Hagaý

1 2


Bap 1

Darýuş patyşanyň şalygynyň ikinji ýylynyň altynjy aýynyň birinji güni Hagaý pygamberiň üsti bilen Ýahudanyň häkimi Şeýaltiýeliň ogly Zerubabyla we Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa Rebbiň sözi geldi.
2 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bu halk Rebbiň öýüni täzeden gurmagyň entek wagty gelenok diýýär».
3 Onsoň Hagaý pygamberiň üsti bilen Rebbiň şu sözi geldi:
4 «Bu öý haraba bolup ýatyrka, özüňiziň kaşaň jaýlarda ýaşamagyňyzyň wagtymy?
5 Şonuň üçin indi Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Öz ýaşan ýyllaryňyza ser salyp pikir ediň.
6 Siz köp ekip, az hasyl alýarsyňyz, iýip doýmaýarsyňyz, içip ganmaýarsyňyz, geýinýärsiňiz, ýöne ýylynmaýarsyňyz, gazanjyňyz düýbi deşik pul torba düşýär“».
7 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Öz ýaşan ýyllaryňyza ser salyp pikir ediň.
8 Daglyga gidiň-de, agaç getiriň we Meniň öýümi guruň. Şonda Men hoşal bolaryn, şöhratlanaryn, muny Reb diýýär.
9 Siz köp hasyla garaşýardyňyz, ýöne ol hasyl az bolup çykdy. Ony öýe getireniňizde, Men ony ýele sowurdym. Näme üçin? Meniň öýümiň haraba öwrülip ýatany üçin! Men muny siziň ähliňiziň diňe öz öýleriňiz bilen gümradygyňyz üçin şeýle etdim. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.
10 Şonuň üçin-de asman ygaly, ýer hasyly sizden gysganýar.
11 Şeýle hem Men ýurda we onuň daglaryna, galla meýdanlaryna, üzümçiliklerine, zeýtun baglaryna, ýerden önýän ähli önümlere, ynsandyr haýwanlaryň üstüne, çekýän ähli zähmetiňiziň üstüne gurakçylyk jezasyny inderdim».
12 Şeýaltiýeliň ogly Zerubabyl bilen Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa we halkyň aman galanlarynyň ählisi Rebden gorkup, özleriniň Hudaýy Rebbiň sözüne we Hagaý pygamberiň aýdanlaryna gulak asdylar. Çünki Hagaý pygamberi Beýik Hudaý iberipdi.
13 Onsoň Rebbiň wekili Hagaý Rebbiň şu habaryny halka ýetirdi. Ol: «Reb: „Men siziň bilendirin“ diýýär» diýdi.
14 Reb Ýahudanyň häkimi Şeýaltiýeliň ogly Zerubabylyň, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwanyň we halkyň aman galanlarynyň ählisiniň kalbyny oýardy. Onsoň olar gelip, özleriniň Hudaýy Hökmürowan Rebbiň öýüni gurmaga başladylar.
15 Bu waka patyşa Darýuşyň şalygynyň ikinji ýylynyň altynjy aýynyň ýigrimi dördüne bolup geçdi.