Çölde

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36


Bap 25

Ysraýyllar Şitimde ýaşaýarkalar, mowaply aýallar bilen zyna etmäge başladylar.
2 Ol aýallar ysraýyllary öz hudaýlaryna hödür eden gurbanlyklaryna çagyrýardylar. Ysraýyllar olaryň gurbanlyklaryndan iýip, olaryň hudaýlaryna sežde edýärdiler.
3 Şeýdip, ysraýyllar Pegoryň Bagal butuna özlerini bagyş etdiler. Ysraýyllaryň garşysyna Rebbiň gahary geldi.
4 Onsoň Reb Musa: «Rebbiň gahar–gazaby Ysraýyldan sowlar ýaly, halkyň ähli ýolbaşçylaryny getirip, olary öldürip, Günüň astynda ser» diýdi.
5 Musa ysraýyl serdarlaryna: «Siziň her biriňiz öz adamlaryňyzyň arasynda Pegor Bagal butuna sežde edýänlere goşulan her kesi öldüriň!» diýip buýruk berdi.
6 Musa we bütin ysraýyl halky Rebbe ýüz tutulýan çadyryň işiginde aglaşyp durkalar, bir ysraýylly erkek kişi olaryň gözüniň alnynda bir midýanly aýaly öz maşgalasyna getirdi.
7 Muny gören Elgazaryň ogly, ruhany Harunyň agtygy Pinehas halkyň arasyndan çykyp, eline naýza aldy.
8 Ol ysraýyllynyň yzyndan çadyra girip, naýzany birbada olaryň ikisiniň hem – ysraýyllynyň hem, midýanly aýalyň hem garnyndan sokdy. Şol bada ysraýyl halkynyň arasyna iberilen gyrgynçylyk togtadyldy.
9 Emma gyrgynçylykdan eýýäm ýigrimi dört müň ysraýylly ölüpdi.
10 Reb Musa şeýle diýdi:
11 «Ysraýyl halkyndan Meniň gaharymy Elgazaryň ogly, ruhany Harunyň agtygy Pinehas gaýtardy, olaryň arasynda ol Maňa özüniň hakyky wepadardygyny görkezdi. Şonuň üçin men olary gabanyp, bütinleý ýok etmedim.
12 Şoňa görä hem oňa şuny aýt: „Men onuň bilen parahatçylyk ähtimi baglaşýaryn.
13 Pinehas öz Hudaýyna wepadardygyny görkezendigi we ysraýyllary günäsinden saplandygy üçin, onuň özüni we nesillerini müdimi ruhany boldurmaga äht etdim“».
14 Midýan aýaly bilen birlikde öldürilen ysraýyllynyň ady Saluwyň ogly Zimridi. Ol şimgon tire baştutanlarynyň biridi.
15 Onuň bilen bile öldürilen aýalyň ady bolsa Suruň gyzy Kozbydy. Onuň atasy Sur Midýanda tire baştutanlarynyň biridi.
16 Reb Musa şeýle diýdi:
17 «Midýanlylary indi Ysraýylyň duşmany saýyň, olary gyryň!
18 Ine, olaryň Pegorda eden işleri: olar gyz doganlary, midýanly tirebaşynyň gyzy Kozbynyň üsti bilen ysraýyllara duzak gurdular. Size hile salyp, duşman ýaly daraşdylar. Pegora gyrgynçylygyň gelmeginiň sebäpkäri bolany üçin Kozby öldürildi». ‎