Lukanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24


Bap 23

Olaryň mejlisindäkileriň ählisi turup, Isany Pilatusyň huzuryna eltdiler-de:
2 «Biz bu Adamy milletimizi azdyrmakda ýazykly tapdyk. Ol kaýsara salgyt bermäge garşy çykyp, Özüne Mesih, ýagny bir patyşa diýýär» diýip, Ony aýyplamaga durdular.
3 Pilatus Ondan sorady: «Sen ýehudylaryň patyşasymy?» Isa jogap berdi: «Seniň aýdyşyň ýalydyr».
4 Onsoň Pilatus baş ruhanylar bilen halka: «Men bu Adamdan hiç bir ýazyk tapmadym» diýdi.
5 Emma olar hötjetlik edip: «Bu Adam Öz taglymaty bilen bütin Ýahudadaky halky öjükdirýär. Ol Jelileden başlap, şu ýere çenli geldi» diýdiler.
6 Pilatus muny eşidende: «Bu Adam jelilelimi?» diýip sorady.
7 Isanyň Hirodesiň welaýatyndandygyny bilende, Ony Hirodesiň ýanyna iberdi, çünki şol günlerde onuň özi hem Iýerusalimde bolýardy.
8 Hirodes Isany görüp, gaty begendi, çünki köp wagt bäri Ony görmek isleýärdi. Sebäbi Ol barada köp zatlar eşidipdi, Ondan bir alamat görerin diýen umydy bardy.
9 Hirodes Ondan köp soraglar etdi, emma Isa oňa hiç bir jogap bermedi.
10 Baş ruhanylar bilen kanunçylar bolsa ol ýerde durup, Ony gaty aýyplaýardylar.
11 Onsoň Hirodes esgerleri bilen birlikde Ony kemsidip, masgaralap, egnine bir nepis geýim geýdirip, yzyna, Pilatusyň ýanyna iberdi.
12 Şol gün Pilatus bilen Hirodes dost boldy; ozal aralarynda duşmançylyk bardy.
13 Pilatus baş ruhanylary, başlyklary hem halky üýşürip,
14 olara şeýle diýdi: «Siz maňa bu Adamy halky azdyrýar diýip getirdiňiz. Ine, men siziň gözüňiziň alnynda barlag geçirip, Ondan hiç bir ýazyk tapmadym.
15 Hirodes hem tapmandyr, çünki men Ony Hirodesiň ýanyna iberipdim. Siziň görşüňiz ýaly, Onuň ölüme laýyk eden hiç bir zady ýok.
16 Munuň üçin, men Ony jezalandyryp boşatjak».
17 Pilatus baýram mynasybetli halka bir adamy boşatmalydy.
18 Emma bütin halk: «Bu Adamy ýok et! Bize Barabbasy boşat!» diýip gygyryşdylar.
19 Barabbas şäherde ýüze çykan bir gozgalaňa gatnaşany we adam öldüreni üçin zyndana salnypdy.
20 Pilatus Isany boşatmak niýeti bilen ýene-de halka ýüzlendi.
21 Emma olar: «Ony haça çüýle, haça çüýle!» diýip gygyryşdylar.
22 Pilatus üçünji gezek olara: «Bu Adam näme ýaman iş etdi? Men Ondan ölüme laýyk hiç bir zat tapmadym. Munuň üçin, Ony jezalandyryp boşatjak» diýdi.
23 Emma olar seslerini gataldyp, hötjetlik bilen Onuň haça çüýlenmegini talap etdiler. Şeýlelikde, olaryň we baş ruhanylaryň sesi üstün çykdy.
24 Şunluk bilen, Pilatus olaryň islegini ýerine ýetirme kararyna geldi.
25 Olaryň islän adamyny, gozgalaň turzup, adam öldüreni üçin zyndana salnan adamy boşadyp, Isany olaryň erkine berdi.
26 Olar Isany alyp barýarkalar, düzden öwrülip gelýän kireneli Simuny tutup, Isanyň yzyndan göterip äkitsin diýip, arkasyna haç ýüklediler.
