Markusyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16


Bap 16

Sabat güni geçenden soň, magdalaly Merem, Ýakubyň ejesi Merem we Salome dagylar gidip, Isanyň meýidini ýaglamak üçin, ýakymly ysly ýaglar satyn aldylar.
2 Hepdäniň ilkinji güni daň bilen, Gün doganda, mazaryň başyna geldiler.
3 Olar biri-birlerine: «Daşy mazaryň agzyndan bize kim aýryp bererkä?» diýişýärdiler.
4 Gabaklaryny galdyranlarynda, daşyň bir çete togalanandygyny gördüler. Daş gaty uludy.
5 Mazara girenlerinde bolsa, sag tarapda ak don geýnip oturan bir ýaş ýigidi görüp geňirgenişdiler.
6 Ol olara şeýle diýdi: «Geňirgenişmäň! Siz haça çüýlenen nasyraly Isany gözleýärsiňiz. Ol direldi. Ol bu ýerde däl. Ine, Onuň jaýlanan ýeri.
7 Ýöne baryň-da, Onuň şägirtlerine, Petrusa: „Ol sizden öň Jelilä barýar, Özüniň size aýdyşy ýaly, Ony şol ýerde görersiňiz" diýiň».
8 Olar mazardan çykyp gaçdylar. Olara sandyrama hem aljyraňňylyk aralaşypdy, hiç kime-de hiç zat aýtmadylar, çünki gorkýardylar.
9 Isa hepdäniň ilkinji güni ir bilen direlip, ilki magdalaly Mereme göründi. Isa onuň içinden ýedi jyny kowup çykarypdy.
10 Ol hem muny Isa bilen bile bolanlara habar berdi. Olar ýas tutup, aglaşyp otyrdylar.
11 Isanyň diridigini, Mereme görnendigini eşidenlerinde, Olar ynanmadylar.
12 Şondan soň Isa olaryň ikisi oba barýarka, başga keşpde göründi.
13 Olar-da yzlaryna öwrülip, beýlekilere habar berdiler, ýöne bulara-da ynanmadylar.
14 Soňra Isa saçak başynda oturan Onbirleriň özlerine görnüp, imansyzdyklary, ýürekleriniň gatydygy üçin olary ýazgardy. Çünki olar Onuň direlendigini görenlere ynanmandylar.
15 Olara şeýle diýdi: «Bütin dünýä aýlanyň-da, Hoş Habary hemme adamlara wagyz ediň.
16 Kim iman edip çokundyrylsa, halas bolar, ýöne iman etmedige höküm ediler.
17 Şu alamatlar iman edýänleriň hemrasy bolar: Meniň adym bilen jynlary kowup çykararlar, täze dillerde geplärler.
18 Ýylanlary tutarlar, öldürýän zäher içseler-de, olara zyýan ýetmez. Syrkawlaryň üstüne ellerini goýarlar, olar hem sagalar».
19 Reb olara gürrüň bereninden soň, Göge alyndy we Hudaýyň sagynda oturdy.
20 Olar-da çykyp, hemme ýerde wagyz edýärdiler, Reb hem olar bilen işläp, olara hemralyk edýän alamatlar arkaly Öz sözüni tassyklaýardy. Omyn.