Mattanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28


Bap 10

Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olara al-arwahy kowmaga, her hili syrkawlygy, her hili hassalygy bejermäge ygtyýar berdi.
2 On iki resulyň atlary şular: birinjisi Petrus diýlen Simun we dogany Andreas, Zebedeýiň ogly Ýakup we dogany Ýahýa,
3 Filipus, Bartolomeus, Tomas we salgytçy Matta, Alfeusyň ogly Ýakup we Taddeus lakamly Lebbeus,
4 Watançy Simun we Isa haýynlyk eden Iuda Iskariot.
5 Isa bu Onkileri ýollap, olara şeýle buýruk berdi: «Özge milletlere degişli ýerlere gitmän, samariýalylaryň şäherleriniň hiç birine barman,
6 Ysraýyl öýüniň ýiten goýunlarynyň ýanyna baryň.
7 Barýarkaňyz Gögüň Patyşalygynyň golaýlandygyny wagyz ediň.
8 Syrkawlary sagaldyň, heýwere kesellileri tämiz ediň, ölüleri direldiň, jynlary çykaryň. Mugt aldyňyz, mugt beriň.
9 Guşagyňyzda ne altyn, ne kümüş, ne-de mis saklaň.
10 Ýol üçin ne torba, ne-de iki köýnek, ne çaryk, ne-de taýak alyň. Çünki işgär öz azygyna mynasypdyr.
11 Haýsy şähere ýa oba barsaňyz, ol ýerde kimiň mynasypdygyny sorap-idäň-de, gaýdýançaňyz şol ýerde boluň.
12 Bir öýe gireniňizde, şol öýe salam beriň.
13 Öýdäkiler salama mynasyp bolsa, salamyňyz olaryň üstüne geler. Öýdäkiler mynasyp bolmasa, salamyňyz özüňize döner.
14 Kim sizi kabul etmese, sözleriňizi diňlemese, ol öýden ýa şäherden çykyp barýarkaňyz aýaklaryňyzyň tozanyny kakyň.
15 Size dogrusyny aýdýaryn, magşar güni Sodom we Gomorra şäherleriniň ýagdaýy ol şäheriň ýagdaýyndan has ýeňil bolar».
16 Ine, Men sizi möjekleriň arasyna goýunlar ýaly ýollaýaryn, şonuň üçin ýylanlar ýaly akylly, kepderi ýaly sada boluň.
17 Adamlardan ägä boluň, çünki olar sizi mejlislere tabşyrarlar, sinagogalarynda ýenjerler.
18 Siz olara we milletlere güwälik bolar ýaly, Men sebäpli hökümdarlaryň, patyşalaryň huzuryna eltilersiňiz.
19 Ýöne olar sizi eltip tabşyranlarynda, nähili ýa näme diýjegiňizi gaýgy etmäň, çünki näme diýilmelidigi şol sagatda size berler.
20 Çünki gepleýän siz däl-de, siz arkaly gepleýän Ataňyzyň Ruhudyr.
21 Dogan dogany, ata çagasyny ölüme tabşyrar, çagalar hem ata-enelerine baş göterip, olary öldürderler.
22 Meniň adym sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar.
23 Sizi bir şäherde yzarlasalar, beýlekisine gaçyň. Size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Ogly gelýänçä, siz Ysraýylyň ähli şäherlerine asla aýlanyp bilmersiňiz.
24 Şägirt öz mugallymyndan, gul öz agasyndan ýokary däldir.
25 Şägirde öz mugallymy ýaly, gula öz agasy ýaly bolmak ýeterlikdir. Öý eýesine Beýelzebul diýen bolsalar, onuň içerisindäkilere ondan hem beter diýerler».
26 Şonuň üçin olardan gorkmaň. Çünki üsti açylmajak ýapyk zat, bilinmejek gizlin zat ýokdur.
27 Garaňkylykda size näme aýtsam, şony ýagtylykda aýdyň. Gulagyňyza çakylan çawuşy tamlaryň üstünden yglan ediň.
28 Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkman, eýsem, dowzahda hem teni, hem jany ýok etmäge gudraty bar bolan Hudaýdan gorkuň.
29 Iki serçe bir köpüge satylmaýarmy? Muňa garamazdan, Ataňyzdan rugsatsyz olaryň biri-de ýere gaçýan däldir.
30 Siziň başyňyzyň saçlary hem bütinleý sanalgydyr.
31 Munuň üçin gorkmaň, siz köp serçelerden gymmatlysyňyz.
32 Kim meni ynsanlaryň öňünde ykrar etse, Men-de ony Gökdäki Atamyň öňünde ykrar ederin.
33 Kim-de Meni adamlaryň öňünde inkär etse, Men-de ony Gökdäki Atamyň öňünde inkär ederin».
34 Meni ýer ýüzüne parahatlyk getirmäge gelendir öýtmäň. Men parahatlyk däl-de, gylyç getirmäge geldim.
35 Çünki Men ogly atasyndan, gyzy enesinden, gelni gaýyn enesinden aýyrmaga geldim.
36 Adamyň duşmany öz içerisindäkiler bolar.
37 Atasyny, enesini Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. Ogluny, gyzyny Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir.
38 Öz haçyny alyp, Meniň yzyma düşmedik hem Maňa mynasyp däldir.
39 Janyny goran ony ýitirer. Meniň ugrumda janyny ýitiren ony gorar.
40 Sizi kabul eden Meni kabul eder, Meni kabul eden hem Meni Ýollany kabul eder.
41 Kim bir pygamberi pygamberligi üçin kabul etse, pygamberiň sylagyny alar. Bir dogry adamy dogrulygy üçin kabul eden dogry adamyň sylagyny alar.
42 Kim şu kiçileriň birine şägirtligi üçin, içmäge diňe bir käse sowuk suw berse hem, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz». ‎