlarynyň üstünden ýeňiş ber.
36 Olar Saňa garşy günä etseler–günä etmeýän adam ýokdur – Sen gazaplanyp, olary duşman eline berseň, duşman olary ýesir edip, ýakyn-u uzak ýurda äkitse,
37 olar hem ýesirlige äkidilen ýurtlarynda oýlanyp toba edip, ýalbaryp: „Biz nähaklyk etdik, günä gazandyk, pislik etdik“ diýip,
38 özlerini ýesir alan duşmanlarynyň ýurdunda päk kalplary we jan-tenleri bilen Saňa ýüzlenip, atalaryna beren ýurduňa, Öz saýlan şäheriňe, Saňa ybadat üçin guran öýüme tarap bakyp, dileg etseler,
39 şonda Sen Öz gökdäki mesgeniňde olaryň dileglerini, nalyşlaryny eşit-de, olaryň dadyna ýetiş. Saňa garşy günä eden halkyňy bagyşla.
40 Indi eý, Hudaýym, goý, bu ýerde edilen dilegi Seniň gözleriň görsün we gulaklaryň eşitsin.
41 Ýa Beýik Hudaý, indi Sen Öz mesgeniňe çyk, Özüň hem gudrat sandygyň-da çyksyn! Ýa Beýik Hudaý, goý, ruhanylaryň gutulyşa beslensin, Sadyklaryň Seniň gowulygyňa guwansynlar!
42 Eý, Beýik Hudaý, seçip saýlanyňy ret etme. Guluň Dawuda görkezen sadyk söýgüňi ýada sal».