Ýahýanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21


Bap 13

Pesah baýramynyň öň ýanyndaky gündi. Özüniň bu düne bilen hoşlaşmaly we Atanyň ýanyna gitmeli sagadynyň gelendigini Isa bilýärdi. Özüniňkileri bu dünede nähili söýen bolsa, Ol olary iň soňky deme çenli hem hut şonuň ýaly söýdi.
2 Agşam nahary çagydy. Isa haýynlyk etmegi Simunyň ogly Iuda Iskariotyň ýüregine iblis eýýäm guýupdy.
3 Atanyň ähli zady Öz eline berendigini, Özüniň Hudaýdan gelip, Hudaýa gaýtjakdygyny Isa bildi.
4 Nahar başyndan turup, donuny çykardy-da, bir ýaglyk bilen Ol bilini guşady.
5 Onsoň bir legene suw guýdy-da, şägirtleriň aýaklaryny ýuwup, guşanan ýaglygy bilen olary süpürmäge durdy.
6 Ol Simun Petrusyň ýanyna gelende, Petrus Isa garap: «Ýa Reb, meniň aýagymy Sen ýuwmaly bolduňmy?» diýdi.
7 Isa oňa: «Meniň edýän işimi sen entek bilmersiň, oňa sen soň düşünersiň» diýdi.
8 Petrus Oňa: «Men aýagymy Saňa asla ýuwdurmaryn» diýdi. Emma Isa oňa: «Men seni ýuwmasam, onda Meniň bilen üleşigiň bolmaz» diýip jogap berdi.
9 Simun Petrus Oňa: «Ýa Reb, onda diňe aýagymy däl, elimi-de, başymy-da ýuw» diýdi.
10 Isa oňa: «Ýuwnan adamyň diňe aýagyny ýuwmakdan başga hajaty ýokdur, ol bütinleý tämizdir. Siz hem tämizsiňiz, ýöne hemmäňiz däl» diýdi.
11 Çünki Ol Özüne haýynlyk etjegiň kimdigini bilýärdi. Şonuň üçin-de «Hemmäňiz tämiz däl» diýipdi.
12 Olaryň aýaklaryny ýuwup bolanyndan soň, donuny geýdi-de, Ol ýene saçak başynda oturdy we olara şeýle diýdi: «Size näme edenime düşünýärsiňizmi?
13 Siz Maňa „Mugallym" we „Reb" diýip, dogry edýärsiňiz, sebäbi Men şolduryn.
14 Men Reb we Mugallym bolup, siziň aýagyňyzy ýuwan bolsam, onda siz-de biri-biriňiziň aýagyny ýuwmalysyňyz.
15 Çünki siz-de Meniň size edişim ýaly edersiňiz diýip, Men size görelde görkezdim.
16 Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, gul agasyndan uly däldir, iberilen-de ony iberenden uly däldir.
17 Bu zatlary bilýändigiňize görä, olary berjaý etseňiz, bagtly bolarsyňyz.
18 Siziň hemmäňiz hakda aýtmaýaryn, Men Öz saýlap-seçenlerimi bilýärin, ýöne „Meniň bilen çörek iýen maňa el galdyrdy" diýen Ýazgy berjaý bolmalydyr.
19 Men muny size boljak wakadan öňinçä, şol waka ýüze çykan wagtynda Meniň şol aýdýanymdygyma iman etmegiňiz üçin aýdýaryn.
20 Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn. Meniň iberen adamymy kabul eden Meni kabul edýändir, Meni kabul eden bolsa, Meni Ibereni kabul edýändir».
21 Isa bu zatlary aýdandan soň, ýüregi gyýlyp, güwälik edip: «Hakykatdan-da, Men size dogrusyny aýdýaryn, siziň içiňizden biri Maňa haýynlyk eder» diýdi.
22 Şägirtleri Onuň muny kime kakdyryp aýdýanyny bilmän, aljyraňňylyk bilen biri-birlerine seredişdiler.
23 Şägirtlerden biri saçak başynda Isanyň döşüne ýaplanyp ýatyrdy. Isa ony gowy görýärdi.
24 Simun Petrus Onuň kime kakdyryp aýdýanyny soramagy ýaňky şägirde ümledi.
25 Isanyň döşüne ýaplanyp ýatan Oňa: «Ýa Reb, ol kim?» diýdi.
26 «Şu çöregi tabaga batyryp kime bersem, şoldur» diýip, Isa jogap berdi. Onsoň Ol çöregi tabaga batyrdy-da, ony Simunyň ogly Iuda Iskariota berdi.
27 Çöregi alan badyna, Iudanyň içine iblis girdi. Isa oňa: «Näme etjek bolsaň, tiz et» diýdi.
28 Muny Isanyň oňa näme üçin aýdanyna oturanlaryň hiç biri düşünmedi.
29 Pul torba Iudada bolansoň käbirleri Isa oňa «Baýram üçin bize gerek zatlary satyn al» ýa «Garyplara biraz paýla» diýýändir öýtdüler.
30 Iuda çöregi aldy-da, derrew daşaryk çykdy. Gijelikdi.
31 Ol çykanda, Isa şeýle diýdi: «Ine, indi Ynsan Ogly şöhratlandyryldy, Ol arkaly Hudaý-da şöhratlandyryldy.
32 Hudaý Onda şöhratlansa, Hudaý-da Ony Özünde şöhratlandyrar, hawa, Ony derrew şöhratlandyrar.
33 Çagalar, Men indi siziň bilen uzak wagt bolmaryn. Siz Meni agtararsyňyz, ýöne ýehudylara: „Meniň gitjek ýerime siz baryp bilmersiňiz" diýenimi indi size-de aýdýaryn.
34 Size bir täze tabşyryk berýärin: biri-biriňizi söýüň, Meniň sizi söýşüm ýaly, siz-de biri-biriňizi söýüň.
35 Biri-biriňize söýgiňiz bolsa, siziň Meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler».
36 Simun Petrus Oňa: «Ýa Reb, Sen nirä barýarsyň?» diýdi. Isa oňa: «Sen Meniň bilen häzir gidip bilmersiň, ýöne soň baryp bilersiň» diýip jogap berdi.
37 Petrus Oňa: «Ýa Reb, näme üçin men Seniň bilen häzir gidip bilmerin? Men Seniň üçin janymy-da pida ederin» diýdi.
38 Isa oňa şeýle jogap berdi: «Meniň üçin janyňy pida edersiňmi? Hakykatdan-da, Men saňa dogrusyny aýdýaryn, horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň.