Markusyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16


Bap 3

Isa ýene sinagoga bardy. Ol ýerde eli gurap inçelen bir adam bardy.
2 Käbirleri Isany aýyplajak bolup, «Sabat güni şypa edermikä?» diýip aňtaýardylar.
3 Isa eli gurap inçelen adama: «Orta çyk!» diýdi.
4 Onsoň olardan sorady: «Sabat güni haýsysy dogry, ýagşylyk etmekmi ýa ýamanlyk etmek? Jan halas etmekmi ýa öldürmek?» Olardan ses çykmady.
5 Isa töweregindäkilere gahar bilen bakyp, olaryň doňýürekdigine gynanyp, ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy, eli sagaldy.
6 Fariseýler daşaryk çykyp, Ony nähili heläk etmek barada Hirodesiň tarapdarlary bilen maslahat geçirdiler.
7 Isa şägirtleri bilen bile kölüň ýakasyna gitdi. Jelileden bir uly märeke hem Onuň yzyna düşüp barýardy.
8 Onuň eden ähli işlerini eşidip, Ýahudadan, Iýerusalimden, Idumeýadan, Iordan derýasynyň aňyrsyndan, Sur we Saýda töwereklerinden-de uly märeke ýanyna çozuşdy.
9 Isa märekäniň içinde gysylmazlyk üçin, Öz şägirtlerine bir gaýygy taýýarlap goýmagy buýurdy.
10 Bir toparlaryny sagaldany üçin hemme syrkawlar Oňa ellerini degirjek bolup, ýanyna itekleşip gelýärdiler.
11 Al-arwahlar Ony görenlerinde, Öňünde ýere ýykylyp: «Sen Hudaýyň Oglusyň!» diýip gygyrýardylar.
12 Emma Ol Özüniň kimdigini mälim etmezligi olara berk tabşyrdy.
13 Onsoň Isa daga çykyp, Öz islän adamlaryny ýanyna çagyrdy, olar-da Onuň ýanyna bardylar.
14 Ol Özi bilen bile bolar ýaly on iki adamy belledi. Onuň wagyz etmäge iberen, syrkawlary sagaldyp, jynlary kowmaga ygtyýar beren bu on iki adamy şulardyr:
17 Petrus lakamyny bereni Simun, Beni-Regoş, ýagny «Gök gürrüldisiniň Ogullary» lakamyny bereni Zebedeýiň ogly Ýakup bilen onuň dogany Ýahýa, Andreas, Filipus, Bartolomeus, Matta, Tomas, Alfeusyň ogly Ýakup, Taddeus, watançy Simun we Isa haýynlyk eden Iuda Iskariot.
20 Onsoň bir öýe bardylar. Ýene şeýle uly märeke ýygnandy welin, Isa bilen şägirtleriniň nahar iýmäge-de eli ýetmedi.
21 Isanyň ýakynlary muny eşidip, Ony alyp gaýtmaga bardylar. Çünki Oňa üýtgäpdir diýýärdiler.
22 Iýerusalimden gelen kanunçylar bolsa: «Ony Beýelzebul eýeläpdir, Ol jynlary jynlaryň hany arkaly kowup çykarýar» diýişýärdiler.
23 Şonuň üçin Isa halky ýanyna çagyryp, olara tymsal bilen şeýle diýdi: «Şeýtan şeýtany nähili kowup çykarsyn?
24 Bir patyşalygyň içinde bölünişik bolsa, ol patyşalyk berk durup bilmez.
25 Bir öýüň içinde bölünişik bolsa, ol öý berk durup bilmez.
26 Şeýtan öz-özüne garşy çykyp bölünse, berk durup bilmez, onuň soňunyň geldigidir.
27 Hiç kim bir güýçli adamyň öýüne girip, malyny talap bilmez; öňürti ony baglamaly bolar, onsoň öýüni talar.
28 Size dogrusyny aýdýaryn, ynsanlaryň hemme günäleri, her bir zada dil ýetirmeleri bagyşlanar.
29 Emma Mukaddes Ruha dil ýetirene asla bagyşlanma ýokdur. Ol ebedi höküme sezewar bolar».
30 Isa muny: «Ol arwahly» diýenleri üçin aýtdy.
31 Onsoň Onuň ejesi bilen doganlary geldi. Daşarda durup, ýanyna adam iberip, Ony çagyrdylar.
32 Märeke Isanyň daşyny alyp otyrdy. Oňa: «Ejeň bilen doganlaryň, uýalaryň daşarda Seni soraýarlar» diýdiler.
33 Isa olara jogap berip: «Meniň ejem, doganlarym kim?» diýdi.
34 Onsoň daşyny alyp oturanlara seredip, şeýle diýdi: «Ine, Meniň ejem, Meniň doganlarym!
35 Hudaýyň islegini kim berjaý etse, şol Meniň doganym, uýam we ejemdir».