Sepanýa

1 2 3


Bap 2

Toplan, eý, utançsyz millet!
2 Saman külkesi dek sowrulmazyňdan öň, Rebbiň gahar–gazaby üstüňize inmezden öň, Rebbiň gazaply güni gelmezden öň toplan!
3 Rebbiň emrlerini berjaý edýän Ýurduň kiçigöwünlileri, Rebbi agtaryň, Dogruçyllygy we pes pälligi agtaryň, Belki, Rebbiň gazap gününde Gizlenip saklanarsyňyz.
4 Gaza boşap galar, Aşkelon haraba döner, Aşdot günorta çaglary kowlar, Ekron-da köki-damary bilen sogrular.
5 Deňiz ýakasynda ýaşaýan Keret halkynyň dat gününe! Eý, Kengan, piliştliler ýurdy, Reb seniň garşyňa şeýle diýýär: «Ýeke kişini-de galdyrman, seni weýran ederin».
6 Deňiz ýakasyndaky ýurduňyz Çopan örülerine, Süri agyllaryna döner.
7 Ýahudanyň aman galanlary ýurdy eýelärler, Olar örüde sürülerini otararlar, Aşkelon şäherinde agşamlarlar, Hudaýy Reb olary ýatlap, Öňki abadançylyklaryny dikelder.
8 «Halkymy masgaralap, Olaryň ýurdunda men-menlik eden Mowabyň kemsitmelerini, Ammonlaryň sögünçlerini eşitdim».
9 Munuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb Öz barlygyndan ant içip, şeýle diýýär: «Mowap halkyny Sodom kimin, Ammon halkyny Gomora kimin gyraryn! Bu ýurtlar tikenekli otlardan, duzly çukurlardan dolup, Baky haraba öwrülerler. Aman galan halkym Mowaby, Ammony talar, Gutulan milletim ol ýurtlary eýelär».
10 Olaryň tekepbirligi zerarly şeýle jeza berler, Çünki olar Hökmürowan Rebbiň halkyny kemsidip, Olara garşy men-menlik etdiler.
11 Reb olaryň ýüreklerini ýarar! Ol dünýäniň ähli hudaýlaryny ýok eder, Öz ýaşaýan ýurdunda her millet Rebbe sežde eder.
12 Reb: «Eý, Efiopiýa halky, Senem Meniň gylyjymdan ölersiň» diýýär.
13 Reb demirgazyga garşy el galdyrar, Aşury ýok eder, Ninewäni harabalyga, Çöl deýin ýalazy meýdana öwrer.
14 Ninewe mal-garalaryň ýatagyna, Dürli wagşy haýwanlaryň kürenine öwrüler. Baýguşlar harabaçylykda mesgen tutarlar, Penjirelerden uwlaşarlar, Bosagalaryň öňi weýran bolar, Kedr pürsleri duw-dagyn ediler.
15 Ine, bu zowky-sapada, howpsuzlykda ýaşap: «Ýeke men, menden başga hiç kim ýok» diýen şäherdir. Gör, ol nähili haraba bolup, Wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüldi. Gapdalyndan geçýän her kes Ony masgaralap, ellerini salgaýarlar.