Lukanyň Hoş Habary

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24


Bap 22

Pesah, ýagny Petir baýramy golaýlapdy.
2 Baş ruhanylar bilen kanunçylar Isany öldürmegiň ýoluny agtarýardylar, ýöne halkdan gorkýardylar.
3 Şeýtan Onkileriň biri bolan Iskariot diýilýän Iudanyň ýüregine girdi.
4 Iuda baş ruhanylar we serkerdeleriň ýanyna baryp, Isany nähili tabşyrjagy barada olar bilen gürrüň etdi.
5 Olar hem begenişip, oňa pul bermäge razy boldular.
6 Iuda ylalaşdy. Halk ýokka, Isany olara tabşyrmak maksady bilen, pursat peýläp gezdi.
7 Pesah gurbanynyň kesilmeli güni bolan Petir güni geldi.
8 Isa: «Gidiň-de, Pesah baýramyny geçirer ýaly, taýýarlyk görüň» diýip, Petrus bilen Ýahýany iberdi.
9 Olar: «Ony nirede taýýarlamagymyzy isleýärsiň?» diýip soradylar.
10 Olara şeýle diýdi: «Ine, şähere gireniňizde, küýze bilen suw alyp barýan bir adama sataşarsyňyz. Girjek öýüne barýança onuň yzyna düşüp gidiň-de,
11 öý eýesine baryp: „Mugallym senden şägirtlerim bilen Pesah naharyny iýer ýaly, myhman otagy nirede diýip soraýar" diýiň.
12 Ol hem size ýokarky mertebede düşek düşelgi giň bir otagy görkezer. Şol ýerde taýýarlyk görüň».
13 Olar gitdiler, ähli zady Isanyň aýdyşy ýaly tapyp, Pesah naharyny taýýarladylar.
14 Sagady gelende, Isa resullary bilen birlikde saçak başynda oturdy.
15 Olara şeýle diýdi: «Men bu Pesahy görgi görmezimden öň, siziň bilen birlikde iýmegi gaty arzuw edipdim.
16 Çünki size diýýärin: Pesahyň maksady Hudaýyň Patyşalygynda amala aşýança, Men ony gaýdyp iýmerin».
17 Bir käse alyp, şükür etdi-de, şeýle diýdi: «Muny alyň-da, özara paýlaşyň.
18 Çünki size diýýärin: Hudaýyň Patyşalygy gelýänçä, men gaýtadan üzüm şiresini içmerin».
19 Onsoň çöregi aldy-da, şükür etdi, ony döwüp, şägirtlere berip: «Bu Meniň siziň üçin berlen bedenimdir, muny Meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi.
20 Şonuň ýaly, agşamlyk naharyndan soň hem, bir käsäni alyp, şeýle diýdi: «Bu käse Meniň siziň üçin dökülen ganym bilen berkidilen Täze ähtdir.
21 Ýöne, ine, Maňa haýynlyk etjegiň eli Meniň elim bilen birlikde saçak başynda dur.
22 Ynsan Ogly öňünden bellenişi ýaly gidýär, ýöne Oňa haýynlyk edeniň gününe waý!»
23 Olar bu işi etjegiň öz aralaryndan kim bolup biljegini biri-birlerinden sorap başladylar.
24 Şunluk bilen, aralarynda haýsysynyň uly saýylmalydygy barada jedel turdy.
25 Isa olara şeýle diýdi: «Milletleriň patyşalary olara agalyk edýär, hökümdarlary özlerine haýyr ediji diýýär.
26 Emma siz beýle bolmaň. Araňyzda iň uly iň kiçi kimin bolsun, ýolbaşçylyk edýän hyzmat edýän kimin bolsun.
27 Haýsysy has uly, saçak başynda oturanmy ýa-da hyzmat edýän? Saçak başynda oturan dälmi? Ýöne Men siziň araňyzda bir hyzmat edýän kimindirin.
28 Synaglarymda Meniň bilen birlikde durnuklylyk görkezenler sizsiňiz.
29 Siz Meniň Patyşalygymda saçagymyň başynda oturyp, iýip-içer ýaly, tagtlarda oturyp, Ysraýylyň on iki taýpasynyň üstünden höküm çykarar ýaly,
30 Atamyň Maňa belleýşi kimin, Men-de size bir patyşalyk belleýärin.
31 Simun, Simun! Bugdaý kimin galbir bilen elejek bolup, şeýtan sizi diledi.
32 Emma Men imanyň kemelmesin diýip, seniň üçin doga etdim. Sen hem bir wagt öwrülip geleňde, doganlara goltgy ber».
33 Ol: «Ýa Reb! Men Seniň bilen hem zyndana düşmäge, hem-de ölüme gitmäge taýýar» diýdi.
34 Isa: «Petrus, saňa diýýärin, sen bu gün horaz gygyrmazdan öň Meni tanaýanlygyňy üç gezek inkär edersiň» diýdi.
35 Onsoň Isa olardan: «Men sizi haltasyz, torbasyz we çaryksyz ýollanymda, kem zadyňyz barmydy?» diýip sorady. Olar: «Ýokdy» diýip jogap berdiler.
