Ýahýanyň birinji haty

1 2 3 4 5


Bap 5

Isanyň Mesihdigine iman edýän kişi Hudaýdan doglandyr. Atany söýýän kişi Ondan dogany-da söýýändir.
2 Hudaýyň balalaryny söýýändigimizi Hudaýy söýüp, Onuň buýruklaryny berjaý edişimizden bilýäris.
3 Çünki Hudaýyň söýgüsi Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir, Onuň buýruklary bolsa agyr däldir.
4 Çünki Hudaýdan dogan kişi dünýäni ýeňýändir, dünýäden üstün çykan ýeňiş biziň imanymyzdyr.
5 Isanyň Hudaýyň Ogludygyna ynanýan, dünýäni ýeňýän dälmi näme?!
6 Suw, gan arkaly gelen Isa Mesihdir. Ol diňe bir suw arkaly däl-de, suw hem gan arkaly gelendir. Şeýle, Gökde güwälik berýän üçdür: Ata, Söz we Mukaddes Ruh. Bularyň üçüsi hem birdir.
7 Güwälik berýän-de Ruhdur, çünki Ruh hakykatdyr.
8 Şeýle güwälik berýän üçdür: Ruh, suw we gan. Bularyň üçüsiniň hem güwäligi bir çykýar.
9 Biz adamlaryň güwäligini kabul edýän bolsak, Hudaýyň güwäligi ondan uludyr, çünki bu Hudaýyň Öz Ogly hakynda beren güwäligidir.
10 Hudaýyň Ogluna iman edýände Hudaýyň güwäligi bardyr. Hudaýa iman etmeýän bolsa, Ony ýalançy edendir, çünki Hudaýyň Öz Ogly hakda beren güwäligine iman eden däldir.
11 Bu güwälik bolsa şudur: Hudaý bize ebedi ýaşaýyş berdi, bu ýaşaýyş Onuň Oglundadyr.
12 Kimde Ogul bar bolsa, onda ýaşaýyş hem bardyr, kimde Hudaýyň Ogly ýok bolsa, onda ýaşaýyş hem ýokdur.
13 Men muny size ― Hudaýyň Oglunyň adyna iman edenlere ýazdym. Şeýle, siz Hudaýyň oglunyň adyna iman edenler ebedi ýaşaýşyňyzyň barlygyny biliň.
14 Biziň Onuň huzuryndaky gaýratymyz bolsa şudur: Onuň islegine görä bir zat dilesek, Ol dilegimizi eşider.
15 Onuň her dilegimizi eşidýändigini bilýän bolsak, onda Özünden dilän dilegimizi aljakdygymyzy-da bilýändiris.
16 Biri doganynyň ölüme eltmeýän günä edýänini görse, doga etmelidir, Hudaý oňa ýaşaýyş berer. Muny ölüme eltmeýän günä edýänler hakda aýdýaryn. Ölüme eltýän bir günä bardyr; men munuň üçin doga etsin diýmeýärin.
17 Her bir ýamanlyk günädir, ýöne ölüme eltmeýän günä-de bardyr.
18 Biz Hudaýdan dogan her bir kişiniň günä etmeýänini bilýäris. Hudaýdan dogan özüni saklaýandyr, iblis oňa el gatmaz.
19 Biz özümiziň Hudaýdandygymyzy, bütin dünýäniň bolsa iblisiň goly astyndadygyny bilýäris.
20 Biz hak Hudaýy tanar ýaly, Hudaýyň Oglunyň gelip, bize pähim berenini bilýäris. Biz hak Bolanda, ýagny Onuň Ogly Isa Mesihdediris. Ol hak Hudaýdyr, ebedi ýaşaýyşdyr.
21 Eý balalar, özüňizi butlardan goraň! Omyn.