Bap 3
Eý hatynlar, siz-de şonuň ýaly öz äriňize tabyn boluň. Şeýdip, eger käbirleri Hudaýyň sözüne boýun bolmaýan bolsa,
2 siziň gorky içindäki päk edim-gylymyňyzy görüp, öz hatynynyň ýaşaýşy arkaly gürrüňsiz Mesihe gazanylsyn.
3 Bezegiňiz saç örmek, altynlar dakynmak ýa esbaplar geýmek bilen, daşky görnüş däl-de,
4 Hudaýyň ýanynda has gymmatly bolan ýumşak, ýuwaş ruhuň bozulmaz bezegi, ýüregiň gizlin ynsany bolsun.
5 Çünki bir wagtlar Hudaýa umyt baglan mukaddes hatynlar-da, öz ärlerine tabyn bolup, özlerini şeýle bezeýärdiler.
6 Mysal üçin, Sara Ybraýyma: «Baýar» diýip boýun boldy. Siz hem hiç bir howpdan gorkman, ýagşylyk etseňiz, onuň perzentleri bolarsyňyz.
7 Eý ärler, aýallaryňyzyň özüňizden ejizdigini biliň, olary sylaň. Olar hem siz ýaly Hudaýdan ýaşaýyş sylagyny alýarlar. Dogalaryňyzyň bökdelmezligi üçin şeýle ediň.
8 Mahlasy, baryňyz pikirdeş, dertdeş, dogansöýer, rehimdar, kiçigöwünli boluň.
9 Ýamanlyga ýamanlyk, sögünje sögünç bilen gaýtargy bermän, tersine, haýyrdoga ediň; çünki siz bereketiň mirasçysy bolmak üçin muňa çagyrylansyňyz.
10 Çünki: «Kimiň ýaşaýşy söýüp, ýagşy günler göresi gelýän bolsa, dilini ýamanlykdan, dodaklaryny hileli gepden saklasyn.
11 Ýamanlykdan ýüz döndersin, ýagşylyk etsin, parahatlygy agtaryp, şonuň ugrunda gezsin.
12 Çünki Rebbiň gözleri dogrulara tarap, gulagy olaryň ýalbaryşlaryna gerlendir. Rebbiň ýüzi ýaman iş edýänlere garşydyr».
13 Ýagşylyk etmek üçin gaýrat etseňiz, size kim ýamanlyk etjek?
14 Siz dogrulyk üçin görgi görseňiz hem bagtyýarsyňyz. Olaryň gorkýan zatlaryndan gorkmaň, aljyramaň.
15 Ýöne ýüregiňizde Reb Hudaýy mukaddes ediň. Içiňizdäki umyt hakynda özüňizden hasabat soran her kese, her wagt jogap bermäge taýýar boluň.
16 Muny ýumşaklyk, saýhallylyk bilen ediň. Mesihdäki ýagşy ýaşaýşyňyzy ýamanlaýanlar erbet iş edýänler hökmünde size garşy geplänlerinde utandyrylar ýaly, ynsabyňyz päk bolsun.
17 Sebäbi Hudaýyň islegi şeýle bolsa, onda ýagşylyk edip görgi görmek ýamanlyk edip görgi görmekden gowudyr.
18 Çünki bizi Hudaýyň ýanyna eltmek üçin, ten boýunça öldürilip, ruh boýunça direlmek bilen, dogry bolan Mesih-de dogry däller ugrunda günäler üçin bir gezek öldi.
19 Ol Ruh bilen hem gidip, tussagdaky ruhlara wagyz etdi.
20 Olar bir wagtlar, Nuhuň günlerinde gämi ýasalyp ýörkä, Hudaýyň sabyrly garaşýan wagty pitneçi bolupdylar. Ol gämide bolsa az, ýagny sekiz adam suw bilen gutuldy.
21 Bu wakanyň nusgasyna görä, bedeniň kiriniň ýuwulmasy däl, eýsem, Hudaýyň huzuryna päk ynsap talaby bolan çokunmaklyk hem indi sizi Isa Mesihiň direlmegi arkaly gutarýar.
22 Ol Göge çykdy, Hudaýyň sagynda, perişdeler, hökümdarlar we gudratlar Oňa tabyn.