36 Olara şeýle diýdi: «Indi haltaňyz bar bolsa, ýanyňyza alyň, bir torba hem alyň. Gylyjyňyz ýok bolsa, egin-eşigiňizi satyň-da, bir gylyç ediniň.
37 „Ol şer iş edýänlerden saýyldy" diýip ýazylgydyr. Men size diýýärin: bu Men barada berjaý bolmalydyr. Dogrudan-da, Men hakda ýazylanlar berjaý bolup barýar».
38 Şägirtler: «Ýa Reb! Ine, bu ýerde iki gylyç bar» diýdiler. Ol hem olara: «Şol ýeterlik» diýdi.
39 Isa çykyp, hemişekisi ýaly, Zeýtun dagyna gitdi, şägirtleri hem Onuň yzyna düşdüler.
40 Ol ýere baranlarynda, Isa olara: «Synaga düşmez ýaly, doga ediň!» diýdi.
41 Özi bolsa olardan bir daş atyma golaý aňryk çekildi-de, dyza çöküp:
42 «Eý Ata! Isleýän bolsaň, bu käsäni Menden geçir, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň bolsun» diýip, doga etmäge durdy.
43 Gökden bir perişde Isa görnüp, Ony güýçlendirdi.
44 Ol agyr ynja düşüp, gaty yhlas bilen doga etdi. Isanyň deri ýere daman gan damjalary ýalydy.
45 Dogadan soň turup, şägirtleriň ýanyna gelse, olar tukatlykdan ýaňa uklap ýatan eken.
46 Isa olara: «Näme üçin uklap ýatyrsyňyz? Synaga düşmez ýaly, turuň-da, doga ediň!» diýdi.
47 Ol entek gepläp durka, ine, bir märeke göründi. Iuda atly Onkileriň biri märekäniň öňüne düşüp gelýärdi. Iuda Isany ogşajak bolup, Onuň golaýyna geldi.
48 Isa oňa: «Iuda! Sen Ynsan Ogluna ogşuk bilen haýynlyk edýärsiňmi?» diýdi.
49 Onuň ýanyndakylar näme boljagyny görüp: «Ýa Reb! Gylyç bilen uralymy?» diýdiler.
50 Olaryň biri baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, onuň sag gulagyny kesdi.
51 Emma Isa jogap berip: «Bolýar, bes ediň!» diýdi. Onsoň hyzmatkäriň gulagyna elini degrip, ony sagaltdy.
52 Onsoň Isa Özüni ele salmaga gelen baş ruhanylara, ybadathananyň serkerdelerine, ýaşululara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Bir talaňçynyň garşysyna çykýan ýaly, gylyç hem taýak bilen geldiňizmi?
53 Men her gün siziň bilen birlikde ybadathanadakam, maňa el uzatmandyňyz, ýöne indi siziň sagadyňyz, garaňkylygyň höküm sürýän sagadydyr».
54 Isany tutup, baş ruhanynyň öýüne alyp gitdiler. Petrus hem gara görnümden olaryň yzyna düşüp gitdi.
55 Olar howlynyň ortasynda ot ýakyp, bile otyrkalar, Petrus-da olaryň arasynda oturdy.
56 Petrusyň oduň ýagtysynda oturanyny görüp, bir keniz oňa siňe seretdi-de: «Bu adam hem Onuň bilen biledi» diýdi.
57 Emma Petrus: «Men ony tanamaýaryn, aýal» diýip inkär etdi.
58 Az salymdan soň başga biri ony görüp: «Sen-de şolardan» diýdi. Emma Petrus: «Olardan däl, aga» diýdi.
59 Aradan bir sagada golaý wagt geçende, başga bir adam hötjetlik bilen: «Dogrudan-da, bu adam Onuň bilen bile bolandyr, çünki bu jelileli» diýdi.
60 Emma Petrus: «Eý aga, men seniň näme aýdýanyňy bilmeýärin» diýdi. Edil şol wagt ― Petrus gepläp durka, horaz gygyrdy.
61 Reb öwrülip, Petrusa seretdi. Petrus Rebbiň: «Horaz gygyrmazdan öň, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady.
62 Daşaryk çykyp, möňňürip aglady.
63 Isany saklap duran adamlar Ony masgaralap, urmaga başladylar.
64 Gözüni daňyp: «Welilik et! Seni uran kim?» diýip soradylar.
65 Ýene-de Oňa ençeme hapa sözler aýtdylar.
66 Daň atanda, halkyň ýaşululary, baş ruhanylar we kanunçylar ýygnanyşyp, Ony öz mejlislerine getirdiler.
67 Oňa: «Sen Mesih bolsaň, bize aýt» diýdiler. Isa olara şeýle diýdi: «Aýtsam, ynanmarsyňyz.
68 Sorasam, jogap bermersiňiz, Meni goýbermersiňiz.
69 Emma mundan beýläk Ynsan Ogly gudratly Hudaýyň sagynda oturar».
70 Hemmeler: «Onda, Sen Hudaýyň Oglumy?» diýdiler. Ol hem olara jogap berdi: «Hudaýyň Ogludygymy siz aýdyp otyrsyňyz».
71 Olar bolsa: «Bize artykmaç güwälik nämä gerek? Biz muny Onuň Öz agzyndan eşitdik» diýdiler.