Mattanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28


Bap 6

Sak boluň, etjek dogry işleriňizi göz üçin adamlaryň öňünde etmäň, ýogsa, Gökdäki Ataňyzdan aljak sylagyňyz bolmaz.
2 Şonuň üçin, sadaka bereniňde ikiýüzli adamlaryň il arasynda taryplanjak bolup, sinagogalarda, köçelerde edişi ýaly, öňüňde surnaý çaldyrma. Size dogrusyny aýdýaryn, olar öz sylaglaryny eýýäm alandyrlar.
3 Sadakaň gizlin bolar ýaly, bereniňde sag eliň näme edýänini sol eliň bilmesin. Gizlinlikde edileni görýän Ataň saňa ony açyk gaýtaryp berer».
5 Doga edeniňde ikiýüzlüler ýaly bolma, çünki olar göz üçin sinagogalarda, köçe burçlarynda durup doga etmegi halaýarlar. Men size dogrusyny aýdýaryn, olar öz sylaglaryny eýýäm alandyrlar.
6 Emma sen doga edeniňde, öz otagyňa girip, gapyny ýap-da, gizlinlikdäki Ataňa doga et. Gizlinlikde edileni görýän Ataň saňa ony açyk gaýtaryp berer.
7 Siz doga edeniňizde milletler ýaly, boş sözleri gaýtalap durmaň, çünki olar köp sözlemek bilen eşidileris öýdýärler.
8 Olar ýaly bolmaň, çünki Ataňyz size nämeleriň gerekdigini, Ondan dilemänkäňiz bilýändir.
9 Şonuň üçin, şeýle doga ediň: „Eý, Gökdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun.
10 Patyşalygyň gelsin. Gökde bolşy ýaly, Ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn.
11 Gündelik çöregimizi Bize şu gün ber.
12 Bize ýamanlyk edýänleriň ýazyklaryny $geçişimiz ýaly, Sen-de biziň ýazyklarymyzy geç.
13 Bizi synaga salma, bizi iblisden halas et. Çünki patyşalyk, gudrat we şöhrat Ebedilik Seniňkidir. Omyn".
14 Siz adamlaryň ýazyklaryny bagyşlasaňyz, Gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar.
15 Adamlaryň ýazyklaryny bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlamaz».
16 Oraza tutanyňyzda ikiýüzlüler ýaly ýüzüňizi çytmaň, çünki olar adamlara oraza tutýanyny görkezjek bolup, ýüzlerini çytýarlar. Size dogrusyny aýdýaryn, olar öz sylaglaryny eýýäm alandyrlar.
17 Emma sen oraza tutanyňda adamlara däl-de, gizlinlikdäki Ataňa oraza tutýanyňy görkezer ýaly, başyňa ýag çal, ýüzüňi ýuw. Gizlinlikde edileni görýän Ataň saňa ony açyk gaýtaryp berer».
19 Ýer ýüzünde özüňize hazyna ýygnamaň, bu ýerde güýe bilen pos iýýändir, bu ýere ogrular girip ogurlaýandyr.
20 Özüňize Gökde hazyna ýygnaň, ol ýerde ne güýe, ne pos iýýändir, ne-de ogrular girip ogurlaýandyr.
21 Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar.
22 Bedeniň çyrasy gözdür. Gözüň sag bolsa, bütin bedeniň hem ýagty bolar.
23 Gözüň şikesli bolsa, bütin bedeniň garaňky bolar. Şeýlelik bilen, eger sendäki yşyk garaňky bolsa, ol garaňky nähili goýy bolar!
24 Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez, çünki ýa birini ýigrenip, ol birini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, ol birini äsgermezlik eder. Siz-de hem Hudaýa, hem-de mammona hyzmat edip bilmersiňiz».
25 Munuň üçin size diýýärin, näme iýip, näme içerin diýip, janyňyzy, näme geýerin diýip, teniňizi gaýgy etmäň. Jan iýmitden, ten egin-eşikden ýokary dälmidir?
26 Gögüň guşlaryna serediň, olar ne ekýärler, ne orýarlar, ne-de ammarlara üýşürýärler. Gökdäki Ataňyz onda-da olary iýmitlendirýär. Siz olardan gymmatly dälmisiňiz?
27 Siziň haýsy biriňiz alada edip, öz boýuňyzy tirsek boýy artdyryp bilýärsiňiz?
28 Näme üçin egin-eşik hakda gaýgy edýärsiňiz? Meýdan liliýalarynyň ösüşine serediň: olar ne zähmet çekýärler, ne-de ýüp egirýärler.
29 Emma size diýýärin, Süleýman hem özüniň bütin şan-şöhratynda bularyň biri ýaly-da geýinmändi.
30 Ýöne şu gün bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdan otuny Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi ondan has artyk geýindirmezmi, eý, imany azlar?
31 Şoňa görä, „Näme iýeris?", „Näme içeris?", „Näme geýeris?" diýip, gaýgy etmäň.
32 Bütin bu zatlary başga milletler agtarýarlar, ýöne Gökdäki Ataňyz bu zatlaryň barynyň size gerekdigini bilýär.
33 Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler.
34 Şonuň üçin, ertiri gaýgy etmäň, çünki ertir öz gaýgysyny özi eder. Her günüň derdi özüne ýeterlikdir». ‎