Petrusyň birinji haty

1 2 3 4 5


Bap 1

Isa Mesihiň resuly Petrusdan Pontus, Galatýa, Kappadokiýa, Aziýa we Bitinýadaky ýaýran
2 Ata Hudaýyň öňden bilşine görä, Ruhuň mukaddes etmegi bilen Oňa gulak asyň we Isa Mesihiň ganynyň sepilmegi üçin saýlanan garyplara salam! Size merhemet, parahatlyk eçilsin!
3 Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler! Ol Öz uly rehimdarlygy bilen Isa Mesihiň ölülerden direlmegi arkaly diri umyda gowuşmak üçin,
4 size Gökde saklanan çüýremez, tegmiltsiz, solmaz mirasy almak üçin, biziň gaýtadan dogulmagymyzy üpjün etdi.
5 Siz ahyrky wagtda aýan bolmaga taýýar duran gutulyş üçin, Hudaýyň güýji bilen iman arkaly goralýarsyňyz.
6 Häzir gerek bolan dürli synaglar üçin gysga wagtlaýyn gaýgyly bolýan siz muňa begeniň.
7 Çünki ot bilen synalýan hem bolsa, pany altyndan gymmatly bolan imanyňyzyň synalmagy Isa Mesih görnende öwgä, şöhrata hem hormata öwrüler.
8 Siz görmedik hem bolsaňyz, Ony söýýärsiňiz; häzir Ony görmeseňiz hem, Oňa iman getirip,
9 imanyňyzyň netijesinde janlaryňyzyň gutulyşyna ýetip, aýdyp bolmaz, şöhratly begenç bilen şatlanýarsyňyz.
10 Size bolan bu merhemeti welilik edip aýdan pygamberler bu gutulyş hakda gözleg, barlag geçirdiler.
11 Olar özlerindäki Mesihiň Ruhy Mesihiň görgülerine we ondan soňky şöhratlara öňünden güwälik berende, haýsy ýa-da nähili wagty görkezýänini barladylar.
12 Ine şonda, Gökden iberilen Mukaddes Ruh arkaly Hoş Habary wagyz edýänler tarapyndan häzir size yglan edilýän zatlar bilen özlerine däl-de, size hyzmat edýändikleri olara äşgär boldy. Bu zatlara perişdeleriň nazar salasy gelýär.
13 Munuň üçin pikiriňiziň bilini guşap, hüşgär bolup, Isa Mesihiň görünmegi bilen özüňize getiriljek merhemete baş-bitin umyt baglaň.
14 Diýen ediji çagalar ýaly nadanlygyňyzdaky ozalky höwesleriňize uýman,
15 eýsem, sizi çagyranyň mukaddes bolşy ýaly, ähli edim-gylymyňyzda mukaddes boluň.
16 Sebäbi: «Mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin» diýip ýazylgydyr.
17 Ýüz görmän, her kimiň üstünden öz etmişine görä höküm çykarýany «Ata» diýip çagyrýan bolsaňyz, bu dünýädäki mysapyrlyk çagyňyzy gorky bilen geçiriň.
18 Ata-babadan galan biderek ýaşaýşyňyzdan altyn ýa kümüş ýaly pany zatlar bilen däl-de,
19 eýsem, müýnsüz, tegmiltsiz guzy ýaly, Mesihiň gymmatly gany bilen satyn alnandygyňyzy biliň.
20 Ol dünýä gurulmazyndan öň bellense-de, siziň üçin zamanlaryň ahyrynda aýan boldy.
21 Siz Ony ölümden direldip, Oňa şöhrat beren Hudaýa Ol arkaly iman edýärsiňiz, şeýle, iman hem umydyňyz Hudaýa baglydyr.
22 Ruh arkaly hakykata boýun bolmak bilen, janlaryňyzy hilesiz dogan söýgüsi üçin tämizläniňizden soň, birek-biregi ýürekden yhlas bilen söýüň.
23 Sebäbi, siz pany tohumdan däl-de, Hudaýyň diri, müdimi galýan sözi arkaly pany bolmadykdan gaýtadan doglansyňyz.
24 Çünki: «Bütin adamzat ot ýaly we ynsanyň bütin şöhraty otuň güli ýalydyr. Ot gurar, güli hem döküler.
25 Emma Rebbiň sözi ebedi galar». Size wagyz edilen söz budur.