27 Halkdan uly märeke, Onuň üçin zarynlap aglaýan aýallar hem yzyna düşüp gitdiler.
28 Isa öwrülip, olara diýdi: «Eý Iýerusalim gyzlary! Meniň üçin aglaman, özüňiz, çagalaryňyz üçin aglaň.
29 Çünki, ine, „Önelgesiz aýallar, çaga dogurmadyk göwreler, çaga emdirmedik göwüsler ne bagtly!" diýiljek günler geler.
30 Şonda daglara: „Biziň üstümize ýykylyň!" Depelere: „Biziň üstümizi örtüň!" diýerler.
31 Çünki gök agaja bu zatlar edilse, onda gury agaja näme ediler?»
32 Iki jenaýatçyny hem dardan asjak bolup, Isa bilen bile alyp barýardylar.
33 Kelleçanak diýen ýere gelenlerinde Isany ýaňky jenaýatçylar bilen birlikde haça çüýlediler. Jenaýatçylaryň biri Onuň sag tarapynda, biri-de çep tarapyndady.
34 Isa: «Ata! Olary bagyşla, çünki näme edýänlerini bilmeýärler» diýdi. Onuň egin-eşigini bolsa bije atyşyp paýlaşdylar.
35 Halk Oňa bakyşyp durdy. Başlyklar hem gülüp: «Ol özgeleri halas etdi. Hudaýyň saýlan Mesihi bolsa, Özüni halas etsin» diýişýärdiler.
36 Esgerler hem ýanyna gelip, Ony masgaralaýardylar. Oňa sirke hödür edip:
37 «Ýehudylaryň patyşasy bolsaň, Özüňi halas et» diýişýärdiler.
38 Onuň depesinde bolsa grekçe, latynça we ýewreýçe «BU ADAM ÝeHUDYLARYŇ PATYŞASY» diýen ýazgy bardy.
39 Asylan jenaýatçylaryň biri Oňa sögüp: «Sen Mesih dälmi? Özüňi hem-de bizi halas et!» diýdi.
40 Beýlekisi bolsa oňa käýäp, şeýle diýdi: «Onuňky bilen bir höküme sezewar bolanyň üçin Hudaýdan gorkmaýarsyňmy?
41 Biz adalatlylyk bilen, öz etmişimize laýyk jeza aldyk. Bu Adamyň bolsa hiç bir eden etmişi ýok».
42 Onsoň: «Isa, Patyşalygyňa baryp gireniňde, meni ýatla!» diýdi.
43 Isa hem oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, sen şu gün Meniň bilen bile behiştde bolarsyň» diýdi.
44 Wagt günortana golaýdy, şondan soň üç sagatlap ýurda garaňky düşdi.
45 Gün garaldy, ybadathananyň tutusy ortarasyndan ýyrtylyp, ikä bölündi.
46 Isa gaty ses bilen gygyryp: «Eý Ata! Ruhumy Seniň eliňe berýärin!» diýdi, muny aýdandan soň jan berdi.
47 Ýüzbaşy bolan wakany görende, Hudaýy şöhratlandyryp: «Bu, hakykatdan-da, dogry Adam eken!» diýdi.
48 Bu tomaşa üçin üýşüşen halaýygyň bary bolan wakalary görüp, gursaklaryna ura-ura yzlaryna gaýtdylar.
49 Isany tanaýan adamlaryň bary, Jelileden Onuň yzyna düşüp gelen aýallar daşrakda durup, bu wakalara syn etdiler.
50 Ine, mejlis agzalaryndan Ýusup atly biri bardy. Ol gowy hem dogry adamdy.
51 Özi-de mejlisiň kararyna we işine razyçylyk bermändi. Ýahudanyň Arimatiýa şäherinden bolan bu Ýusup Hudaýyň Patyşalygyna garaşýardy.
52 Bu adam Pilatusyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini diledi.
53 Onsoň Ony aşak düşürip, kepene dolap, gaýada oýulan we şol wagta çenli hiç kimiň jaýlanmadyk mazarynda jaýlady.
54 Ol güni taýýarlyk güni bolup, sabat güni başlanmaga golaýdy.
55 Isa bilen bile Jelileden gelen aýallar hem Ýusubyň yzyna düşüp, baryp, mazary we Onuň jesediniň nähili jaýlananyny gördüler.
56 Onsoň öýlerine gaýdyp, ýakymly ysly ýag, atyrlar taýýarlap, sabat güni Hudaýyň buýrugy boýunça dynç aldylar.