Lukanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24


Bap 13

Şol wagt birnäçe adam gelip, Pilatusyň gurbanlaryny öz ganlaryna garan jelilelileri hakda Oňa gürrüň berdiler.
2 Isa şeýle jogap berdi: «Bu görgüleri görendikleri üçin, siz ol jelilelileri beýleki bütin jelilelilerden günäkärdir öýdýärsiňizmi?
3 Men size diýýärin: ýok! Ýöne toba etmeseňiz, siziň hemmäňiz şeýle heläk bolarsyňyz.
4 Ýa-da üstlerine Siloam minarasy ýykylyp ölen ol on sekiz adamy Iýerusalimde ýaşaýan ähli adamlardan ýazyklydyr öýdýärsiňizmi?
5 Men size diýýärin: ýok! Ýöne toba etmeseňiz, siziň hemmäňiz şolar ýaly heläk bolarsyňyz».
6 Onsoň Isa olara şu tymsaly aýtdy: «Bir adamyň bagynda bitip oturan bir injir agajy bar eken. Ol gelip, ondan miwe agtarýar, ýöne tapmaýar.
7 Bagbana: „Ine, üç ýyldyr, men gelip, bu agaçdan miwe agtarýaryn, emma tapmaýaryn. Ony kes, nämä ýeri biderek tutup otyr?" diýýär.
8 Emma bagban oňa şeýle diýýär: „Aga, oňa bu ýyl hem degme, men onuň töweregini gazyp, dökünläýin.
9 Miwe bersä oňat, bermese-de, geljek ýyl kesäýersiň"».
10 Isa Sabat güni sinagogalaryň birinde sapak berip otyrdy.
11 Ol ýerde on sekiz ýyl bäri içinde ejizlik ruhy bolan bir aýal bardy. Ol iki eplenip, asla gönelip bilmeýärdi.
12 Isa ony görende, ýanyna çagyryp, oňa: «Naçar! Sen öz ejizligiňden halas edildiň» diýdi.
13 Onsoň elini onuň üstünde goýdy welin, aýal derrew göneldi-de, Hudaýy şöhratlandyrmaga başlady.
14 Sinagoganyň başlygy Isanyň Sabat güni şypa berenine gahary geldi, halaýyga ýüzlenip: «Iş etmek üçin alty gün bardyr, şypa tapmaga Sabat güni däl-de, şol günlerde geliň» diýdi.
15 Reb hem oňa şeýle diýdi: «Ikiýüzlüler! Siziň haýsy biriňiz Sabat güni öküz ýa eşegini ahyryň başyndan çözüp, suwa ýakmaga äkitmeýär?
16 Bu bolsa Ybraýymyň on sekiz ýyllap şeýtan tarapyndan baglanan gyzy. Ol Sabat güni bu daňydan halas edilmeli dälmi?»
17 Isa bu sözleri aýdanda, Oňa garşy çykýanlaryň hemmesi utandylar, Onuň edýän dabaraly işlerine bütin halaýyk begendi.
18 Onsoň Isa şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygy nämä meňzeýär? Men ony nämä meňzedeýin?
19 Ol bir adamyň alyp, öz bagynda eken gorçisa tohumy ýalydyr. Ol ösüp, bir uly agaç boldy, gögüň guşlary şahalarynda höwürtgelediler».
20 Ýene-de şeýle diýdi: «Hudaýyň Patyşalygyny nämä meňzedeýin?
21 Ol bir aýalyň alyp, bütin hamyr turşaýança üç çanak una goşan hamyrmaýasy ýalydyr».
22 Isa Iýerusalime tarap barşyna, şäherleriň, obalaryň içinden geçip, sapak berýärdi.
23 Bir adam Oňa: «Ýa Reb! Halas boljaklar azmy?» diýdi. Isa olara şeýle diýdi:
24 Dar gapydan girmäge çalşyň, çünki size diýýärin: birentekler girjek bolar, ýöne başarmaz.
25 Öý eýesi turup, gapyny ýapanda, siz daşarda galyp: „Ýa Reb, gapyny bize aç" diýip, gapyny kakmaga durarsyňyz. Emma Ol size: „Men sizi tanamaýaryn, nireden gelendigiňizi bilmeýärin" diýip jogap berer.
26 Şonda siz şeýle diýersiňiz: „Biz Seniň öňüňde iýip-içdik, Sen biziň köçelerimizde sapak berdiň".
27 Emma Ol: „Men sizi tanamaýaryn, niredendigiňizi bilmeýärin diýip aýdýaryn ahyryn. Baryňyz ýanymdan aýrylyň, eý, nähak iş edenler" diýer.
28 Ybraýymy, Yshagy, Ýakuby we ähli pygamberleri Hudaýyň Patyşalygynda, özüňiziň bolsa daşaryk kowulanyňyzy göreniňizde, ol ýerde aglama we diş gyjama bolar.
29 Gündogardan, günbatardan, demirgazykdan, günortadan adamlar gelip, Hudaýyň Patyşalygynda saçak başynda oturarlar.
30 Ine, ilkinjiler boljak ahyrkylar bar we ahyrkylar boljak ilkinjiler bar».
31 Şol wagt käbir fariseýler gelip, Oňa: «Bu ýerden aýryl, git, Hirodes Seni öldürmek isleýär» diýdiler.
32 Isa olara şeýle diýdi: «Gidiň-de, ol tilkä aýdyň, ine, Men bu gün we ertir jynlary kowup, şypa bererin, üçünji güni işimi bitirerin.
33 Ýöne Men bu gün, ertir we birigün ýol ýöremeli. Çünki bir pygamberiň Iýerusalimden daşarda ölmegi bolup biljek zat däldir.
34 Eý Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne iberilenleri daşlaýan Iýerusalim! Bir towugyň jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem näçe gezek seniň çagalaryňy üýşürjek boldum, emma siz islemediňiz!
35 Ine, öýüňiz size haraba bolup galýar. Men size aýdýaryn: siz: „Rebbiň adyndan gelen gutly bolsun" diýene deňeç Meni görmersiňiz».