Sepanýa

Chapter : 1 2 3


Chapter 3

Gozgalaňçy, haram, Zalym şäheriň dat gününe!
2 Ol söze gulak asmady, Öwüt almady, Rebbe bil baglamady, Hudaýyna ýakynlaşmady.
3 Içindäki hökümdarlary Arlaýan arslanlar ýalydyrlar. Häkimleri daňdana deňeç ýeke süňk goýmaýan Aç möjekler kimindirler.
4 Pygamberleri biperwaý, biwepa adamlardyr; Ruhanylary mukaddes zady harama çykardylar, Kanuny harladylar.
5 Onuň içinde bolan Reb dogruçyldyr, Ol hiç haçan adalatsyzlyk etmez. Her gün ir säher bilen Adalatly garaýar Ol Öz halkyna, Emma pis kişi pisligini edip, Utanmany bilmeýär.
6 Reb şeýle diýýär: «Gyrdym Men halklary, Diňlerini weýran etdim, Köçelerini harap etdim, Ondan ötüp-geçýän ýokdur. Şäherleri harabalyga öwrüldi, Ýekeje ynsan-da galmady».
7 Men diýdim: «Siz Menden gorkuň, Öwüt-ündew alyň! Şonda mesgenleri ýok edilmez, Jezalarym başlaryndan inmez». Emma olar öňküleri ýaly, Ähli işlerinde pislikden lezzet aldylar.
8 Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Siz Maňa garaşyň, Halklara höküm etjek günüme çenli garaşyň, Çünki Meniň kararym milletleri toplap, Patyşalyklary bir ýere jemläp, Gaharymy, lowlaýan gazabymy Başlaryndan indermekdir, Gabanjaň gazabymyň ody Bütin dünýäni ýakyp kül eder.
9 Men şonda hemmeleriň Maňa ybadat edip, Agzybirlik bilen Maňa gulluk ederleri ýaly, Milletlere päk dil bererin.
10 Dagynyk bolup, Maňa sygynan halkym Efiopiýa derýasynyň aňry tarapyndan Maňa sadaka getirer.
11 Garşyma eden ähli pis işleri üçin Şol gün halkym utandyrylmaz, Çünki Men özüne buýsanyp, Men-menlik edýänleri araňyzdan aýraryn, Siz mukaddes dagymda Mundan beýläk tekepbirlik etmersiňiz.
12 Iýerusalimde pes päl, Pukara adamlary aman galdyraryn, Olar Maňa bil baglarlar.
13 Ysraýylyň aman galanlary, Nähaklyk etmezler, Ýalan sözlemezler, Agyzlaryndan hileli sözler çykmaz. Olar goýun kimin ýaşyl örülerde ýatarlar, Olary hiç kim gorkuzyp bilmez».
14 Heşelle kak, eý, Siýon gyzy, Batly ses bilen gygyr, eý, Ysraýyl! Bütin kalbyňyz bilen joşup şatlanyň, Eý, Iýerusalim gyzy!
15 Reb siziň garşyňyza jezany ýatyrdy, Duşmanlaryňyzy kowdy. Ysraýyl patyşasy Reb siziň araňyzda, Mundan beýläk betbagtçylykdan gorkmarsyňyz.
16 Şol gün Iýerusalime şeýle diýler: «Gorkma, eý, Siýon, Elleriň gowşamasyn!
17 Hudaýyňyz Reb, Ýeňiş berýän Söweşiji siziň araňyzda, Reb size guwanyp şatlanar, Ol söýgüsinde size täze durmuş berer, Nagmalar bilen Onuň size ýüregi joşar».
18 Reb diýýär: «Baýramçylyk deregine hasrat çekdiňiz, Bu siziň üçin agyr we utançlydyr, Men indi olaryň soňuna nokat goýaryn.
19 Şol gün golaýlaşýar, Men size sütem edenleriň baryna jeza bererin. Agsaklary halas edip, Dagynyk ýesirleri bir ýere toplaryn. Olaryň utanjyny uly hormata öwrüp, Olary bütin dünýäde at-abraýly ederin.
20 Şol wagt Men sizi toplap, öz ýurduňyza getirerin, Çünki Men gözüňiziň alnynda Öňki abadançylygyňyzy dikeldip, Dünýäniň bütin halklarynyň arasynda Size at-abraý we şan-şöhrat gazandyraryn».