Çölde

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36


Bap 36

Makyryň ogly, Manaşeniň agtygy, Ýusubyň çowlugy bolan Gilgadyň nesilleriniň urugbaşylary öňe çykyp, Musanyň, ýolbaşçylaryň we ysraýyl tireleriniň urugbaşylarynyň öňünde şeýle diýdiler:
2 «Reb ýurdy bije atyp, mülk hökmünde ysraýyllara paýlap ber diýip, agamyz Musa emr etdi. Doganymyz Selophadyň mülküni onuň gyzlaryna bermegi hem Reb agamyza buýurdy.
3 Eger Selophadyň gyzlary Ysraýylyň başga tiresinden bolanlara durmuşa çyksalar, onda olaryň mülki biziň mülkümizden aýrylyp, baran ärleriniň tiresine goşular. Şeýdip, bijede biziň mülk paýymyz kemeler.
4 Ysraýyllaryň baýram ýyly gelende bolsa, gyzlaryň mülki ärleriniň tiresiniň mülküne goşular. Şeýlelikde, olaryň mülki biziň tirämiziň mülkünden alnar».
5 Onsoň Musa Rebbiň emri boýunça ysraýyllara şeýle buýurdy: «Ýusubyň tiresiniň nesilleriniň diýýäni dogrudyr.
6 Selophadyň gyzlary hakda Reb şeýle diýdi: „Olar islän adamsyna durmuşa çykyp bilerler, ýöne olaryň barjak kişileri öz tirelerinden bolsun.
7 Ysraýyllaryň mülki bir tireden başga bir tirä geçmeli däldir. Ähli ysraýyllar öz tireleriniň mülküne eýelik etsinler.
8 Islendik ysraýyl tiresinden mülk alan gyz, öz tiresinden bolan kişä durmuşa çyksyn. Şonda her bir ysraýylly öz atalarynyň mülküne müdimilik eýelik edip biler.
9 Hiç bir mülk bir tireden başga bir tirä geçmeli däldir. Ysraýyl tireleriniň her biri öz mülküne eýelik etsin“».
10 Selophadyň gyzlary Rebbiň Musa buýruşy ýaly hem etdiler.
11 Onuň gyzlary Mahla, Tirsa, Hogla, Milka we Noga öz kakasynyň doganlarynyň ogullaryna durmuşa çykdylar.
12 Olar Ýusubyň ogly Manaşeniň nesilleriniň uruglaryndan bolan kişilere durmuşa çykdylar. Şonuň üçin olaryň mülki öz atalarynyň tiresinde galdy.
13 Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde Rebbiň Musa arkaly ysraýyllara beren parzlardyr hökümleri şulardan ybaratdy. ‎