Ýakubyň haty

1 2 3 4 5

0:00
0:00

Bap 5

Eý döwletliler, başyňyza geljek kynçylyklar üçin aglaň, perýat ediň!
2 Baýlygyňyz çüýräp, eşikleriňizi güýe iýendir.
3 Altynyňyz, kümşüňiz poslandyr, olaryň posy size garşy güwä geçip, etiňizi ot kimin iýer. Siz ahyrky günlerde hazyna ýygnadyňyz.
4 Ine, ekinleriňizi oran işçilere bermän saklan hakyňyz gygyrýar, orakçylaryň perýatlary Hökmürowan Rebbiň gulagyna ýetdi.
5 Siz ýer ýüzünde bolçulykda ýaşap, keýp çekdiňiz, damak çalynýan gün üçin ýüregiňizi semretdiňiz.
6 Size garşy durmasa-da, dogry adamy höküm edip öldürdiňiz.
7 Eý doganlar, Reb gelýänçä, sabyrly boluň. Ine, daýhan irki we soňky ýagşy alýança, ýeriň gymmatly hasyly üçin sabyrly garaşýar.
8 Siz hem sabyrly boluň, ýüregiňizi berkidiň, çünki Rebbiň geler wagty golaýdyr.
9 Eý doganlar, özüňiz höküm edilmez ýaly, biri-biriňizden şikaýat etmäň. Ine, höküm ediji gapynyň agzynda dur.
10 Eý doganlar, görgüde hem sabyrda Rebbiň adyndan geplän pygamberleri görelde ediniň.
11 Biz çydamlylyk görkezenlere bagtly diýýäris. Siz Eýýubyň çydamlylygyny eşitdiňiz, Rebbiň işiniň soňuny-da gördüňiz, çünki Reb köp şepagatly hem rehimdardyr.
12 Eý doganlar, her zatdan öň, höküm astyna düşmez ýaly, Gökden, Ýerden ýa başga zatdan kasam içmäň; diňe «hawaňyz» hawa, «ýoguňyz» ýok bolsun.
13 Araňyzda biri görgi görýärmi? Ol doga etsin. Biriniň keýpi kökmi? Mezmur okasyn.
14 Araňyzda biri syrkawmy? Ol ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrsyn, olar hem Rebbiň adyndan oňa ýag çalyp, onuň üçin doga etsin.
15 Iman dogasy syrkawa şypa berer; Reb ony dikelder. Eger ol günä eden bolsa bagyşlanar.
16 Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanyňyzda boýun alyp, biri-biriňiz üçin doga ediň. Dogry adamyň yhlasly dogasy gaty güýçlüdir.
17 Ylýas biziňki ýaly duýgulary bolan bir adamdy. Ol ýagyş ýagmasyn diýip, çyndan doga etdi. Şeýlelikde, üç ýyl alty aýlap ýer ýüzüne ýagyş ýagmady.
18 Ol ýene doga etdi ― Gök ýagyş berdi, Ýer öz miwesini getirdi.
19 Eý doganlar, araňyzdan biri hakykatdan azaşsa, biri ony öwürse,
20 onda ol muny bilsin: bir günäkäri ýalňyş ýolundan öwren bir jany ölümden gutaryp, köp günäleriň üstüni basyrar.