Ýahýanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21


Bap 12

Isa Pesahdan alty gün öň Beýtaniýa bardy. Ölen we Isa tarapyndan direldilen Lazar şol ýerde ýaşaýardy.
2 Ol ýerde Isanyň hatyrasyna nahar berildi. Marta hyzmat edýärdi, Lazar bolsa Isa bilen saçak başynda oturanlaryň biridi.
3 Onsoň Merem bir gadak gymmat bahaly nardyň sap-arassa ýagyny alyp, Isanyň aýagyna çaldy, saçy bilen süpürip guratdy. Öýüň içi ýagyň ýakymly ysyndan doldy.
4 Şol wagt Onuň şägirtleriniň biri, Oňa haýynlyk etmegi ýüregine düwen Simunyň ogly Iuda Iskariot:
5 «Näme üçin bu ýag üç ýüz dinara satylyp, garyplara berilmedi?» diýdi.
6 Ol muny garyplaryň gamyny iýýänligi üçin däl-de, öz ogrulygy üçin aýdýardy. Çünki olaryň pul torbasyny göteren bolup, näme berilse, özi alyp ýördi.
7 Emma Isa şeýle diýdi: «Naçara degmäň, ol muny Meniň jaýlanjak günüm üçin saklady.
8 Çünki garyplar hemişe siziň ýanyňyzda bolar, ýöne Men hemişe siziň ýanyňyzda bolmaryn».
9 Ýehudylardan bir uly märeke Isanyň ol ýerdedigini eşidip, diňe bir Isany däl, eýsem, Onuň ölümden direlden Lazaryny-da görmäge geldiler.
10 Baş ruhanylar Lazary-da öldürmegi maslahatlaşypdylar.
11 Çünki ol sebäpli köp ýehudylar Isa iman edýärdiler.
12 Ertesi gün baýrama gelen köp halaýyk Isanyň Iýerusalime gelýänini eşidende,
13 hurma şahalaryny alyp, Ony garşylamaga çykdy. Adamlar: «Hosanna! Rebbiň adyndan gelýän Ysraýyl patyşasy gutly bolsun!» diýip gygyryşdylar.
14 «Gorkma, eý Sion gyzy! Ine, seniň patyşaň taýhara münüp gelýär» diýip, Ýazgyda ýazylyşy ýaly, Isa bir taýhar tapyp, oňa mündi.
16 Şägirtleri ilki bu zatlara düşünmediler, ýöne bularyň Ol hakda ýazylandygy we bu zatlary Oňa özleriniň edendigi Isa şöhratlandyrylandan soň ýatlaryna düşdi.
17 Indi Isanyň Lazary gabyrdan çagyryp, ony ölümden direlden mahaly ýanynda bolan halaýyk güwä geçýärdi.
18 Onuň bu alamaty görkezenini eşiden halaýyk-da, bu sebäpden Ony garşylamaga çykdy.
19 Şeýlelikde, fariseýler: «Görüň, hiç zada peýdaňyz degmeýär, ine, ähli dünýä Onuň yzyna eýerdi!» diýişýärdiler.
20 Baýramda ybadat etmäge Iýerusalime gelenleriň arasynda birnäçe grek-de bardy.
21 Olar Jeliläniň Betsaýda şäherinden bolan Filipusyň ýanyna gelip: «Eý aga, biz Isany görmek isleýäris» diýip, ondan haýyş etdiler.
22 Filipus hem muny Andreasa aýtdy. Onsoň Andreas bilen Filipus ikisi baryp, Isa aýtdylar.
23 Isa olara şeýle jogap berdi: «Ynsan Oglunyň şöhratlanmaly wagty geldi.
24 Men size hakykatyny aýdýaryn, bugdaý dänesi ýere gaçyp ölmese, ýalňyz galar, ýöne öläýse, köp hasyl berer.
25 Janyny söýýän ony ýitirýändir, bu dünýäde janyny ýigrenýän bolsa ony ebedi ýaşaýyş üçin saklaýandyr.
26 Maňa hyzmat etjek adam yzyma eýersin. Men nirede bolsam, Meniň hyzmatkärim-de şol ýerde bolar. Maňa hyzmat edeni Atam hormatlar.
27 Häzir Meniň ýüregim gysýar. Men näme diýeýin? „Eý Ata, Meni şu pursatdan halas et" diýeýinmi? Men bu pursata şonuň üçin geldim ahyryn.
28 Eý Ata, adyňy şöhratlandyr». Şonda Gökden: «Men adymy şöhratlandyrdym we ýene-de şöhratlandyraryn» diýen ses geldi.
29 Muny eşiden ol ýerdäki halaýyk: «Gök gürledi» diýdi; başgalary bolsa: «Onuň bilen bir perişde gepleşdi» diýdiler.
30 Isa olara şeýle jogap berdi: «Bu ses Meniň üçin däl-de, siziň üçin geldi.
31 Indi bu dünýäniň höküm wagty boldy. Bu dünýäniň Hökümdary indi kowlup çykarylar.
32 Ýerden ýokary göterilenimde, Men ähli ynsanlary Özüme çekerin».
33 Isa muny nähili ölüm bilen öljegine yşarat edip aýtdy.
34 Indi: «Biz Mesihiň ebedi galjagyny Mukaddes Kanundan eşitdik, Sen nähili „Ynsan Ogly ýokary göterilmelidir" diýýärsiň? Bu Ynsan Ogly diýýäniň kim?» diýip, halaýyk Ondan sorady.
35 Isa olara şeýle jogap berdi: «Ýene bir az wagtlap nur siziň araňyzda bolar. Nur barka, geziň, üstüňizi tümlük basaýmasyn, çünki tümlükde gezýän özüniň nirä barýanyny bilýän däldir.
36 Nuruň ogullary bolmak üçin nuruňyz barka nura iman ediň». Isa bulary aýdansoň, olaryň ýanyndan gidip gizlendi.
37 Ýöne Isa olaryň gözleriniň alnynda şunça alamat görkezen hem bolsa, olar Oňa iman etmediler.
38 Çünki Işaýa pygamberiň: «Ýa Reb, biziň beren habarymyza kim ynandy? Rebbiň gudratly goly kime göründi?» diýen sözleri berjaý bolmalydy.
39 Olar şu sebäpden iman edip bilmeýärdiler, çünki Işaýa ýene-de şeýle diýipdi:
40 «Hudaý olaryň gözlerini kör etdi, ýüreklerini gatatdy. Beýle bolmadyk bolsa, olar görerdiler, ýürekleri bilen syzardylar we Maňa tarap öwrülerdiler. Men bolsa olara şypa bererdim».
41 Işaýa Isanyň şöhratyny görüp, bulary Ol hakda aýdypdyr.
42 Muňa garamazdan, başlyklaryň köpüsi Oňa iman etdiler, ýöne welin sinagogadan kowulmazlyk üçin, fariseýler zerarly, Ony ykrar etmediler.
43 Çünki olar ynsanlaryň öwgüsini Hudaýyň öwgüsinden gowy gördüler.
44 Isa bolsa gygyryp şeýle diýdi: «Maňa iman edýän Maňa däl-de, Meni Iberene iman edýändir.
45 Meni görýän, Meni Ibereni-de görýändir.
46 Maňa iman edýänleriň garaňkylykda galmazlary ýaly, Men dünýä nur bolup geldim.
47 Sözlerimi eşidip, olary tutmadyk adamyň üstünden hem Men höküm çykarmaryn. Çünki Men dünýäniň üstünden höküm çykarmaga däl-de, ony halas etmäge geldim.
48 Meni ret edip, sözlerimi kabul etmeýäniň üstünden höküm çykarjak bardyr; Meniň aýdan sözüm ahyret güni ony höküm eder.
49 Çünki Men Öz-Özümden geplemedim. Näme aýtmalydygymy, näme sözlemelidigimi Özümi iberen Ata Maňa buýurdy.
50 Onuň buýrugynyň ebedi ýaşaýyşdygyny Men bilýärin. Şoňa görä, Ata Maňa näme buýuran bolsa, Men diňe şony aýdýaryn».