Çölde

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36


Bap 31

Reb Musa:
2 «Ysraýyllara garşy eden işi üçin midýanlaryň jezasyny ber. Soňra amanadyňy tabşyryp, öz ata-babalaryňa gowşarsyň» diýdi.
3 Onsoň Musa gelip, halka: «Midýanlaryň garşysyna uruşmak üçin öz araňyzdan esgerler saýlaň, goý, olar Rebbe eden işi üçin midýanlaryň jezasyny bersinler.
4 Her ysraýyl tiresinden müň adamy urşa ýollaň» diýdi.
5 Şeýlelikde, ysraýyl tireleriniň hersinden müň adam, jemi on iki müň ýaragly esger ýygnandy.
6 Musa olary ruhany Elgazaryň ogly Pinehas bilen bile urşa ugratdy. Pinehas ýanyna mukaddes öýüň enjamlary bilen söweş sazyny çalar ýaly surnaýlar hem aldy.
7 Ysraýyllar Rebbiň Musa buýruşy ýaly, midýanlar bilen urşup, olaryň ähli erkek göbeklisini gyrdylar.
8 Öldürilenleriň arasynda Ewi, Rekem, Sur, Hur we Reba atly bäş sany Midýan hany-da bardy. Begor ogly Bilgamy-da ysraýyllar gylyçdan geçirdiler.
9 Onsoň ysraýyllar Midýan aýallarydyr çagalaryny ýesir alyp, midýanlaryň ähli mal-garalaryny, sürülerini we ähli zatlaryny olja aldylar.
10 Midýanlaryň ýaşan ähli galalarydyr obalaryny ýakdylar.
11 Talanyp alnan zatlary we ähli oljany, adamlardyr mallary bolsa alyp gaýtdylar.
12 Onsoň olar ýesirleri, oljalaryny we talanyp alnan zatlary Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlügindäki düşelgede bolan Musa bilen ruhany Elgazara we ysraýyl halkyna getirdiler.
13 Musa, ruhany Elgazar we bütin halkyň baştutanlary olary garşy almaga düşelgäniň daşyna çykdylar.
14 Uruşdan gaýdyp gelen goşun serkerdelerine – müňbaşylara, ýüzbaşylara Musanyň gahary geldi.
15 Musa olara: «Aýallaryň hemmesini diri galdyrdyňyzmy?» diýip ýüzlendi.
16 «Bu aýallar Bilgamyň maslahaty bilen Pegorda ysraýyllara Rebbe garşy dönüklik etdirdiler. Şonuň üçinem, Rebbiň halkynyň arasyna gyrgynçylyk aralaşdy.
17 Indi bolsa erkek göbekli ähli çagalary we erkek kişi bilen ýanaşan aýallaryň hemmesini öldüriň.
18 Emma erkek kişi bilen ýanaşmadyk ýaş gyzlaryň ählisini özüňiz üçin diri galdyryň.
19 Araňyzda kim adam öldüren ýa-da ölä galtaşan bolsa ýedi gün düşelgäniň daşynda galsyn. Üçünji we ýedinji günler özüňizi hem-de ýesirleriňizi tämizläň.
20 Bar eşikleri, deriden, geçi ýüňünden edilen her bir zady we agaçdan ýasalan gap-gaçlaryň ählisini tämizläň».
21 Ruhany Elgazar urşa gidip gelen esgerlere şeýle diýdi: «Rebbiň Musa buýran kanunynyň parzlary şulardan ybarat:
22 Altyn, kümüş, bürünç, demir, galaýy we gurşun ýaly
23 oda çydamly zatlaryň ählisini oduň içinden geçirip halallaň. Ondan başga-da, olar tämizlik suwy bilen hem halallansyn. Galan oda çydamsyz zatlar bolsa suwdan geçirilsin.
