Ýahýanyň birinji haty

1 2 3 4 5


Bap 1

Ýaşaýyş sözi hakda ozal-başdan bar bolany, eşidenimizi, gözlerimiz bilen görüp synlanymyzy, ellerimiziň tutanyny size yglan edýäris.
2 Ýaşaýyş aýan boldy, biz ony gördük, oňa güwä geçýäris. Atada bolup, bize aýan bolan ýaşaýşy, ebedi ýaşaýşy size habar berýäris.
3 Siziň-de biziň bilen şärikçiligiňiz bolar ýaly, görenimizi, eşidenimizi size aýdýarys. Biziň şärikçiligimiz bolsa Ata we Onuň Ogly Isa Mesih bilendir.
4 Şatlygyňyz kämil bolar ýaly, şulary size ýazýarys.
5 Ondan eşiden we size yglan edýän habarymyz şudur: Hudaý nurdur, Onda hiç hili garaňkylyk ýokdur.
6 Biz Onuň bilen şärikçiligimiziň barlygyny aýdyp-da, garaňkylykda gezýän bolsak, onda ýalan sözleýändiris, hakykaty berjaý edýän däldiris.
7 Onuň nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezýän bolsak, onda biri-birimiz bilen şärikçiligimiz bardyr, Onuň Ogly Isanyň gany bizi hemme günälerden tämizleýändir.
8 Günämiz ýokdur diýsek, onda biz özümizi aldaýandyrys, bizde hakykat ýokdur.
9 Günälerimizi boýun alsak, Ol ynamdar, adyldyr. Günälerimizi öter, bizi her hili ýamanlykdan arassalar.
10 Günä eden däldiris diýsek, Ony ýalançy edýändiris, bizde Onuň sözi ýokdur.