Bap 1
Wah, öň adamdan doly şäher, indi ýalňyz boşap galdy! Milletler arasynda beýik bolan indi dul hatyna meňzäp galdy! Öň welaýatlaryň melikesi bolan, indi gyrnaga öwrüldi! 
 ב 
2 Gijesine zar-zar aglaýar, ýaňaklarynda gözýaşy. Oýnaşlaryndan köşeşdirýän ýok ony. Ähli dostlary haýynlyk edip, oňa duşman boldular. 
 ג 
3 Ýahuda köp hasrat we agyr zähmet çekdi, indi bolsa ýesir edip äkidildi. Ol milletler arasynda ýaşaýar. Ol hiç bir dynçlyk tapman, betbagtlyga uçranynda, kowguçylarynyň eline düşdi. 
 ד 
4 Siýona barýan ýollar ýas baglaýar, çünki baýramçylygyna gelýän ýok. Ähli derwezeleri çolaryp galan, ruhanylary ahy-nala çekýär. Gaýgy-hasrat çekýär ýaş gyzlary, özi hem gam-gussa batýar. 
 ה 
5 Ýagylary hökümdar bolýar, duşmanlary rowaçlanýar. Ýazygynyň agyrdygy üçin Reb bu hasraty çekdirdi Siýona. Duşmanynyň öňüne salnyp, çagalary sürgün edildi onuň. 
 ו 
6 Siýon gyzynyň ähli şan-şöhraty gaçdy. Ýolbaşçylary öri tapmaýan keýik kimindi, kowguçylardan gaçmaga mejallary ýokdy. 
 ז 
7 Hasratly hem sergezdanlyk gününde Iýerusalim öňki günlerdäki eýe bolan baýlygyny ýatlaýar. Halky duşmanyň eline düşende, hiç kim oňa kömek etmedi. Ol ýer bilen ýegsan bolanda, duşmany üstünden güldi. 
 ח 
8 Iýerusalim agyr günä etdi, şeýdip, ol gülki boldy. Öňki sylaýanlar ýalaňaçlygyny görüp, indi ony ýigrenýärler. Munuň üçin onuň özi ah çekip, hemmelerden ýüzüni gizleýär. 
 ט 
9 Iýerusalimiň ahlaksyzlygy etegindedi, gelejegi hakda pikir etmedi. Onuň ýykylyşy aýylgançdy, oňa teselli berýän ýokdy. «Ýa Reb, agyr halyma nazar sal, çünki duşman üstün çykdy!». 
 י 
10 Duşman onuň iň gymmatly zatlaryna el urdy, milletlere ybadathana girmegi gadagan etseň-de, Iýerusalim olaryň girýändiklerini gördi. 
 כ 
11 Bir döwüm çörek gözläp, bütin halky ah çekýär; täzeden güýje girmek üçin, hazynalaryny iýmite berýär. «Ýa Reb, ine, halyma seret, men nähili dereksiz boldum. 
 ל 
12 Eý, ötegçiler, siziň üçin bu hiç zatmy? Ine, halymy görüň, heý-de, meniň başymdan inen gam-gussa ýaly gam-gussa barmy? Reb gazapdan dolup lowlan güni bu hasraty çekdirdi maňa. 
 מ 
13 Ýokardan ot iberip, süňklerimi köýdürdi; aýagyma duzak gurup, meni arkan agdardy; meni weýran edip, bütin gün tapdan düşürdi. 
 נ 
14 Günälerim boýuntyrygyma baglandy, Rebbiň Öz eli bilen işilip, meniň boýnumdan asyldy, Ol güýjümi tüketdi; Taňry meni garşy durup bilmedik duşmanlarymyň eline berdi. 
 ס 
15 Terk etdi Taňrym ähli urşujylarymy, goşun çagyrdy gyrmak üçin ýigitlerimi. Taňry Ýahuda boý gyzyny üzüm sykýan dek sykyp ýençdi. 
 ע 
16 Men bular üçin aglaýaryn, gözýaşlarym sil bolup akýar. Janyma aram berýän ýok, teselli beriji menden uzakda. Çagalarym derbi-dagyn edildi, çünki duşman üstün çykdy». 
 פ 
17 Siýon elini uzadýar, emma oňa teselli berýän ýok. Ýakuba duşman boluň diýip, Reb emr etdi goňşy halklara. Iýerusalim olaryň arasynda murdar zada öwrüldi. 
 צ 
18 Reb adyldyr, men bolsa buýrugyna garşy çykdym, emma siz, eý, bütin halklar, gulak goýuň, meniň çekýän derdimi görüň; sürgün edildi ýaş gyzdyr ýigitlerim. 
 ק 
19 Oýnaşlarymy çagyrdym, emma olar meni aldawa saldylar. Ruhanylarym we ýaşulularym täzeden güýje girmek üçin özlerine iýmit gözleýärkäler, şäherde heläk boldular. 
 ר 
20 Seret, ýa Reb, nähili ejir çekýän, içim ýanýar, ýüregim çat açýar, çünki Saňa garşy baş galdyrdym. Daşarda gylyç gyrýar, içerde ölüm höküm sürýär. 
 ש 
21 Olar ahy-nalamy eşitdiler, emma maňa teselli berýän ýok. Jebrimi ähli duşmanlarym eşitdi, Seniň muny edeniňe şatlandylar. Yglan eden günüňi getir, olar-da meniň ýaly bolsunlar. 
 ת 
22 Ähli pislikleri Saňa aýan bolsun; tutuş ýazyklarym sebäpli maňa näme eden bolsaň, olara hem şony etgin. Ahy-nalam köpdür, ýüregim tapdan düşendir.