24 Ýedinji gün eşikleriňizi ýuwmalysyňyz we tämiz bolmalysyňyz. Ondan soňra düşelgä girip bilersiňiz».
25 Reb Musa şeýle diýdi:
26 «Sen, ruhany Elgazar we halkyň urugbaşylary getirilen ähli oljany, aýallary we mal-garalary hasaplaň.
27 Oljany iki bölege bölüp, bir bölegini urşa gatnaşan esgerlere, galanyny bolsa jemagata paýlaň.
28 Urşa gatnaşan esgerleriň paýyndan – ynsan, sygyr, eşek, goýun-geçiden Rebbe paç hökmünde bäş ýüzden birini aýry goýuň.
29 Esgerleriň paýyndan alyp, ony Rebbe sadaka hökmünde ruhany Elgazara beriň.
30 Ysraýyllaryň paýyndan – ynsan, sygyr, goýun, geçi, ähli mal-garalaryň elliden birini alyp, Rebbiň mukaddes çadyryny goraýan lewilere beriň».
31 Musa bilen ruhany Elgazar Rebbiň Musa buýruşy ýaly etdiler.
32 Alnan oljanyň esgerlerden artany: alty ýüz ýetmiş bäş müň goýundyr geçi,
33 ýetmiş iki müň iri mal,
34 altmyş bir müň eşek
35 we erkek bilen ýanaşmadyk otuz iki müň boý gyz.
36 Urşa gatnaşan esgerleriň paýyna üç ýüz otuz ýedi müň bäş ýüz goýundyr geçi düşdi.
37 Olardan alty ýüz ýetmiş bäş goýundyr geçi Rebbe paç hökmünde berildi.
38 Iri malyň jemi otuz alty müň bolup, olardan paç hökmünde Rebbe ýetmiş ikisi berildi.
39 Eşekleriň jemi sany otuz müň bäş ýüz bolup, olardan paç hökmünde Rebbe altmyş birisi berildi.
40 Gyzlaryň jemi sany on alty müň bolup, olardan otuz ikisi Rebbe paç hökmünde berildi.
41 Musa Rebbiň özüne buýruşy ýaly, Rebbe berlen paçlaryň hemmesini sadaka hökmünde ruhany Elgazara berdi.
42 Jemagatyň paýy hökmünde Musanyň esgerlerden aýran bölegi üç ýüz otuz ýedi müň bäş ýüz goýundyr geçiden, otuz alty müň iri maldan, otuz müň bäş ýüz eşekden we on alty müň gyzdan ybarat boldy.
47 Rebbiň özüne buýruşy ýaly, Musa ysraýyllaryň paýyndan her elli adamdan we mal-garalardan birini alyp, Rebbiň mukaddes çadyryny goraýan lewilere berdi.
48 Soňra goşun serkerdeleri – müňbaşylar, ýüzbaşylar Musanyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdiler: «Biz gullaryň ýolbaşçylyk edýän goşunymyzdaky esgerleri sanap çykdyk. Olaryň ýekejesi hem kem däl.
50 Biz öz tapan altyn şaý-seplerimizi: uly we kiçi bilezikleri, möhürli ýüzükleri, gulakhalkalary we asyklary öz günälerimizden saplanmak üçin, Rebbiň huzuryna sadaka getirdik».
51 Musa bilen ruhany Elgazar olardan ähli bezeg şaý-sepleri görnüşindäki altyny kabul edip aldylar.
52 Müňbaşylardan we ýüzbaşylardan Rebbe sadaka hökmünde hödür edilen altynyň agramy on iki put boldy.
53 Urşa gatnaşan esgerler bolsa alan oljalaryny özlerine galdyrdylar.
54 Şeýdip, Musa bilen ruhany Elgazar müňbaşylardan, ýüzbaşylardan altyny kabul edip aldylar. Ony Rebbiň ýoluna berilýän paý hökmünde ysraýyllar üçin Rebbe ýüz tutulýan çadyra getirdiler. ‎